Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda Garagalpagystanyň ýene iki ýaşaýjysynyň azatlygy çäklendirildi


Özbegistanyň günbataryndaky Garagalpagystanda bolan protest. 2022-nji ýylyň 3-nji iýulynda sosial ulgamlardan alnan wideonyň skrinşoty
Özbegistanyň günbataryndaky Garagalpagystanda bolan protest. 2022-nji ýylyň 3-nji iýulynda sosial ulgamlardan alnan wideonyň skrinşoty

Özbegistanyň kazyýetleri Garagalpagystanyň iki ýaşaýjysyna dini ekstremizm, separatizm we fundamentalizm ideýalaryny öz içine alýan internet materiallaryny ýaýradandyklary üçin (244.1-nji maddanyň 3-nji böleginiň "g" bendi) jeza hökümlerini çykardy diýip, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy habar berdi.

Çimbaý etrabynyň ýaşaýjysy, 30 ýaşly Aýbek Žoldasbaýew 29-njy oktýabrda üç ýyl azatlyk çäklendirmesine höküm edildi. Oňa internet ulanmak, agşam sagat 10:00 bilen irden sagat 6:00 aralygynda öýünden çykmak we ýaşaýan ýerini üýtgetmek gadagan edildi. Kazyýet onuň onuň jübi telefonyny hem elinden aldy.

Derňewiň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň iýul aýynyň başynda bolan wakalar wagtynda, Žoldasbaýew Almaty şäherindäki gurluşyk meýdançasynda işlemek bilen, sosial mediada Özbegistan hökümetiniň syýasaty barada negatiw pikirlerini aýdypdyr, raýatlary "bikanun" ýygnanyşyk geçirmäge çagyrypdyr we, hamala, separatistik pikirleri öz içine alýan maglumatlary ýaýradypdyr. Hökümde onuň iki sözüne salgylanylýar. Olaryň birinde şeýle diýilýär: "Biz Garagalpagystanyň azat bolmagyny isleýäris".

Ikinji aýyplanýan, Tahtakupir etrabynyň ýaşaýjysy, 32 ýaşly Aziz Kalimbetow 11-nji noýabrda üç ýyl azatlyk çäklendirmesine höküm edildi. Derňewçileriň sözlerine görä, ol hökümetiň syýasatyndan nägileligini bildirip, sosial mediada wideolary we suratlary ýerleşdirip, "bölüji ideologiýany" öz içine alýan, şeýle-de "Dauletmurat Tajimuratowy öwmäge we şöhratlandyrmaga" gönükdirilen teswirleri çap edipdir. (Derňewçiler tarapyndan Garagalpagystandaky protestleriň esasy guramaçysy hasaplanýan aktiwist we žurnalist Tajimuratow 2023-nji ýylyň ýanwarynda 16 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.)

XS
SM
MD
LG