Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň günorta sebitlerindäki raýat desgalaryny nyşana alýar


Ukrainanyň Mykolaiw oblasty
Ukrainanyň Mykolaiw oblasty

Russiýa soňky 24 sagadyň dowamynda artilleriýa we dronlar bilen Ukrainanyň günortasyndaky raýat maksatly nyşanalary urdy. Bu barada regional we harby resmiler 3-nji oktýabrda mälim etdiler. Bu aralykda, ýurduň günorta we gündogar sebitlerinde çaknyşyklar dowam edýär. Bu sebitde ukrain we rus güýçleri ençeme aýlap agyr söweşleri alyp barýarlar.

Russiýanyň Ukrainanyň günortasyndaky Herson şäherine zarba urmagy netijesinde, soňky 24 sagadyň dowamynda, iki adam öldi, başga-da ýedisi ýaralandy. Bu barada regional häkim Oleksandr Prokudin 3-nji oktýabrda Telegram kanalynda mälim etdi.

“Russiýanyň harbylary regionyň ilatly nokatlaryna, bilim merkezlerine, kilisä, gumanitar edaranyň baş binasyna, söwda merkezine, ulag merkezine, fabrika we Herson şäheriniň möhüm infrastruktura desgalaryna zarba urdular” diýip, Prokudin aýtdy.

Geçen ýyl Hersonyň ýarpysyndan gowragy ukrain esgerleri tarapyndan azat edildi. Emma yza çekilen rus goşuny, Dnepr derýasynyň beýleki kenaryndan bu sebiti dowamly oka tutýar.

Öten agşamyň dowamynda Russiýa Eýranda öndürilen dronlar bilen Mykolaýiw we Dnipropetrowsk sebitlerine hem täze hüjümleri amala aşyrdylar. Bu barada 3-nji oktýabrda habar beren Ukrainanyň Howa hüjüminden goranyş gullugy 31 dronuň 29-synyň urlup düşürilendigini hem mälim etdi. Maglumatda Russiýanyň atan bir ganatly raketasynyň hem weýran edilendigi bellenilýär.

Ukrainanyň günorta serkerdeligi hüjümiň üç sagatdan hem aşa dowam etdirilendigini aýtdylar.

Dnipropetrowsk regionynyň Pawlohrad şäherinde Russiýanyň atan drony senagat desgasyny urup, onda ýangyn döretdi. Bu barada regional häkim Serhiý Lysak Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy.

“Ot eýýäm öçürildi, emma önümçilik bölümlerine zeper ýetdi” diýip, Lysak sözüne goşdy.

Söweş meýdany barada aýdylanda, Ukrainanyň güýçleri gündogardaky Donetsk regionynyň Bahmut sebitinde we günortadaky Melitopol şäheriniň ugry boýunça hüjüm hereketlerini dowam etdirdiler. Bu barada habar berýän Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň 2-nji oktýabrdaky maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 35 söweş çaknyşygy bolupdyr.

Russiýanyň güýçleri Bahmudy şu ýylyň başynda basyp aldylar. Ençeme aýlap dowam eden ganly çaknyşyklarda iki tarapdan hem köp adam heläk boldy.

Diplomatik frontunda, prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň basybalyjy rus güýçleriniň üstündäki ýeňişiniň “gönüden-göni” Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga bagldygyny aýtdy. Ol bu barada 2-nji oktýabrda ÝB-niň daşary işler ministrleriniň maslahatynda çykyş etdi. Bu aralykda, bileleşigiň Ukraina berýän hemaýatynyň möçberini kemeldip biljekdigi baradaky howatyrlar artýar.

Goňşy Slowakiýada uruş sebäpli tapdan düşen goňşy döwlete harby hemaýatyň berilmegine garşy çykýan populist partiýasynyň ýeňiş gazanmagy hem bu aladalary ýitileşdirdi.

“Men Ukrainanyň we tutuş azat dünýäniň bu gapma-garşylykdan üstün çykmaga ukyplydygyna ynanýaryn. Emma biziň ýeňşimiz gönümel siziň bilen özara hyzmatdaşlygymyza bagly bolup dur: siz bilen näçe güýçli we prinsipial ädimleri ätsek, uruş hem şonça ir tamamlanar” diýip, Zelenski 2-nji oktýabrda Kiýewde geçen gepleşiklerden soň çykyş etdi.

Mundan başga-da, Zelenski Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň “ýeterlik bolmandygyny” aýdyp, bu ugurda has köp tagalla etmäge çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG