Ukrainanyň harby remileri, ýurduň günortasyndaky rus güýçleriniň üpjünçiligi üçin ulanylýan strategiki köprä täze zarba urandygyny tassykladylar we başga ýerlerdäki hüjümleri güýçlendirmegi we Moskwanyň basyp alan Herson sebitini yzyna almak üçin uly basyş etmegi wada berdiler.
Moskwany goldaýan separatistler 27-nji iýulda Switlodarsk şäheriniň golaýynda kömür bilen işleýän ikinji uly elektrik stansiýasyny öz gözegçiligine alandygyny we ony Kreml bilen baglanyşykly Wagner toparynyň hakyna tutma rus güýçleriniň kömegi bilen ele geçirendiklerini aýtdylar.
Ukrain goşunynyň habaryna görä, Donetsk regionynyň gündogaryndaky ähli front liniýasynda ok atyşyk dowam edipdir we rus goşunlary Bagmut hem beýleki şäherleri nyşana alypdyr.
Iki tarapyň resmileri 26-njy iýulda Ukrainany Russiýanyň anneksiýa eden Krym ýarymadasy bilen baglanyşdyrýan Herson sebitindäki Dnepr derýasynyň esasy geçelgesi bolan Antoniwskiý köprüsine bir gijäniň dowamynda Kiýew tarapyndan zarba urlandygyny tassykladylar. Ukrain güýçeri Günbatar tarapyndan berilen uzak aralyga niýetlenýän ýaraglary ulandy. Sosial mediadaky wideolarda köpriniň golaýynda birnäçe uly partlama görkezildi.
Degişli maglumat ÝB Russiýanyň gaz akymyny azaltmagy bilen baglylykda barlyşyga geldi"Günorta" operatiw ýolbaşçylygynyň metbugat sekretary Natalýa Humenýuk: "Hawa, köprä zarba uruldy we bu takyk" diýip, ukrain telewideniýesine aýtdy.
Antoniwskiý köprüsi, Russiýanyň goşunynyň Krymdan Hersona ýük daşamagynyň öňüni almak üçin ukrain güýçleriniň uzak aralykdan zarba uran üç köprüsiniň biridir.
Şeýle-de, Humenýuk, ukrain güýçleriniň Hersonyň demirgazygynda öňe süýşendigini aýtdy.
"Ukrainanyň günortasynda garşylyklaýyn hüjüm alnyp barulýar. Rus goşuny ruhdan düşdi" -diýip, ukrain resmisi Andriýewka we Lozowe atly iki obanyň azat edilendigini hem ukrain güýçleriniň pozisiýalaryny güýçlendirendigini aýtdy.
Hersonyň Moskwa tarapdar administrasiýanyň başlygynyň orunbasary Kirill Stremousow bolan hüjümiň ähmiýetini peseltmäge çalyşdy we "bu köprüde urşuň nähili çözüljekdigi barada metbugatda ýaýran isteriýa diňe bir toslama" diýdi.
Ukrainanyň Hersondaky hüjümi maý aýynyň ahyrynda başlandy, emma şu wagta çenli uly ösüş gazanmady.
Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň Wuhlehirsk kömür elektrik stansiýasyny ele geçirendikleri baradaky habaryny garaşsyz tassyklap bolmaýandygyna garamazdan, Britaniýanyň Goranmak ministrligi 27-nji iýulda gündelik habar býulleteninde Russiýanyň “Wagner” toparynyň hakyna tutulan güýçlerine zawodyň töweregine we golaýdaky Nowoluhansk obasyna taktiki hüjümleriň başardan bolmagy "mümkin" diýip ýazdy.
Britan razwedka gullugy hakyna tutulan güýçleriň zawoda gözegçiligini tassyklamady, ýöne käbir ukrain güýçleriniň bu sebitden çekilen bolmagynyň mümkindigini agzady.
Degişli maglumat ABŞ kongresmeni Smit Ukrainanyň ýeňişi üçin uzak aralyga niýetlenen ýaraglaryň kesgitleýjidigini aýdýarBaş ştab ukrain goşunlarynyň 26-njy iýulda Donetsk we Harkow sebitlerinde frontdaky hüjümlere gaýtargy berendigini mälim etdi.
Ruslar tarapyndan atylan iki sany S-300 raketasy, 27-nji iýulda Ukrainanyň ululygy boýunça ikinji şäheri Harkowyň senagat etrabyna zarba urdy diýip, şäheriň häkimi Ihor Terehow aýtdy. Pidalar barada dessine maglumat bolmady.
Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow rus uçarlarynyň Donetskyň Zaýtsew obasynyň golaýynda ukrain harby pozisiýalaryna hüjüm edendigini aýtdy.
Şeýle hem Konaşenkow rus raketa zarbalarynyň günortadaky Mikolaýew şäheriniň golaýyndaky ukrain artilleriýa bölümine agyr zarba urandygyny aýtdy.
Emma ukrain harbylary Russiýanyň Mikolaýewde we Odesada hususy binalara we port infrastrukturasyna zarba urandygyny mälim etdi.
Bu hüjümler rus güýçleriniň Odesa eden hüjüminden birnäçe gün soň boldy. Şol hüjümler uruş zerarly petiklenen Ukrainadan galla eksportyny gaýtadan dikeltmek baradaky şertnamany şübhe astyna aldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.