Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus çozuşy altynjy aýyna girdi, Zelenski Ukrainanyň “ýan bermejekdigini” aýdýar


Wolodymyr Zelenski Birinji hanymlaryň we jentelmenleriň ikinji sammitinde çykyş edýär. Kiýew, 23-nji iýl, 2022.
Wolodymyr Zelenski Birinji hanymlaryň we jentelmenleriň ikinji sammitinde çykyş edýär. Kiýew, 23-nji iýl, 2022.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski öz ýurdunyň Russiýa garşy alyp barýan söweşinde “ýan bermejekdigini” aýtdy. "Biz özümize degişli bolan zatlary gorarys" diýip, ol 24-nji iýulda Telegramda, Russiýanyň Ukraina giň gerimli harby hüjüme başlanyna bäş aý dolanda aýtdy. "Biz ýeňeris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Uruş Ukrainany syndyryp bilmedi we syndyrmaz" diýmek bilen, Zelenskiý halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, Ukrainanyň rus hüjümine gaýtawul bermegi hem-de Moskwany basyp alan ukrain topraklaryndan kowup çykarmagy üçin zerur ýaraglar bilen üpjün etmek baradaky çagyryşlaryny gaýtalady.

Moskwa Ukrainada “ýörite harby operasiýa” diýýýänine başlalay bäri müňlerçe ukrainaly öldürildi we millionlarça adam başga ýerlere göçürildi.

Zelenski soňky bäş aýdaky urşuň Russiýanyň öz ýurduna eden ilkinji hüjüminiň dowamydygyny, Moskwanyň Ukrainanyň deňiz boýundaky Krym sebitini anneksiýa edip, gündogar Ukrainanyň käbir ýerlerinde separatistik konfliktiň döremegine meçew berendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG