Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina kömek meselesinde 'B planynyň ýokdugyny', Howa goranyşyndaky oklaryň azalýandygyny aýdýar 


Günbataryň Ukrainanyň ýadawlyga barada edýän gürrüňlerine we Kiýewiň howa goragy üçin zerur bolan ok-därileriniň azalýandygyna garamazdan, Ukraina Russiýanyň 20 aýlyk çozuşyna garşy durmak üçin berilýän halkara kömeginden umydyny üzmeýändigini, bu ýerde "B planynyň” ýokdugyny aýtdy we transatlantik howpsuzlygyna harby hem-de beýleki kömek “maýalarynyň” ýatyrylmagyna çagyrdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba CNN telekanalyna beren interwýusynda ABŞ kanun çykaryjylarynyň göz öňünde tutulan milliardlarça dollarlyk kömegi bermekden şu wagta çenli ýüz öwürmegi barada berlen soraga "Bizde B meýilnamasy ýok. Biz A meýilnamasyna ynanýarys" diýip jogap berdi.

"Ukraina hemişe özüne berlen serişdeler bilen söweşer. Onsoňam... Ukraina berlen zatlar haýyr-sahawat üçin berlen zat däl. Bu NATO-ny goramak we amerikan halkynyň abadançylygyny goramak üçin ýatyrylan sermaýa bolup durýar" diýip, ol aýtdy.

Bu sözler Ukrainanyň bilelikdäki güýçleriniň serkerdesiniň duýduryşyna gabat geldi. Serhiý Naýew, Russiýa ukrain şäherlerini we beýleki nyşanalaryny yzly-yzyna iki gezek agyr bombalanyndan soň, öz ýurdunyň basym, häzirki wagtda bar bolan howa goranyş oklary azalan ýagdaýynda, bu hili hüjümlere garşy durmagynyň kyn boljakdygyny aýtdy.

"Mobil howa goranyş toparlary üçin göçme howa goragy ulgamlarynyň häzirki ýagdaýy barada aýdylanda, ýene birnäçe güýçli hüjüme garşy durmak üçin ýeterlik ok-däri bar" diýip, Naýew AFP, ýagny Frans Pres habar gullugyna aýtdy.

Russiýa yzly-yzyna, 29-njy dekabrda we 2-nji ýanwarda, sesden ýüwrük diýilýän raketalary we beýleki ýaraglary, dron hüjümlerini ulanyp, Ukrainada 40-dan gowrak adamyň ölmegine, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ABŞ we Günbatar howpsuzlygy üçin, Sowet Soýuzy dargaly bäri geçen üç onýyllykdan soň barha beter agressiw häsiýete eýe bolýan Russiýa garşy söweşde Ukraina berilýän kömegi dowam etdirmegiň örän zerur bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet departamenti 3-nji ýanwarda Waşingtonyň we ýewropaly resmileriň Kiýewiň, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň wada beren doly ýeňşine däl-de, urşy tamamlamaga gönükdirilen gepleşiklere esaslanýan täze strategiýany kabul etmegini isleýändigi barada aýdylýanlaryň “dogry däldigini” aýtdy.

Ukrain goşunlarynyň serkerdesi, general Waleriý Zalužniý 1-nji noýabrda "The Economist" gazeti bilen eden söhbetdeşliginde "tehnologiýa derejesi" Russiýa bilen konflikti "petik ýagdaýyna saldy" diýeninden soň, basyş güýçlendi.

Zelenski bu gürrüňe "Biz hiç hili petik ýagdaýyna ýol berip bilmeris" diýip jogap berdi we onuň aýdan sözleri uruş döwrüniň prezidenti bilen onuň generallarynyň arasynda dörän düşünişmezlikleriň barha köpelýändigi baradaky çaklamalaryň orta atylmagyna sebäp boldy.

Ýewropa liderleriniň käbiri Ukraina berilýän kömegi güýçlendirmek tagallalaryny etmek wadasyny berdi, emma ABŞ-daky petik we Ysraýylyň Gaza zolagynda Birleşen Ştatlar we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas bilen alyp barýan urşy ileri tutulýan ugurlardaky üýtgeşiklik ähtimallygyny ýüze çykardy.

Daşary işler ministri Kuleba 3-nji ýanwarda CNN telekanalynyň soraglaryna jogap berende, Ysraýylyň Gazadaky konflikti bilen baglylykda, Ukrainanyň "üns söweşine” düşendigi barada aýdylýanlary ret etdi we "Her bir uruş, nirede bolsa-da, kesgitlemesi boýunça betbagtçylyk bolup durýar" diýdi.

Kuleba köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we žurnalistleriň berýän ünsüne salgylandy, ýöne "Resmilere, öz hyzmatdaşlarymyz bilen alyp barýan gepleşiklerimize gezek gelende hem, biz hiç hili ünssüzligi duýmaýarys" diýip, ukrain ministri aýtdy.

Ol Ukrainanyň ýadawlygy diýilýäniň ABŞ-nyň we beýleki ýaranlaryň öz ýurduna harby we beýleki kömekleri bermekde edýän tagallalaryny gowşatmak, kynlaşdyrmak ýa-da soňlamak ähtimallygy baradaky gorky-howatyrlary hem kän alga almady.

"Bize bärden, Kiýewden görnüşine görä, çekişmeler Birleşen Ştatlaryň içerki, serhet meselesine degişli we biz, şu sebäpden, Ukraina berilýän goldaw beýle bir sorag astyna alynýandyr öýtmeýäris” diýip, Kuleba sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol Russiýanyň ýakynda eden giň gerimli raketa we pilotsyz uçar hüjümlerini "duýduryş” diýip atlandyrdy, ýagny olaryň dünýäniň bu künjeginde bolup geçýän görlüp-eşidilmedik hadysa, bu urşuň doňdurylmandygy, urşuň ýatdan çykarylmandygy we kömegiň mümkin boldugyça çalt, gysga wagtda berilmelidigi barada ýatlatma” bolandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG