Prezident Wolodymyr Zelenski Norwegiýanyň premýer-ministri Ýonas Gaar Stora (Jonas Gahr Stoere) we beýleki Demirgazyk ýewropa ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşyp, Ukrainanyň mundan-da beýläk goldanylmagy babatynda gepleşikleri geçirmek üçin Oslo şäherine sapar edýär. Ukrainanyň rus çozuşyna garşy alyp barýan urşy ýakyn wagtda üçünji ýylyna gadam basar.
Şeýle-de, Zelenski Ukrainanyň iň esasy hemaýatkärleriniň hatarynda bolan Demirgazyk ýewropanyň bäş ýurdunyň – Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Islandiýanyň, Norwegiýanyň we Şwesiýanyň – liderleriniň geçirýän sammitine-de gatnaşar.
Zelenskiniň Oslo sapary Russiýanyň 13-nji dekabrda irden Kiýewe garşy ýene bir raketa hüjümini amala aşyryp, onlarça adamy, şol sanda çagalary ýaralaýan wagtynda bolup geçýär.
Ukrain lideri özüniň söweş barýan ýurduna ABŞ harby ýardamlarynyň berilmeginiň dowam etdirilmegini gazanmak üçin Waşingtona sapar edip, ABŞ prezidenti Jo Baýden bilen hem-de amerikan kanun çykaryjylary bilen geçiren duşuşyklaryndan soňra Norwegiýa bardy.
Zelenski Osloda wagtynda Kýewe edilen soňky hüjüm ýaly howa zarbalaryny yzyna serpikdirmek maksady bilen Ukrainanyň howa goranyş ulgamlarynyň sanyny artdyrmak boýunça özüniň hem-de Baýdeniň tagalla etjekdigini Telegramda ýazdy.
“On sany ballistik raketa. Ählisi urlup ýykyldy” diýip, Zelenski Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan urlup ýykylan raketalaryň sanyna salgylanyp, Telegramda ýazdy.
“Edil düýn prezident Baýden we men Ukrainada howa goranyş ulgamlarynyň sanyny artdyrmak ugrunda tagalla etmek babatynda ylalaşdyk. Terrorçy ýurt (Russiýa) bu kararyň nähili möhümdigini görkezdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
“Biz özümiziň goranyş kuwwatymyzy ösdürmek ugrunda tagalla etmegi dowam etdireris. Bizde eýýäm täze, güýçli şertnamalar bar” diýip, ol ýazdy.
Bu aralykda, Stora öz beren beýanatynda özüniň hem-de Zelenskiniň Ukraina üçin norweg goldawyny güýçlendirmegi ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.
“Men Wolodymyr Zelenskini Norwegiýada kabul etmek mümkinçiligine eýe bolanyma şatdyryn. Men konstruktiw gepleşiklerimize sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Norwegiýa Ukrainanyň özüni goramak ugrundaky söweşini goldamagyny dowam etdirer. Biz Ukrainanyň erkinlik we demokratiýa ugrundaky göreşinde Ukrainany maksatly we uzak möhletleýin ýardamlar bilen üpjün edýäris. Ukrainanyň tagallalary Norwegiýada erkinligiň we howpsuzlygyň goralyp saklanylmagynda hem möhümdir” diýip, Stora sitirlenýär.
Zelenski 13-nji dekabrda Demirgazyk ýewropa ýurtlarynyň sammitinde Stora bilen bir hatarda Finlýandiýanyň prezidenti Sauli Niinisto, Islandiýanyň premýer-ministri Katrin Ýakobsdottir (Katrín Jakobsdottir), Daniýanyň premýer-ministr Mette Frederiksen we Şwesiýanyň premýer-ministri Ulf Kristersson bilen hem duşuşar. Soňra alty lider metbugat konferensiýasyny geçirerler diýip, norweg hökümeti mälim etdi.
Baýden we Zelenski 12-nji dekabrda iki ýurduň arasyndaky ýaranlygy güýçlendirmek tagallalarynyň çäklerinde, öz aralarynda ysnyşykly gatnaşyklary görkezdiler. Ýogsa Baýden, Kiýewiň rus çozuşyna garşy alyp barýan urşuna berilýän ýardamlaryň dowam etdirilmeginiň zerurlygy babatynda garşylykçy respublikanlary ynandyrmaga çalyşýar.
Baýden Zelenski bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Russiýanyň Ukrainany kartadan pozup bilmändigini aýtdy. Ol Kiýewiň Moskwanyň giň gerimli çozuşyna garşy saklanyp bilmekliginiň özüniň eýýäm “ýeňiş” bolandygyny aýtdy.
Baýden Kongresi Ukraina niýetlenen milliardlarça dollar möçberindäki goşmaça ýardamlary öz içine alýan goşmaça býujet kanun taslamasyny kabul etmäge çagyrdy we munuň Kiýewiň uruşda ahyrky ýeňşi gazanmagynyň üpjün edilmeginde iň gowy usul bolandygyny aýtdy.
Zelenski rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina garşy uruşda hiç hili ýeňiş gazanmandygyny aýtdy. Ol Ukrainanyň islendik territoriýasynyň berilmegini talap etjek islendik parahatçylyk ylalaşygynyň “telbelik” boljakdygyny aýtdy.
Zelenski Baýdene Ukrainanyň söweşijileriniň “Ukrainanyň ýeňşiň hötdesinden gelip biljekdigini her gün subut edýändiklerini” aýtdy. Ýöne käbir tankytçylar Kiýewiň goşunlarynyň “haýal ilerleýändigini” aýdýarlar.
Şeýle-de, Zelenski ABŞ senatorlary bilen duşuşdy we Wekiller palatasynyň spikeri Maýk Jonson bilen ikiçäk gepleşik geçirdi. Spikeriň respublikan kärdeşleri Ukraina üçin onlarça milliard dollar möçberindäki harby ýardamlary öz içine alýan kanun taslamasynyň öňüni baglaýarlar.
Duşuşygyň yz ýany, Jonson Ukraina ýardamlarynyň ilerledilmegi babatyndaky garşylygyny saklap galdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum