Russiýa basylyp alnan Krymda dron hüjümleriniň agyr tolkunynyň we Kaluga edilen raketa zarbasynyň öňüni alandygyny aýtdy, Ukrainanyň Ýaragly güýçleri bolsa öz sebitlerine amala aşyrylan howply howa hüjümleri we dron zarbalary barada habar berdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 25-nji awgustda beren beýanatynda öz howa hüjümlerinden goranyş ulgamlarynyň 42 sany pilotsyz uçary zyýansyzlandyrandygyny, olaryň dokuz sanysynyň “urlup ýykylandygyny” we 33 sanysynyň “elektronik serişdeler arkaly hatardan çykarylandygyny, olaryň nyşana barmanka ýykylandygyny” aýtdy.
Krymyň Sewastopol sebitiniň Moskwa tarapyndan bellenen ýolbaşçysy Mihail Razwožaýew Hersones burnunyň golaýynda, deňziň üstünde birnäçe pilotsyz uçaryň ýok edilendigini aýtdy.
Şeýle-de, ministrlik Moskwanyň günorta-günbatar etegindäki sebitde, Kalugada ukrain raketasynyň urlup ýykylandygyny aýtdy, bu aralykda, rus Telegram kanallary Kaluga, Tula we Moskwa sebitleriniň asmanynda bolan partlamalar barada habar berdiler, bu partlamalara howa goranyş ulgamlaryndan açylan oduň sebäp bolan bolmagy mümkin.
“Baza” Telegram kanaly Moskwadan 300 kilometr töweregi günorta-günbatarda ýerleşýän Kaluga sebitindäki Şaikowka harby howa meýdançasynyň golaýynda raketanyň urlup ýykylandygyny habar berdi.
Moskwanyň iri howa menzilleri, Wnukowa we Domodedowa wagtlaýyn öz işini togtatdy diýip, Russiýanyň TASS habarlar agentligi habar berdi.
Adam ýitgileri we çekilen zyýan barada bada-bat habar berilmedi.
Moskwa we onuň töweregi soňky hepdelerde ýygy-ýygydan dron hüjümleri bilen nyşana alynýar.
Bu aralykda, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Baş ştaby öten agşam Ukraina garşy amala aşyrylan rus howa zarbalary we raketa hüjümleri barada habar berdi we parahat ilatdan adam ýitgileriniň bolandygyny aýtdy.
“Soňky 24 sagadyň dowamynda, duşman biziň goşunlarymyza we ilatly sebitlere ýedi raketa zarbasyny hem-de 47 howa hüjümini amala aşyrdy” diýip, Ukrainanyň ýaragly güýçleri özüniň gündelik hasabatynda aýtdy we “gynansak-da, parahat ilatyň arasynda ölen we ýaralanan adamlar bar” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Harbylar “gelip gowuşýan maglumatlaryň häzirki wagtda anyklaşdyrylýandygyny” aýdyp, rus zarbalarynyň nyşanlary we pidalar barada başga jikme-jiklik bermedi.
Ukrainanyň howa goranyş güýçleri aýrybaşga habarda özüniň Odesa sebitiniň asmanynda Azow deňzinden atylan rus ganatly raketalaryny urup ýykandygyny aýtdy.
Gündogar Ukrainadaky söweş meýdany barada aýdylanda, iki tarapyň hem hüjüm we goranyş hereketleriniň arasynda agyr söweşler dowam etdi.
Ukrain güýçleri Donetskiň Bahmut sebitinde we strategiki taýdan ähmiýetli günorta Melitopol şäherine tarap hüjüm operasiýalaryny amala aşyrdy diýip, Baş ştab 25-nji awgustda aýtdy.
Kiýew güýçleri gündogar Harkow sebitiniň Kupýansk sektorynda we Donetskiň Awdiýewka sebitinde ruslaryň front çyzygyny böwüsmek we günbatara tarap ilerlemek synanyşyklaryny üstünlikli yza serpikdirýärler.
Rus toplary 25-nji awgustda Harkowyň Podoli obasynda azyndan bir asuda raýaty ýaralady diýip, ukrain häkimiýetleri aýtdy.
Baş ştab öz goşunlarynyň soňky 24 sagatda Orihiw – Tokmak çyzygynda Melitopol ugry boýunça käbir üstünlikleriň gazanylandygyny aýtdy. Ukrain güýçleri bu sebitde hepdäniň başlarynda Robotyne obasyny azat etdi.
Ukrain güýçleri şu ýyl iň gazaply we iň uzaga çeken söweşlere sahna bolan Bahmutyň töwereginde, şäheriň günorta tarapynda hüjüme geçýär diýip, Baş ştab aýtdy.
Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 24-nji awgustda giçlik tutuş günorta frontyň ugrunda ýagdaýlaryň “dartgynly we dinamiki” bolandygyny aýtdy.
Bu öňe sürmeleri bada-bat tassykladyp bolmady.
Bulardan başga-da, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski 24-nji awgustda giçlik özüniň ABŞ prezidenti Jo Baýden bilen telefonda gürleşendigini hem-de oňa Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirendigini aýtdy.
“ABŞ Ukraina global goldaw toplanylmagynyň başyny çekdi. Bu möhüm öňbaşçylyk biziň göreşimize mümkinçilik döretdi we taryhyň ýaý halkasyny ýagşylyga tarap egdi” diýip, Zelenski Telegramda aýtdy.
Birleşen Ştatlar rus çozuşyna garşy göreşe goşuljak söweşjeň uçarlar üçin Kiýewe uçarmanlary taýýarlamaga ýardam berýän Günbatar koalisiýasyna goşulyp, ukrain uçarmanlarynyň F-16 söweş uçarlaryndaky tälim-türgenleşigine oktýabrda başlajakdygyny aýtdy.
Pentagonyň metbugat sekretary brigada generaly Pat Raýder 24-nji awgustda bu programmanyň ukrain uçarmanlarynyň iňlis dili boýunça okuw sapaklarynyň tamamlanmagynyň yz ýany, Arizona ştatynda başlajakdygyny aýtdy.
“Bu uçarmanlar Arizonada F-16 uçuş taýýarlygyna gatnaşmazdan ozal, sentýabr aýynda Tehas ştatynyň San Antonio şäherindäki Laklan Howa güýçleri bazasynda iňlis dili boýunça okuw sapaklaryny geçerler” diýip, Raýder aýtdy we uçarmanlaryň anyk sanyny aýdyňlaşdyrmady.
ABŞ-nyň bu bildirişi NATO ýurtlary bolan Gollandiýanyň, Daniýanyň we Norwegiýanyň Ukraina bir topar F-16 uçarlaryny berjekdiklerini mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum