Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, 'güýçli' rus hüjümleriniň arasynda, howa meýdançasyna edilen raketa zarbalaryny yza serpikdirendigini aýtdy


22-nji iýunda irden amala aşyrylan zarbada Çongar sebitindäki köprä, “Krymyň derwezesi” diýlip atlandyrylýan ýere zeper ýetdi.
22-nji iýunda irden amala aşyrylan zarbada Çongar sebitindäki köprä, “Krymyň derwezesi” diýlip atlandyrylýan ýere zeper ýetdi.

Russiýanyň Ukrainanyň howa meýdançasyna amala aşyrmaga çalşan howa zarbasy ukrain howa goranyş gullugy tarapyndan yzyna serpikdirildi diýip, ýurduň harbylary 23-nji iýunda beren maglumatlarynda bu zarbanyň birnäçe kruiz raketasyny öz içine alandygyny hem aýtdy. Bu waka, Moskwanyň öten gije birnäçe raketa we Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň zarbalaryny amala aşyran mahalyna gabat geldi. Ukrain goşunynyň baş ştaby munuň ýurt boýunça amala aşyrylan rus hüjümleriniň nobatdaky “güýçli” tolkuny bolandygyny aýtdy.

Russiýa geçen aýyň başyndan başlap Ukrainanyň infrastrukturasyna we şäherlerine, hususan-da Kiýewe edýän howa zarbalarynyň ýygylygyny we depginini ep-esli artdyrdy, bu hüjümler parahat ilatyň arasynda köp sanly adam pidasyna we maddy ýitgilere sebäp boldy.

Ukrainanyň howa goragy öten gije Russiýa tarapyndan Hmelnitskiý sebitindäki harby howa meýdanyna amala aşyrylan 13 kruiz raketasynyň hemmesini urup gaçyrdy diýip, ukrain harbylary 23-nji iýunda beren beýanatynda hüjümiň Hazar deňzi tarapyndaky harby uçar tarapyndan gijäň ýarynda amala aşyrylandygyny aýtdy.

"Mundan başga-da, howa goranyş gullugy näbelli görnüşdäki pilotsyz uçary hem urup gaçyrdy” diýlip, beýanatda bellenilýär.

Öten gije tutuş Ukrainada birnäçe sagatlap howa hüjümi duýduryşy yglan edilen mahaly, rus güýçleri köp sanly Kh-101/Kh-555 kruiz raketalarynyň we “Şahed” pilotsyz uçarlaryň zarbalaryny amala aşyrdylar diýip, baş ştab “güýçli” hüjümleriň netijeleriniň aýdyňlaşdyrylýandygyny hem aýtdy.

Mundan öň, 22-nji iýunda amala aşyrylan hüjümleriň tokunynda-da, Russiýa üç sany “Kinžal” gipersonik raketasyny ulandy diýip, baş ştab sözüne goşýar.

Söweş meýdanynda rus goşunlary Donetskiň gündogaryndaky ukrain pozisiýalaryna hüjüm etmek üçin has köp synanyşyk etdiler diýip, baş ştab Lyman, Bahmut, Awdiýiwka we Maryinka şäherlerinde agyr söweşleriň dowam edýändigini we bularda soňky 24 sagadyň dowamynda 30-dan gowrak ýakyn-çaknyşyklaryň bolandygyny hem aýtdy.

Aýrybaşga bir beýanatda ukrain goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 23-nji iýunda ukrain harbylarynyň Lymanda we Harkiw sebitindäki Kupýanskda rus hüjümlerini yzyna serpikdirendigini aýtdy.

"Soňky bir ýarym hepde bäri Kupýansk we Lýman uruş liniýalarynda gaty gazaply söweşler alyp barýarys" diýip, Malýar ukrain telewideniýesine beren maglumatynda belledi.

Sebit gubernatory Pawlo Kyrylenko Telegramda paýlaşan maglumatynda rus goşunlarynyň Donetskdäki agyr söweş nokatlarynyň biri bolan Awdiýiwkadaky himiýa zawodynyň golaýynda howa zarbalaryna başlandygyny aýtdy. Zawoda zyýan ýetendigi ýa ýetmändigi barada häzirlikçe maglumat ýok

Ukrain goşunlary günortadaky Melitopolda we Berdýanskda hüjüm operasiýalaryny dowam etdirýär we olar Russiýanyň Ka-52 hüjüm dikuçaryny urup gaçyrdylar diýip, baş ştab aýrybaşga bir maglumatynda aýtdy.

Harbylar munuň soňky birnäçe günüň içinde ukrain güýçleri tarapyndan urlup ýykylan şuňa meňzeş dikuçarlaryň altynjysydygyny belledi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy söweş meýdanyndaky habarlary garaşsyz tassyklap bilmedi.

Russiýanyň nobatdaky hüjüm tolkuny, Russiýa tarapyndan anneksiýa edilen Krymy Ukrainanyň günorta sebiti bilen, Hersonyň basylyp alnan bölegi bilen birleşdirýän esasy köprä, Moskwanyň tassyklamagyna görä, ukrain güýçleriniň atan "Storm Shadow" raketalarynyň zeper ýetirmeginden bir gün soňa gabat geldi.

Krymyň Moskwa tarapyndan bellenen başlygy Wolodymyr Saldo öz Telegram kanalynda 22-nji iýunda, irden Çongar sebitindäki köprä, “Krymyň derwezesi” diýlip atlandyrylýan ýere zarba urlandygyny aýtdy. Bu Krymy Ukrainanyň galan bölekleri bilen baglaýan birnäçe möhüm ugruň biri bolup durýar.

Saldo köpriniň üstündäki ýola zyýan ýetendigini, ýöne alternatiw transport ýollarynyň açylandygyny aýtdy. Saldodan aýratynlykda, Krymyň Moskwa tarapyndan bellenen ýene bir başlygy Sergeý Aksýonow ýöriteleşdirilen gulluklaryň köprülere ýetirilen zyýany gözden geçirýändiklerini belledi.

Russiýa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny 2014-nji ýylda, bikanun anneksiýa etdi. Ukraina 2022-nji ýylyň fewral aýynda duldegşir goňşusyna garşy giň gerimli urşa başlan Russiýadan Krymy yzyna almagy wada berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG