Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain goşuny: Rus zarbalarynda dört sebit nyşana alyndy


Dron hüjümi
Dron hüjümi

Russiýa öten agşam Ukrainanyň dört sebitine pilotsyz uçarlaryň we raketa zarbalarynyň ýene bir tolkuny bilen hüjüm etdi, ýöne olaryň köpüsi howa goragy tarapyndan saklandy we ýok edildi diýip, ukrain goşuny 19-njy oktýabrda aýtdy.

Donetsk, Mikolaýew, Sumy, Dnipropetrowsk we Zaporižýa sebitlerinde infrastruktura, raýat we harby nyşanalara garşy jemi 17 pilotsyz uçar we raketa ugradyldy diýip, Ukrainanyň howa goragynyň çap eden hasabatynda aýdylýar.

"Bu hüjümlerde bäş sany “Iskander M” ballistik raketasy; S-300 uçara garşy raketalarynyň biri; howada ugrukdyrylýan Kh-59 raketasynyň biri; bir ganatly raketa (görnüşi entek kesgitlenmedi); dokuz sany Şahed-136/131 hüjüm pilotsyz uçary ulanyldy" diýip, Ukrainanyň howa goragy Kh-59 raketasyny we üç sany pilotsyz uçary urup gaçyrandygyny aýtdy.

Sebit häkimi Witaliý Kim 19-njy oktýabr güni irden günortadaky Mikolaýiw sebitine ýene-de ganatly raketa bilen zarba urlandygyny habar berdi. Kim telegram kanalynda paýlaşan habarynda bu zarbanyň Mykolaýiw şäherinde bir ammar binasyna we birnäçe ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetirendigini aýtdy.

"Pida bolanlar bolmady" diýip, ol aýtdy. Ýerli ýaşaýjylar sosial ulgamlarda şäherde bolan partlamalaryň birneçesiniň sesini eşidendiklerini habar berdiler.

Russiýanyň Ukrainadaky ýaşaýyş jaýlaryna uran raketa zarbasy 18-nji oktýabrda birnäçe parahat adamyň, şol sanda Mykolaýiw etrabynda iki adamyň we günortadaky Zaporižýa şäherinde bäş adamyň ölümine sebäp boldy

Prezident Wolodymyr Zelenski bu hüjümleri ýazgaryp çykyş etdi.

Front liniýalarynyň boýundaky güýçlerimiz soňky 24 sagadyň dowamynda 80 töweregi ýakyn aralyk söweşine gatnaşdy diýip, ukrain goşunynyň 19-njy oktýabrda beren habarynda aýdylýar.

Ukrain güýçleri rus goşunlarynyň gündogar Donetsk şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Awdiýiwka garşy edýän hüjümlerini yzyna serpikdirmegi dowam etdirdi, Moskwa bu ýerdäki goranyşy böwüsmek üçin soňky birnäçe günde uly tagalla edýär diýip, harbylar aýtdy.

Şeýle-de, ukrain goşunlarynyň hüjüm operasiýalarynyň günortada, Melitopol ugrunda we Donetskiň Bahmut sebitinde hem dowam etdirilýändigi aýdylýar.

Ukrain goşunynyň Tawriýa bölüminiň serkerdesi, general Oleksandr Tarnawskiý 18-nji oktýabrda ukrain güýçleriniň Azow deňzine tarap oýlanyp-biçilen öňe gidişligini dowam etdirýändigini aýtdy.

"Tawriýanyň goşunlar “hüjümlerini dowam etdirýärler”. Olar Robotiniň günortasynda bölekleýin üstünlik gazandylar" diýip, Tarnawskiý telegramda ýazdy.

Robotine günortadaky strategiki şähere, Melitopola barýan möhüm ýoluň ugrunda ýerleşýär. Günortadaky we gündogardaky rus pozisiýalaryny birleşdirýän gury ýer baglanyşygyny kesmek üçin, Ukraina bu ýoluň gözegçiligini öz eline geçirmek isleýär.

Forum

XS
SM
MD
LG