Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi: Waşington Kiýewi ‘näçe gerek bolsa, şonça-da goldar'


ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi Brijet Brink (Bridget Brink)
ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçisi Brijet Brink (Bridget Brink)

Birleşen Ştatlar Ukraina Russiýanyň basybalyjy güýçlerine garşy durmak üçin harby goldawyny artdyryp, “Ukraina näçe gerek bolsa, şonça-da goldawy dowam etdirer” diýip, ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçisi Brijet Brink (Bridget Brink) belledi.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna beren interwýusynda ol ABŞ-nyň “Ukraina üçin howpsuzlyk hemaýatyny bermekde öňdäki orny eýeleýändigine” “juda buýsanýandygyny” hem nygtady.

“Munuň düzümine, şol sanda uzak aralyga niýetlenen artilleriýa toplumlary, howa hüjüminden goranyş ulgamlary, kenarýaka gorag serişdeleri, köp sanly ok-däriler, başga-da köp, köp serişdeler girýär” diýip, Brink sözüne goşdy.

Brinkiň bu baradaky bellikleri 22-nji iýulda Ak Tamyň Birleşen Ştatlaryň Ukraina üçin goşmaça $270 million howpsuzlyk hemaýatyny ýollaýandygyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi. Bu hemaýatyň düzümine orta aralyga niýetlenen raketa ulgamlary we taktiki dronlar hem girýär.

XS
SM
MD
LG