Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Ukrainanyň Garaşsyzlyk gününde Dnipro şäherine zarba urdy, söweşler dowam edýär


Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady.
Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady.

Prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainanyň Garaşsyzlyk gününde, Moskwanyň raýat nyşanalaryna edýän yzygiderli hüjümleriniň arasynda, ukrainalylaryň ählisiniň Russiýanyň delilsiz çozuşyna garşy durup, öz ýurtlarynyň azatlygyny gorap saklamak ugrunda alyp barýan göreşine ýokary baha berdi.

24-nji awgust güni irden günortadaky Dnipro şäherine edilen raketa hüjüminde ýedi adam ýaralandy diýip, Dnipropetrowsk sebitiniň häkimi Serhiý Lysak telegramda habar berdi.

"Dniproda gijäniň ýarynda güýçli partlamalar boldy" diýip, Lysak aýtdy.

Lysak bu zarba netijesinde 32-55 ýaş aralygyndaky üç erkegiň we dört aýalyň ýaralanandygyny aýtdy. "Alty adam ortaça ýagdaýda keselhana ýerleşdirildi" diýip, Lysak ulag desgasynyň ýumrulandygyny hem sözüne goşdy.

Bank, ýangyç bekedi, myhmanhana, oba hojalyk firmasy, mebel zawody, dolandyryş binasy we iki ýaşaýyş jaýy ýaly ondan gowrak raýat desgasyna zyýan ýetdi.

Ukrainanyň howa güýçleriniň metbugat sekretary Ýuriý Ihnat Russiýanyň öten agşam S-300, “Iskander K” we “Iskander M” ballistik raketalary bilen zarba urandygyny we bir “Iskander K” raketasynyň Ukrainanyň howa goragy tarapyndan urlandygyny aýtdy. Ýöne ol jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Zelenski halka ýüzlenip, Garaşsyzlyk gününiň Ukraina özygtyýarlylygyny alanyndan 32 ýyl soň "erkin adamlaryň baýramyna, güýçli adamlaryň baýramyna" öwrülendigini aýtdy.

Ol ukrainalylaryň ählisiniň çydamlylygyny öwdi we ukrain jemgyýetiniň rus agressiýasynyň garşysyna durmakdaky agzybirligini nygtady.

"Adamlar, hereketler we sözler, hemmeler zerur, hemmesi möhüm. Sebäbi muny hemmämiz bilelikde etdik, "Ukraina şöhrat" diýlende, bütin dünýä "Gahrymanlara şöhrat" diýip jogap berer ýaly etdik" diýip, Zelenski aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ukrainleri garaşsyzlyk güni bilen gutlady we "24-nji awgust Ukrainanyň garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň we demokratiýasynyň subutnamasy hem-de Ukrainanyň güýjüne we çydamlylygyna buýsanç güni" diýdi.

Blinken Amerikanyň öz dowamlylygyny gorýan Ukraina bilen bilelikde durýandygyny gaýtalady.

"Biz siziň öz söýgüli ýurduňyz üçin gurýan söweşiňizde ýanyňyzda durus" diýip, Blinken aýtdy.

Şu aralykda, TDH-nyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti hem Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskini Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Serdar Berdimuhamedow ukrain kärdeşine “ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny” iberdi.

“Döwlet Baştutanymyz, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Zelenskä berk jan saglyk, abadançylyk we döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi” diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Türkmen prezidentiniň hatynda Ukrainada barýan 18 aýlyk uruş agzalmaýar.

Ukrainanyň aňtaw gulluklary ýurduň Garaşsyzlyk gününde Russiýanyň Ukraina howa zarbalaryny urmak howpunyň artýandygyny duýdurdy.

Kiýew goşuny, söweş meýdanyndan berilýän habarlaryň arasynda, ukrain güýçleriniň günorta Zaporižýa sebitindäki Robotine şäherçesinde düýpli zyýan ýeten mekdebiň üçeginde milli baýdagy galdyrandygyny aýtdy.

Ýöne bu şäherçäniň azat edilendigi garaşsyz ýagdaýda tassyklanylmady we, häzirlikçe tutuş jemgyýetiň azat edilendigi ýa-da däldigi belli bolman galýar.

Baş ştabyň 24-nji awgustda beren habaryna görä, ukrain güýçleri gündogar Donetsk we Harkow sebitlerinde, şeýle-de Zaporižýa sebitinde rus hüjümlerini yzyna serpikdirdi.

Ukrain güýçleri Melitopol şäherine tarap öňe süýşmeklerini dowam etdirdiler diýip, harbylar aýtdy.

"Krymyň derwezesi" diýlip atlandyrylýan Melitopol, birnäçe gün dowam eden agyr söweşlerden soň, geçen ýylyň mart aýynda rus goşunlarynyň eline geçdi.

Soňky çykan habara görä, şu aralykda Norwegiýanyň hem Ukraina F-16 söweş uçaryny peşgeş berjekdigi mälim boldy. Ýöne Oslanyň Kiýewe näçe uçar berjekdigi aýdylmaýar.

Forum

XS
SM
MD
LG