Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainadaky alyp barýan urşy babatynda yza çekilmek alamatlaryny görkezmän, öňde goýlan maksatlaryň saklanýandygyny we parahatçylygyň olar durmuşa geçirilende ornaşjakdygyny aýtdy. Ol bu barada 14-nji dekabrda geçirilen ýyllyk metbugat ýygnagynyň dowamynda aýtdy.
Geçen hepde martdaky prezident saýlawlarynda bäşinji möhlete dalaş etjekdigini yglan eden Putin, žurnalistleriň, jemgyýetçiligiň we hatda harbylaryň soraglaryna beren jogabynda, Russiýanyň esasy maksatlarynyň Ukrainanyň “de-nasifikasiýa edilmeginden” we “harbysyzlaşdyrylmagyndan”, hem-de onuň bitaraplygyny gazanmakdan ybarat bolup galýandygyny aýtdy.
“Biz maksatlarymyza ýetenimizde, parahatçylyk bolar” diýip, 71 ýaşly Putin uruş barada aýtdy. Hökümet Ukrainadaky urşuň “ýörite harby operasiýa” atlandyrylmagyny kanuny talap hökmünde girizipdi.
“Harbysyzlaşdyrmak barada aýdylanda, olar (ukrainalylar) ylalaşyga gelmek islemeýän bolsalar, onda biz başga çäreleri görmäge, şol sanda harby çärelere mejbur bolýarys... Biz ýa [Ukrainanyň goşunynyň harby kuwwaty we göwrümi boýunça] belli parametrler babatynda ylalaşarys, ýa-da biz muny güýç bilen çözeris. Biz şu ugurda tagallar ederis” diýip, Putin aýtdy.
Putin 2022-nji ýylyň fewralynda giň gerimli çozuş başlanaly bäri, bu operasiýanyň maksadynyň Ukrainanyň “harbysyzlaşdyrylmagyndan we de-nasifikasiýa edilmeginden” ybarat bolandygyny aýdyp gelýär. Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň ýewreý bolandygyna we Holokostda dogan-garyndaşlaryny ýitirendigine garamazdan, Kreml resmileri Kiýewdäki hökümetiň Nazilere duýgudaşlyk bildirýän adamlar tarapyndan dolandyrylýandygyny ýalňyşlyk bilen öňe sürüp, şeýle adalgalary ulanyp gelýär.
Putin 8-nji dekabrda Kremlde geçirilen we Ukrainada söweşen esgerleri Russiýanyň iň ýokary harby sylagy, Russiýanyň “Altyn ýyldyz gahrymany” bilen sylaglamak dabarasynyň yzýany, saýlawlarda gaýtadan dalaş edýändigini yglan etdi. Bu bildirişe köpden bäri garaşylýardy.
Ne azat ne-de adalatly geçirilýän rus saýlawlary Kreml tarapyndan berk gözegçilikde saklanylýar we hökümet saýlawlara kanunylyk duýgusyny gazanmagyň guraly hökmünde garaýar. Oppozisiýa dalaşgärleriniň saýlawlardan çetledilmegi, saýlawçylaryň gorkuzylmagy, saýlaw gutularynyň doldurylmagy we beýleki manipulýasiýa çäreleri saýlawlara kölege salýar.
Putin 2020-nji ýylda kabul edilen konstitusion üýtgetmeler bilen öňümizdäki iki prezident saýlawlarynda dalaş etmek hukugyna eýe boldy. Bu üýtgetmeler onuň 2036-njy ýyla çenli iş başynda galmak mümkinçiligine ýol açdy.
Ol 1999-njy ýyldan bäri prezident ýa-da premýer-ministr wezipelerini eýeläp, özüniň iş başyndaky her bir täze möhletinde demokratik kadalary we azatlyklary has-da çäklendirmek bilen boldy. Putin nobatdaky prezidentlik möhletiniň soňuna çenli iş başynda galsa, Iosif Staliniň 30 ýyl çemesi bolan häkimiýet möhletinden hem ozup, Ýekaterina II-den (1762-1796) soň Russiýada iň uzak möhlete iş başynda galan lider bolar.
Ol saýlawlarda hiç hili päsgelçilige duçar bolmaz. Putiniň iki baş garşydaşynyň ikisi-de (Alekseý Nawalny we Wladimir Kara-Murza) uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi. Şeýle-de, ýurtda özge pikirlilik umuman kanunçylyk bilen boguldy.
22 aý bäri dowam edýän Ukraina çozuşy Russiýa üçin betbagtçylyk boldy, onlarça müň esger jan berdi, ykdysadyýet ymykly gowşady, Günbatar bilen gatnaşyklar zyýan çekdi. Putin oppozisiýany basyp ýatyrmak maksady bilen, urşuň we ýaragly güýçleriň tankytlanylmagyny kanun esasynda gadagan etdi
Putin 14-nji dekabrda geçirilen çäräniň dowamynda häzirki wagtda harby mobilizasiýanyň täze tolkunyna zerurlygyň ýokdugyny aýtdy.
Geçen ýylda 300 müň töweregi russiýaly harby goşuna mobilizasiýa edildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum