Russiýa 8-nji ýanwarda ukrain sebitlerinde raketa zarbalarynyň agyr tolkunyny amala aşyryp, azyndan dört adamy öldürdi, 40 adam şikes aldy, raýat insfrastrukturalaryna we ykdysady desgalara zeper ýetirdi diýip, ukrain resmileri we harbylary aýtdy. Ýurduň köp böleginde, şol sanda paýtagt Kiýewde howa hüjüm duýduryşlary yglan edildi.
Harkow, Dnipropetrowsk, Kriwy Rih, Hmelnitskiý we Zaporižýa sebitlerinde birnäçe partlama habar berildi.
Hmelnitskiý sebitinde iki adam öldürildi. Sebitiň döwlet administrasiýasy bu sebitde bolup geçen alty sany partlamada infrastruktura desgalaryna hem zyýan ýetendigini Telegram arkaly habar berdi.
Kriwiy Rihiň sebit häkimi bu sebitde rus raketalary tarapyndan azyndan bir aýalyň öldürilendigini aýtdy. Goranmak geňeşiniň başlygy Oleksandr Wilkul şäheriň agyr howa hüjümi astyndadygyny aýtdy.
Ýerli Telegram kanallary Kriwy Rihdäki “Sunny galereýa” söwda merkeziniň binasyna bir raketanyň zarba urandygyny, agyr zyýan ýetirendigini aýtdylar.
Harkowyň sebit häkimi Oleh Synýehubow rus raketalarynyň Zmiyw şäherinde 63 ýaşly bir aýaly öldürendigini aýtdy.
Synýehubow azyndan dört raketanyň Ukrainanyň ikinji iň iri şäheri bolan Harkowa zarba urup, bir senagat kärhanasyna hem-de bir bilim edarasyna zyýan ýetirendigini aýtdy. Iki adam şikeslendi, başga-da iki adam heniz hem harabaçylygyň astynda galýar diýip, Synýehubow aýtdy.
Häkim Ýuriý Malaşko Zaporižýa sebitinde bolup geçen bäş partlama barada habar berdi, hem-de ýaşaýyş sebitlerine-de zyýan ýetiren hüjümlerde azyndan iki adamyň ýaradar bolandygyny aýtdy.
Dnipropetrowsk sebitiniň Nowomoskowsk şäherinde içi ýolagçyly bir köpçülik ulag serişdesi, minibus partlama tolkuny bilen agdaryldy. Üç sany administratiw bina, iki ýangyç bekedi we bir sany bäş gatly ýaşaýyş jaýy zyýan çekdi diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak aýtdy.
Jemi 24 adam, şol sanda bäş çaga şikeslendi, olaryň ählisi keselhana äkidildi we aram ýagdaýda diýip, Lysak aýtdy.
Günorta Odesa sebitiniň häkimi Oleh Kiper bu sebitiň üstünde ýedi sany pilotsyz uçaryň urlup ýykylandygyny habar berdi, zyýan çekme ýa-da şikeslenme bolmady.
Ukrain goşuny özüniň howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň jemi 18 sany ganatly raketany we sekiz sany Eýranda ýasalan dronlary urup ýykandygyny aýtdy.
Howa güýçleriniň metbugat sekretary Ýuriý Ihnat ukrain telewideniýesinde urup ýykmalaryň derejesiniň adatdakysyndan pes bolmagyny rus ganatly raketalarynyň sanynyň köp bolmagy bilen hem-de ABŞ-nyň “Patriot” ulgamlary ýaly ösen howa goranyş ulgamlarynyň ýetmezçiliginde olary urup ýykmagyň has kynlaşmagy bilen düşündirdi.
“Olar köp sanly ballistik raketalardan peýdalandy we bu hili nyşanalary diňe “Patriot” ýaly ulgamlar bilen ýykyp bolýar” diýip, Ihnat aýtdy.
Bu aralykda, Russiýanyň Ukraina bilen araçäkleşýän Belgorod sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow Ukraina tarapyndan serhediň aňry çetinden amala aşyrylan zarbalardan soňra, 300 çemesi ýaşaýjynyň Belgorod şäherinden meýletin ewakuasiýa edilendigini aýtdy.
“300 töweregi Belgorod ýaşaýjysy häzirki wagtda [Belgorod sebitiniň] Stary Oskol, Gubin we Koroçanskiy etraplaryndaky wagtlaýyn ýaşaýyş merkezlerinde” diýip, Gladkow Telegramda ýazdy.
Belgorodyň sebit häkimiýetleri 30-njy dekabrda şähere edilen ukrain zarbalarynyň 25 adamy öldürendigini aýtdy. Bu ukrain hüjümi 29-njy dekabrda onlarça ukrainalyny öldüren agyr rus zarbalaryna gaýtawul boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum