Russiýa Harkowda täze artilleriýa zarbalaryny amala aşyrdy, bir çagany öldürdi diýip, sebit resmileri 6-njy oktýabrda habar berdi. Ukrainanyň demirgazyk-gündogar sebiti bir gün ozal uruşda parahat ilata edilen iň ganly hüjümleriň birinde, Hroza obasyna edilen zarbada öldürilen onlarça adamyň ýasyny tutýar.
Öten agşam Harkow şäherinde 10 ýaşly bir oglan öldürildi we başga-da dokuz adam ýaralandy diýip, şäher häkimi Ihor Terehow hem-de sebit häkimi Oleh Synyehubow 6-njy oktýabrda aýtdy.
“Çaga ýaşaýyş jaýynyň harabalarynyň aşagyndan tapyldy. Gynansak-da, öli. Ene-atasyna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirýäris” diýip, Terehow Telegramda ýazdy.
Synyehubow Telegramda top oklarynyň 1,4 million ilatly Harkowyň Kiýew we Osnowýan obalaryna zarba urandygyny aýtdy.
Bir gün ozal rus raketa zarbasy Harkowdan 85 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Hroza obasynda bir kafeni weýran edip, azyndan 51 adamy, şol sanda çagany öldürdi. Bu zarba Moskwa güýçleriniň şu ýylda Ukrainanyň asuda ilatynyň üstüne amala aşyran iň ganly hüjümi boldy. Harkowda üç gün möhlet bilen ýas güni yglan edilipdi.
Prezident Wolodymyr Zelenski bu zarbanyň “bilkastlaýyn edilen terror hüjümi” bolandygyny aýtdy. Ak tam hüjümi “Ukrainanyň halky üçin juda elhenç” atlandyrdy. BMG-niň baş sekretary şeýle hüjümleriň derhal bes edilmegini talap etdi.
Ukrainanyň howa goranyşy 6-njy oktýabrda Russiýa tarapyndan öten agşam Eýranda öndürilen 33 sany dron bilen Odesa, Harkow, Dnipropetrowsk, Çerkasy we Žytomyr sebitlerine amala aşyrylan hüjümde 25 drony urup ýykandygyny aýtdy.
Bulardan başga-da, Odesa sebitiniň häkimi Oleh Kiper Telegramda Ukrainanyň däne eksportynda ulanýan we Dunaý derýasynyň boýunda ýerleşýän iki portuň biri bolan Izmail portunyň rus dronlary tarapyndan nyşana alnandygyny hem-de port gurnamalaryna zeper ýetendigini aýtdy.
“Duşman ýene-bir gezek Izmaýil etrabynyň port insfrastrukturasyny nyşana aldy” diýip, Kiper Telegramda ýazdy we “bir däne saklawhanasyna hem-de dokuz ýük ulagyna zyýan ýetendigini” aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi. Kiper Eýranda öndürilen üç dronyň ukrain howa goranyşy tarapyndan urlup ýykylandygyny aýtdy. Adam pidalary barada bada-bat habar bolmady.
Söweş meýdany barada aýdylanda, ukrain güýçleri soňky bir günüň dowamynda rus goşunlary bilen 37 ýakyn söweş çaknyşygynda söweşdi. Olar gündogar we günorta Ukrainada hüjüm we goranyş operasiýalarynynyň ikisini-de amala aşyrýar diýip, Baş ştab 6-njy oktýabrda beren gündelik hasabatynda aýtdy.
Zelenski 5-nji oktýabrda Ispaniýanyň Granada şäherinde ýewropa liderleri bilen sammitde duşuşyp, 20 aýa golaýlaýan uruşda ýaran ýurtlaryň arasynda emele gelen donor ýadawlygynyň alamatlarynyň arasynda Ukraina üçin has köp harby ýardam soramak tagallalaryny güýçlendirýär.
Zelenski ýewropa liderleri bilen goşmaça howa goranyş ulgamlary, şol sanda Germaniýa bilen azyndan bir sany “Patriot” raketa ulgamy babatynda ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy.
“Bizde has köp howa goranyşy bolar. Bular aýdyň ylalaşyklar. Bu gyşdan öň örän möhüm bolup durýar. Ispaniýa, Italiýa, Fransiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa – sag boluň!” diýip, Zelenski aýtdy.
Ukrainanyň energetika infrastrukturasyna geçen gyş Russiýa tarapyndan üznüksiz zarba urlup, parahat ukrain ilaty görgülere we jebir-jepalara sezewar boldy.
Zelenski we başga-da 46 döwlet baştutany ÝB-niň 27 agzasy üçin, hem-de yklymdaky we Kawkazdaky başga-da 20 döwlet üçin özboluşly syýasy forum bolan Ýewropa Syýasy Jemgyýetiniň üçünji duşuşygyna gatnaşdy.
Bu aralykda, Şwesiýa Ukraina üçin 200 million ABŞ dollary möçberinde harby ýardam bukjasyny yglan etdi.
Şwesiýa Ukraina esasan ok-därilerden we biraz öň iberilen ulgamlaryň ätiýaç şaýlaryndan ybarat, umumy bahasy 2,2 milliard kron ($199 million) möçberinde täze harby ýardam bukjasyny iberer diýip, goranmak ministri Pal Jonson 6-njy oktýabrda aýtdy.
Täze harby ýardam bukjasy Şwesiýanyň uruş başlanaly bäri Ukraina iberýän 14-nji ýardam bukjasy bolar. Şwesiýanyň şeýle ýardamlarynyň umumy bahasy 22 milliard krona ($1,99 milliard) barabar boldy.
Şeýle-de, Jonson metbugat ýygnagynda hökümetiň ýaragly güýçlere Şwesiýanyň “Jas Gripen” söweş uçarlaryny Ukraina ibermek mümkinçiliklerini derňemegi resmi taýdan tabşyrandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum