Prezident Jo Baýden bilen hem-de özüniň söweş barýan ýurduna möhüm harby hemaýatyň dowam etdirilmegi boýunça ABŞ kanun çykaryjylary bilen duşuşmak üçin Waşingtonda bolýan ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukrainada Ýewropanyň harby merkeziniň döredilmegini teklip etdi.
Zelenskiniň ýerli wagt bilen irden sagat 9:00-da ABŞ senatorlarynyň öňünde ýüzlenme bilen çykyş etmegi, hem-de Wekiller palatasynyň spikeri Maýk Jonson bilen ikiçäk duşuşmagy meýilleşdirilýär. Spikeriň respublikan kärdeşleri Ukraina üçin onlarça milliard dollar möçberindäki harby ýardamlary öz içine alýan kanun taslamasynyň öňüni petikleýärler.
Zelenski günüň ikinji ýarymynda Baýden bilen duşuşar. Iki lider, Ak tama görä, Kiýewiň rus çozuşyna garşy söweşde ýüzbe-ýüz bolýan “gyssagly zerurlyklaryny” ara alyp maslahatlaşarlar.
Zelenski ABŞ-nyň goranyş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, öz ýurdunda harby enjamlaryň we ok-därileriň önümçiligini artdyryp biljek hem-de tizligini ýokarlandyryp biljek Ýewropa goranyş merkeziniň esaslandyrylmagyny ileri sürdi. Ol bu barada Twitter diýlip bilinýän X ulgamynda 12-nji dekabrda post paýlaşdy.
“Men ABŞ goranyş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, biziň halkymyza sakçylyk etmäge we topragymyzy goramaga ýardam berýän ýaraglary öndürýän her bir amerikan işçisine öz minnetdarlygymy bildirdim” diýip, Zelenski aýtdy.
“Men, şeýle-de, Ukrainada Ýewropa goranyş merkeziniň döredilmegini teklip etdim. Biz [bu babatda] zerur bolan ähli kararlary kabul etmäge, býurokratik päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, sargytlary bermäge taýýar. Biz has köp ok-därilerini we harby tehnikalary öndürmäge taýýar, ýöne bize goldaw gerek. Artilleriýa ok-därileriniň, howa goranyş ulgamlarynyň we artilleriýa hem-de raketa sistemalarynyň bilelikdäki önümçiligini işläp düzmek möhüm bolup durýar” diýip, Zelenski aýtdy.
Zelenskiniň ABŞ sapary onuň 5-nji dekabrda ABŞ senatorlarynyň öňünde etmekçi bolan wideo ýüzlenmesini goýbolsun etmeginiň yzysüre bolup geçýär. Baýdeniň Ukrainadaky we Ysraýyldaky uruşlar üçin takmynan 106 milliard dollar möçberindäki maliýe haýyşlary boýunça çekişmeler gyzyşýar.
Baýden administrasiýasy oktýabr aýynda Kongresden diňe bir Ukraina we Ysraýyla hemaýat berilmegini däl, eýsem, serhet howpsuzlygyny hem öz içine alýan ýardam bukjasyny kabul etmegi haýyş etdi. Ýöne respublikanlaryň gözegçiligindäki Wekiller palatasy kanun taslamasynyň immigrasiýa reformalary babatynda kemter galýandygyny aýdyp, bu haýyşy ret etdi.
Zelenski 11-nji dekabrda Waşingtondaky Milli goranyş uniwersitetinde harby ýolbaşçylaryň hem-de studentleriň öňünde eden çykyşynda Ukrainanyň ABŞ hemaýatyna bil baglaýandygyny, şeýle-de Ukrainanyň ikinji ýylyna golaýlap barýan uruşda “dänmejekdigini” aýtdy.
“[Rus prezidenti Wladimir] Putin ýeňilmeli. Biz näme etmelisini bilýäris. Siz Ukraina bil baglap bilersiňiz, we biz hem edil şolar ýaly size bil baglap bilmäge umyt baglaýarys” diýip, Zelenski harby ýygnanyşyga aýtdy.
ABŞ-nyň goranmak sekretary Lloýd Ostin (Lloyd Austin) ukrain liderini tanyşdyryp eden çykyşynda Kiýewe “sarsmaz” goldaw wada berdi. Ol Kremliň 2022-nji fewralynda başlanan konfliktdäki agyr ýitgilerine garamazdan, Putiniň Ukraina garşy uruşda heniz hem ýeňşe umyt baglaýandygyny aýtdy.
“Ol özüniň jenaýatlaryna garamazdan, özüniň üzňeligine garamazdan, Putin heniz hem Ukrainadan uzak ýaşap biljekdigine, Amerikadan uzak ýaşap biljekdigine ynanýar. Ýöne ol ýalňyşýar” diýip, Ostin aýtdy. Harby liderler we studentler onuň bu sözlerine çapak çaldy.
“Amerikanyň borçnamalary ýerine ýetirilmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Baýden administrasiýasy Kiýewe berilýän ýardamlaryň dowam etdirilmeginiň zerurlygy babatynda köp sanly garşylykçy respublikanlary ynandyrmaga çalyşýar.
“Kapitol binasyndaky çözülmedik meselelerden ylham alýan bir adam bar bol, ol hem Putin we onuň gizlin ýaranlarydyr. Ukrainalylar dänmedi we dänmez hem” diýip, Zelenski aýtdy.
Ukrain prezidenti 11-nji dekabrda Waşingtonda Halkara pul gaznasynyň başlygy Kristalina Georgiewa bilen hem duşuşdy. Bu guramanyň ýerine ýetiriji geňeşi Ukrainanyň 15,6 milliard dollar möçberindäki karz bukjasyndan 900 million dollar goşmaça maliýe serişdesini goýberdi.
Söweş meýdany barada aýdylanda, rus güýçleri 12-nji dekabrda günorta Herson şäheriniň merkezini top okuna tutdy, bir adam ýaralandy diýip, şäheriň harby administrasiýasynyň başlygy Roman Mroçko özüniň Telegram kanalynda aýtdy.
“Dnepr derýasynyň wagtlaýyn basylyp alnan çep kenaryndaky rus goşunlary irden sagat 7:00 töwereklerinde Hersonyň merkezini top okuna tutdy. Bu hüjümiň netijesinde 29 ýaşly bir erkek adam ýaralandy” diýip, Mroçko aýtdy.
Biraz öň, Hersonyň sebit häkimi Oleksandr Prokudin rus goşunlarynyň soňky 24 sagadyň dowamynda sebiti 125 gezek top okuna tutandygyny aýtdy. Bulardan başga-da, Ukrainanyň Howa goranyş güýçleri 12-nji dekabrda Russiýa tarapyndan uçurylan 15 pilotsyz uçaryň dokuz sanysyny özüniň urup ýykandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum