Prezident Jo Baýden ABŞ kanun çykaryjylaryndan Ukraina we Ysraýyl üçin onlarça milliard dollar möçberinde harby ýardam soramagyň binýadyny esaslandyryp, rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina çozmagyny Gaza zolagyndan Ysraýyla hüjüm eden Hamas jeňçileri bilen baglanyşdyrdy we olaryň ikisiniň-de global demokratiýa we howpsuzlyga wehim salýandygyny aýtdy.
Baýden 19-njy oktýabrda Ak tamdaky Süýri kabinetde sözlän seýrek ýüzlenmesinde, umumy möçberleri öňümizdäki ýylyň dowamynda 100 milliard dollardan gowrak boljakdygy habar berilýän hem-de uruşlara duçar bolan iki iri ýaran üçin möhüm bolan gyssagly maliýeleşdiriş haýyşnamasyny ABŞ Kongresine iberjekdigini aýtdy.
“Hamas we Putin başga-başga wehimlere wekilçilik edýärler, ýöne olaryň bir umumylygy bar: olaryň ikisi-de goňşuçylykdaky demokratiýany ýok etmek isleýär” diýip, Baýden aýtdy we bu maliýe serişdeleriniň "nesiller boýy amerikan howpsuzlygyna paý ödejek akylly maýa goýum” bolandygyny aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Ak tam çykyşyň öň ýany Baýdeniň ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen söhbetdeşlik geçirip, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda girişen giň gerimli çozuşynda Waşingtonyň Kiýewe berýän goldawyny ýene bir gezek nygtandygyny aýtdy.
Maliýe haýyşy Baýden administrasiýasynyň, ýarag üpjünçiligi azalyp, argyn garşylyklaýyn hüjümlerde rus goşunlaryny yza serpikdirmäge çalyşýan Ukrainanyň tapdan düşmeginiň öňüni almak üçin wagtyň gutaryp barýandygyny duýdurýan wagtlaryna gabat gelýär. ABŞ mediasy çeşmelere salgylanyp, maliýe ýardamlarynyň takmynan 60 milliard dollarynyň Ukraina, 14 milliard dollarynyň bolsa Ysraýyla bölünip berilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny habar berýär.
ABŞ-nyň NATO-daky öňki ilçisi we Global gatnaşyklar boýunça Çikago geňeşiniň başlygy Iwo Daalder Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde Baýdeniň ysraýyl we ukrain ýardamlaryny biri-biri bilen baglanyşdyrmak bilen Kongresiň ýardam bukjasyny ret etmegini kynlaşdyrandygyny aýtdy.
Tassyklanylmagyna garaşylýan ýardam “ýene bir gezek Wladimir Putiniň Günbataryň Ukraina berýän goldawynyň dargaýandygy babatdaky çaklamalarynyň ähmiýetini peseldýär”
“Russiýada ýaşaýan bolsaňyz, düşünýärsiňiz, Ukraina hiç ýere gitmeýär, olar söweşmek üçin dowamly harby mümkinçiliklere eýe bolýarlar” diýip, ol aýtdy.
Baýden Ukraina, hem-de geçen hepde ysraýyl çägine girip, 1400 töweregi ysraýyl raýatyny öldüren Hamasa jogap hökmünde guryýer hüjümine girişmekçi bolýan Ysraýyla ýardam berilmezliginiň ABŞ howpsuzlygyna we onuň “başga döwetler tarapyndan bilelikde işleşmek islenilýän hyzmatdaş” durumyna howp abandyrýandygyny aýtdy.
“Bularyň ählisini howp astynda goýmak, biz eger Ukrainadan daşlaşsak, Ysraýyldan ýüz öwürsek – peýdasy ýok” diýip, Baýden Iýerusalime goldaw bildirmek üçin Ysraýyla amala aşyran howlukmaç saparynyň yz ýany sözlän sözünde aýtdy.
Ol uruş döwründe karar kabul etmegiň “kyn soraglary soramagy” hem-de “aýdyň maksatlary we siziň barýan ýoluňyzyň sizi şol maksatlara ýetirip-ýetirmejekdigi barasynda dogruçyl baha berişi” talap edýändigini aýtdy.
ABŞ prezidenti Ukraina çozuşy başlanaly bäri, Putiniň we beýleki rus kanun çykaryjylarynyň Polşa, Latwiýa, Litwa, Estoniýa hem-de beýleki NATO agzalaryna haýbat atandygyny belledi.
Baýden eger Moskwa şol ýurtlara, ýa-da harby ýaranlygyň islendik agzasyna hüjüm etse, Birleşen Ştatlaryň “NATO-nyň her garyş ýerini gorajakdygyny” aýtdy.
“Biziň gözlemeýän bir zadymyz bolar” diýip, ol aýtdy. “Biz amerikan goşunlarynyň Russiýada ýa-da Russiýa garşy uruşmagyny islemeýäris”
“Biz Hamas ýaly terrorçylaryň Putin ýaly tiranlaryň ýeňiş gazanmagyna ýol berip bilmeris we bermeris. Men munuň şeýle bolmagyna ýol bermegi ret edýärin” diýip, Baýden aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum