Prezident Wolodymyr Zelenski 16-njy ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos gyşky kurort şäherçesinde NATO-nyň başlygy Ýens Stoltenberg bilen geçiren gepleşiklerinde Ukrainanyň howa goranyş kuwwatyny güýçlendirmekdäki zerurlyklaryny maslahat etdi. Kiýew ikinji ýyl dönümine golaýlaýan giň gerimli rus çozuşyny yza serpikdirmek üçin, dowamly halkara goldawynyň berilmegini isleýär.
Ukraina ýylyň başyndan bäri adaty bolmadyk gerimde alnyp barlan rus howa zarbalaryna sezewar edildi. Bu zarbalar ok-däri we tehnika ätiýaçlyklary azalyp barýan Ukrainanyň howa goranyşyny agyr basyş astynda goýdy.
“Men baş sekretara Russiýanyň soňky agyr howa zarbalary barada habar berdim we Ukrainanyň howa goranyşyny mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtadym. Biz beýleki goranmak zerurlyklary barada hem gepleşdik” diýip, Zelenski öň Twitter diýlip tanalan X ulgamynda ýazdy.
Zelenski özüniň Stoltenberg bilen iýul aýynda Waşingtonda geçiriljek möhüm NATO sammitine görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
“Men Ukrainanyň Ýaranlyga agzalygyny golaý getirjek kararlara garaşýandygyny nygtadym” diýip, Zelenski ýazdy.
Öňki ýyllaryň Dawos ýygnanyşyklarynda wideo aragatnaşyk arkaly söz sözlän Zelenski Sweýsariýanyň gyşky kurort şäherçesinde geçirilýän Bütindünýä ykdysady forumynda günüň ikinji ýarymynda çykyş eder.
Zelenskiniň çykyşynyň öň ýany, Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen Dawosa gatnaşyjylara ýüzlenip, Ukraina uruşda “üstün çykyp biler”, ýöne “biz olaryň garşylygyny berkitmegi dowam etdirmeli” diýdi.
“Ukrainalylar 2024-nji ýylda we ondan soňky döwürde öňünden çaklap boljak maliýeleşdirmelere mätäç. Olara Ukrainany goramak üçin, hem-de özleriniň hukugy bolan territoriýany yzyna gaýtaryp almak üçin, ýeterlik hem-de dowamly ýarag üpjünçiligi zerur bolup durýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrain lideri käbir Ýewropa paýtagtlaryndaky we Kiýewiň esasy ýarany bolan Birleşen Ştatlardaky uruş ýadawlygynyň arasynda, özüniň uruşdan ejir çekýän ýurduna goldaw sorap, soňky wagtlarda birnäçe daşary ýurt saparlaryny amala aşyrdy.
Ukrainanyň goranmak we ykdysady durnuklylygyny güýçlendirmek maksady bilen, Zelenskiniň Dawosda başga-da birnäçe dünýä liderleri bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär, şeýle-de onuň Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bilen hem-de uly biznesleriň liderleri bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.
Zelenski 15-nji ýanwarda Berne barandan soňra, Şweýsariýanyň prezidenti Wiola Amherd bilen gepleşikleri geçirdi.
Ol gepleşikleriň yz ýany, ukrain wekilleriniň Şweýsariýada global parahatçylyk sammitini geçirmek ugrunda taýýarlyklara badalga berendiklerini aýtdy.
Bu sammit “şu wagta çenli gazanylan ähli zatlary” nazarda tutmalydyr we ol, urşuň soňunyň halkara hukugynyň çäklerinde “adatdan daşary adalatly bolmagyny” kesgitlemelidir diýip, Zelenski Amherd bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy.
Ne Zelenski, ne-de Amherd Şweýsariýa sammitiniň haçan we nirede geçiriljekdigi barada jikme-jiklik berdi.
Şweýsariýa Zelenskiniň haýyşy boýunça bu sammiti geçirmäge razy boldy diýip, şweýsar hökümetiniň bir çeşmesi aýtdy we jikme-jiklikleriň üstünde işlenilýändigini belläp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Zelenski meýilnamalaryň parahatçylyk sammitinde “biziň özygtyýarlylygymyza we territorial bitewiligimize hormat goýýan ähli ýurtlara” wekilçilik edilmegine çagyrmalydygyny aýtdy.
“Tutuş dünýäniň Russiýanyň agressiýasyna garşydygyny we tutuş dünýäniň adalatly parahatçylyk isleýändigini görkezmek möhümdir” diýip, ol aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum