Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede Gara deňiz däne eksportyny dikeltmek baradaky şertnama gol çekiler


Otlanan galla meýdany
Otlanan galla meýdany

Ukraina, Russiýa, Türkiýe we Birleşen Milletler Guramasy 22-nji iýulda Stambulda Ukrainanyň Gara deňiz portlaryndan galla ibermek mümkinçiliklerini gaýtadan dikeltmek barada şertnama baglaşar diýip, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň edarasy aýtdy.

Geçen hepde Stambulda dört tarapyň arasynda geçirilen gepleşiklerde, Gara deňiz portlaryndan iberilýän galla ýükleriniň ýoluny açmak barada BMG-niň ýolbaşçylygynda düzülen meýilnama golaý gelnendigi habar berildi.

Erdoganyň edarasy 21-nji iýulda galla eksportyny gaýtadan başlamak baradaky gepleşikleriň dowamynda umumy ylalaşygyň gazanylandygyny we indi taraplaryň bu ylalaşygy kagyz ýüzüne geçirjekdigi aýdyldy. Şol bir wagtda, ylalaşygyň jikme-jiklikleri bada-bat belli bolmady.

Döwlet departamenti Türkiýäniň bu habaryny gutlady, ýöne ylalaşygyň durmuşa geçirilmeginde Russiýadan hasap soralmagyna üns berjekdigini aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň 21-nji iýulda Stambula barýan wagtynda BMG-nnň metbugat wekili heniz bu ylalaşygyň şertleriniň doly gepleşilmändigini aýtdy.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň ýolbaşçylygyndaky gepleşikleriň 22-nji iýulda Türkiýede dowam etdiriljekdigini aýtdy, ýöne ministrligiň metbugat wekili şertnama gol çekiljekdigini tassyklamady.

XS
SM
MD
LG