Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain urşunda ölenleriň sany köpelýär, ABŞ Kiýewe has agyr ýaraglary wada berýär


Donetsk sebitindäki ukrain esgerleri
Donetsk sebitindäki ukrain esgerleri

Rus goşunlary öten agşam Zaporižýanyň günortasynda ýerleşýän Nikopol şäheriniň ilatly ýerini topa tutup, azyndan iki parahat adamyň ölmegine we dokuz adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, Kiýew 21-nji iýulda aýtdy we ukrain goşunlarynyň şu aralykda ýurduň günortasynda we gündogarynda giren söweşlerinde ýüzden gowrak duşman esgerini öldürendigini öňe sürdi.

Şeýle-de, ukrain harbylarynyň aýtmaklaryna görä, ruslar gündogar frontuň öň hatarlaryny agyr top okuna tutdular. Mundan öň olar rus goşunlarynyň bu sebitdäki guryýer hüjümleriniň yzyna serpikdirilendigini habar beripdiler.

Bölekleýin basylyp alnan Zaporižýa sebitinde Russiýa tarapyndan bellenen administrasiýa Ukrainanyň bu ýerdäki ýadro elektrik stansiýasyna dron zarbasyny urandygyny, ýöne pilotsyz uçaryň reaktora zeper ýetirip bilmändigini aýtdy.

Bu maglumatlaryň hiç biri garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Britan harby aňtaw gullugy 21-nji iýulda rus güýçleriniň we Moskwa tarapyndan goldanýan separatistleriň gündogardaky front liniýasynda uly bolmadyk hüjüm synanyşyklaryny dowam etdirýändigini aýtdy.

Rus güýçleri Ukrainanyň kuwwaty boýunça ikinji orunda durýan elektrik stansiýasyna golaýlaýana meňzeýär, ol Donetskiň 50 km demirgazyk-gündogaryndaky Wuhlehyrskada ýerleşýär diýip, britan aňtaw gullugy Moskwanyň möhüm milli infrastruktura desgalaryny ele geçirmegi ileri tutýandygyna ünsi çekýär.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 20-nji iýulda Kremliň Ukrainadaky harby "tutumlarynyň" gerimini gündogar Donbas sebitinden has aňryk giňeldendigini we Günbatar Kiýewi ABŞ-da öndürilen HIMARS-lar, ýokary takyklygy bolan uzak aralyk ýaraglary bilen üpjün etmegini dowam etdirse, bu tutumlaryň ýene ulaljagyny aýtdy.

Goranmak sekretary Lloýd Ostin 20-nji iýulda, Lawrowyň bu aýdan sözlerinden soň Pentagonda žurnalistlere Waşingtonyň Ukraina ýene dört sany HIMARS ulgamyny iberjekdigini, Ukrainanyň ABŞ-nyň şu wagta çenli iberen HIMARS ulgamlaryndan aňrybaş derejede peýdalanandygyny aýtdy.

"Russiýa özüniň dyngysyz topa tutmagyny dowam etdirýär we bu Birinji jahan urşunyň elhençliklerini ýatladýan rehimsiz taktika bolup durýar. Şu sebäpden Ukraina bu oklaryň garşysynda durmak hem-de gaýtawul bermek üçin ýarag güýji we ok-däri gerek" diýip, Ostin sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň ýaragly güýçleri 21-nji iýulda, geçen 24 sagadyň dowamynda rus esgerleriniň 111 sanysyny öldürendigini, 17 awtoulagy ýok edendigini, olaryň käbiriniň sowutly bolandygyny aýtdy.

Merkezi aňtaw gullugynyň müdiri William Burnsiň Waşingtonda aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar Ukrainada şu wagta çenli ölenleriň sany 15 müň, ýaralananlaryň sany 45 müň çemesi adam diýip çaklaýar.

Russiýa harbylaryň arasyndaky ölüm-ýitim görkezijilerini parahatçylyk döwründe-de döwlet syry hasaplaýar we uruş wagtynda ölenleriň resmi sanyny öz wagtynda aýtmaýar.

Prezident Wolodymyr Zelenski 20-nji iýulda eden çykyşynda Ukrainanyň günbatar hyzmatdaşlaryndan howa goranyş ulgamlaryny almagyň hem üstünde işleýändigini aýtdy.

Ol bu hili ulgamlaryň berilmeginiň "esasy paýtagtlarda kabul ediljek syýasy kararlara" baglydygyny aýtdy we aýaly, birinji hanym Olena Zelenskanyň 20-nji iýulda ABŞ-nyň kanun çykaryjylaryna ýüzlenip eden çykyşynda howa goranyşy barada hem durup geçendigini belledi.

Şu aralykda, ÝB diplomatlarynyň Brýusselde geçirilen duşuşygynda Russiýa garşy girizilmeli täze sanksiýalar, şol sanda rus altynyň importyny gadagan etmek, esasy karz beriji bank bolan Sberbankyň emlägini doňdurmak barada ylalaşyga gelindi.

Emma Zelenski bu hili sanksiýalaryň ýeterlik däldigini, olaryň gowy netije bermeýändigini aýtdy.

"Parahatçylyk gözlemäge mejbur edilmegi üçin, Russiýa uruş sebäpli has agyr bahanyň agramyny duýmaly" diýip, Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

XS
SM
MD
LG