Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 5-nji dekabrda ABŞ senatorlaryna aýtmakçy bolan ýüzlenmesini goýbolsun etdi. Jo Baýdeniň Ukrainadaky we Ysraýyldaky uruşlar üçin takmynan 106 milliard dollar möçberindäki maliýe haýyşy boýunça çekişme gyzyşýar.
Zelenskiniň dowamly amerikan harby ýardamlarynyň Ukraina berilmegi boýunça ýüzlenme bilen çykyş etmegine garaşylýardy. Ukraina söweş meýdanynda agyr gyşa taýýarlyk görýär. Rus zarbalary we top oklary asuda raýatlary öldürmegi dowam etdirýär.
Baýden administrasiýasy oktýabr aýynda Kongresden diňe bir Ukraina hemaýat berilmegini däl, eýsem, serhet howpsuzlygyny hem öz içine alýan ýardam bukjasyny kabul etmegi haýyş etdi. Ýöne respublikanlaryň gözegçiligindäki Wekiller palatasy bu haýyşy ret etdi.
Senatyň azlyk lideri Miç Makkonneliň (respublikan – Kentaki) öz egindeş respublikanlaryndan bu taslama ara alnyp maslahatlaşylanda, onuň garşysyna ses berilmegini duýdurmagynyň edil yz ýany, Zelenski öz wideo ýüzlenmesini goýbolsun etdi.
Biraz öň, 5-nji dekabrda Wekiller öýüniň sözçüsi Maýk Jonson ABŞ-nyň serhet howpsuzlygynyň “göreş” bolandygyny aýdyp, berk çykyş etdi. “Biz şony birinjilik bilen ileri tutýarys we beýleki borçnamalaryň aladasyny edýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Senatyň köplük lideri Çak Şumer (demokrat – Nýu-Ýork) Zelenskiniň Baýden administrasiýasynyň ýardamlaryň nähili möhümdigini nygtamak maksady bilen guramalaşdyran ýapyk ýygnagynda etmekçi bolan çykyşyny goýbolsun edendigini aýtdy. Ak tam 4-nji dekabrda Ukraina niýetlenen amerikan ýardamlarynyň ýylyň ahyryna çenli gutarjakdygyny duýdurdy.
Baýden administrasiýasynyň býujet meseleleri boýunça müdiri Şalanda Ýang Wekiller palatasynyň respublikan sözçüsi Maýk Jonsona iberen hatynda açyk duýduryş berip, ABŞ harby ýardamlarynyň bolmazlygynyň Ukrainanyň harby tagallalaryna “badak saljakdygyny” hem-de söweş meýdanynda Russiýanyň mümkinçiliklerini artdyrjakdygyny aýtdy.
“Onsuz hem, biziň howpsuzlyk ýardam bukjalarymyzyň göwrümi kiçeldi we ýardamlaryň gowşurylmagy has-da çäkli bolýar” diýip, Ýang ýazdy.
“Biziň ýardamlarymyz bes edilse, bu Ukraina üçin möhüm meselelere sebäp bolar. Biziň bütin dünýädäki ýaranlarymyz tagallalaryny ýygjamlaşdyrýan mahaly, ABŞ-nyň goldawy möhüm bolup durýar we başgalar tarapyndan onuň öwezini dolup bolmaýar” diýip, ol aýtdy.
Bu aralykda, golland daşary işler ministri Hanke Bruins Slot 5-nji dekabrda Kiýewde Gollandiýanyň Ukraina berýän ýardamlaryny artdyrandygyny aýdyp, bu ýurduň 2024-nji ýylda Ukrainany goldamak üçin 2,5 milliard ýewro ($2.7 milliard) möçberinde hemaýat berjekdigini yglan etdi.
Bruins Slot öz ýurdunyň noýabr aýynda F-16 söweş uçarlary boýunça Rumyniýada türgenleşik merkezini açandygyny hem-de Ukrainanyň mümkin boldugyndan gysga wagtyň içinde söweş uçarlaryndan peýdalanmagy ugrunda öz ýurdunyň Birleşen Ştatlary, Daniýa we beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.
Bu aralykda, ukrain güýçleri Awdiýewka senagat şäheriniň töwereginde rus goşunlaryna garşy ýakyn aralyk söweşlerine gatnaşýar. Rus güýçleri birnäçe hepde bäri, gündogar Donetsk sebitinde ukrain garşylygynyň simwolyna öwrülen şäheriň daşyny gabamaga synanyşýar.
Ukrain goşunlary Awdiýewka sebitinde 23 rus hüjümini serpikdirdi diýip, Ukrainanyň Baş ştaby 5-nji dekabrda agşam beren hasabatynda aýtdy.
Hasabat günüň dowamynda frontda 70 söweş çaknyşygynyň bolup geçendigini aýtdy. Hasabata görä, ukrain goşuny rus goşunlarynyň Kupýansk ugry boýunça bäş, Lyman sebitinde 13, Bahmut sebitinde dokuz we Awdiýewka sebitinde 23 hüjümini yza serpikdirdi.
Ukrain güýçleri Maryinkada we Donetsk sebitiniň golaýdaky etraplarynda rus güýçlerine garşy durmagy dowam etdirýär, duşman ol ýerlerde 13 hüjüm amala aşyrdy, awiasiýa ýardamlaryndan peýdalandy diýip, hasabat aýtdy.
Ukrainanyň Harby howa güýçleri Gara deňziň üstünde rus bomba uçaryny urup ýykandygyny we rus gözleg-halas ediş uçarynyň urlup ýykylan uçar boýunça gözleg işlerini alyp barýandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum