Prezident Wolodymyr Zelenski Argentina amala aşyran saparynyň yz ýany, Ukraina dowamly hemaýat berilmegini gazanmak tagallalarynyň çäklerinde, Waşingtona barýar. Ukraina basybalyjy rus güýçleri bilen uruşda ikinji agyr gyşa taýýarlyk görýär.
ABŞ prezidenti Jo Baýden öz administrasiýasynyň Kiýewe berýän hemaýatyny ýene bir gezek nygtamak üçin Zelenskini Waşingtona çagyrdy. Kongresde söweş barýan ýurda örän zerur bolan onlarça milliard dollar möçberindäki harby we ykdysady ýardamlaryň berilmegini petikleýän respublikanlar bilen çekişme dowam edýär.
Zelenski 10-njy dekabrda özüniň Latyn Amerikasyna amala aşyran ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Argentinanyň täze prezidenti Hawier Mileiň kasam kabul ediş darasyna gatnaşdy. Zelenski bu saparyň dowamynda ösüp barýan ýurtlaryň goldawyny gazanmagy umyt etdi.
Zelenski Birleşen Ştatlarda ýardam bukjasynyň petigini açmak üçin haýyş bilen ýüzlenmäge taýýarlyk görýän mahaly, ukrain daşary işler ministri Dmytro Kuleba 11-nji dekabrda Brýussele bardy. Ýewropa Bileleşiginiň 15-nji dekabrda Brýusselde geçirýän sammitinde Kiýewiň agzalyk gepleşiklerine badalga berilmegi babatynda , hem-de 50 milliard ýewro (53,8 milliard dollar) möçberindäki ykdysady ýardamlar boýunça karar kabul ediler.
Baýden Zelenskini 12-nji dekabrda Ak tamda kabul eder diýip, Ak tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pier (Karine Jean-Pierre) aýtdy. Şeýle-de, ukrain lideri ABŞ senatorlarynyň öňünde ýüzlenme bilen çykyş eder we Wekiller palatasynyň täze spikeri Maýk Jonson bilen duşuşar.
“Russiýa Ukraina garşy raketa we dron zarbalaryny güýçlendirýän mahaly, liderler bu möhüm pursatda Birleşen Ştatlaryň dowamly hemaýatynyň ähmiýetini hem-de Ukrainanyň gyssagly zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar” diýip, Žan-Pier aýtdy.
Zelenskiniň edarasy ukrain lideriniň Waşington bilen Kiýewiň arasynda goranyş hyzmatdaşlygyna, “hususan-da ýaraglaryň we howa goranyş ulgamlarynyň öndürilmegi boýunça bilelikdäki taslamalara, şeýle-de öňümizdäki ýylda biziň ýurtlarymyzyň arasynda tagallalaryň utgaşdyrylmagyna” gönükdirilen “birnäçe duşuşyklary we maslahatlary” geçirjekdigini aýtdy.
Zelenskiniň sapary onuň 5-nji dekabrda ABŞ senatorlarynyň öňünde etmekçi bolan wideo ýüzlenmesini goýbolsun etmeginiň yzysüre bolup geçýär. Baýdeniň Ukrainadaky we Ysraýyldaky uruşlar üçin takmynan 106 milliard dollar möçberindäki maliýe haýyşlary boýunça çekişmeler gyzyşýar.
Baýden administrasiýasy oktýabr aýynda Kongresden diňe bir Ukraina hemaýat berilmegini däl, eýsem, serhet howpsuzlygyny hem öz içine alýan ýardam bukjasyny kabul etmegi haýyş etdi. Ýöne respublikanlaryň gözegçiligindäki Wekiller palatasy bu haýyşy ret etdi.
Zelenski 10-njy dekabrda özüniň Latyn Amerikasyna amala aşyran ilkinji saparynyň dowamynda öz ýurdunyň giň gerimli rus çozuşyna garşy alyp barýan söweşine hem-de “erkinlik we demokratiýa ugrundaky göreşine” berýän goldawlary üçin sebit liderlerine minnetdarlyk bildirdi.
Zelenski täze prezident Hawier Mileiň inaugurasiýa dabarasyna garnaşmak üçin Argentinada bolýan mahaly, Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine agzalygy boýunça bar bolan tapawutlylyklary aradan aýyrmak tagallalarynyň çäklerinde Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban bilen gysga duşuşyk geçirdi.
Orban, habar berilmegine görä, geçen hepde Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarl Mişele (Charles Michel) hat ýazyp, Ukrainanyň agzalygy meselesiniň öňümizdäki hepde geçiriljek ÝB sammitiniň gün tertibinden aýrylmagyny talap edipdi.
Orban rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşyklary saklap galdy we onuň milletçi hökümeti Ukraina giňe gerimli çozmagy sebäpli Russiýa garşy girizilen ÝB sanksiýalaryna garşy çykdy.
Kuleba 11-nji dekabrda Brýussele baranda, ÝB Ukrainanyň kabul edilmegi boýunça gepleşikleriň başlamagyna rugsat bermese, munuň Ukraina we ÝB üçin “weýran ediji” netijeleriniň boljakdygyny duýdurdy.
“Ýewropa Geňeşi bu karary kabul edip bilmese, munuň nähili weýran ediji netijeleriniň boljakdygyny men göz öňünde-de getirip bilmeýärin, men bu barada hatda gürrüň etmek hem islemeýärin” diýip, Kuleba duşuşygyň öňüsyrasynda aýtdy.
Kuleba Kiýewiň “heniz-de Wengriýanyň agyr beýanatlaryna düşünmäge çalyşýandygyny aýtdy. Ol Ukrainanyň Ýewropa Bileleşiginiň kabul ediş gepleşikleriniň başlanylmagy üçin talap edýän kazyýet we bilim reformalaryny durmuşa geçirendigini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
“Biz öý işlerimizi ýerine ýetirdik” diýip, Kuleba aýtdy. “Biz Ýewropa Bileleşiginiň öz öý işlerini ýerine ýetirmegine garaşýarys” diýip, ol belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum