Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Söweşler güýçlenýär, Ukraina Moskwanyň Hersona 1000 goşmaça esger iberendigini aýdýar


Ukrain esgerleri ele salan T-80 rus tanky bilen Donetsk sebitiniň Bahmut şäheriniň golaýyndaky bir ýolda rus goşunlaryna ot açýar. 27-nji oktýabr, 2022 ý.
Ukrain esgerleri ele salan T-80 rus tanky bilen Donetsk sebitiniň Bahmut şäheriniň golaýyndaky bir ýolda rus goşunlaryna ot açýar. 27-nji oktýabr, 2022 ý.

Ukrain goşuny Russiýanyň Dnepr derýasynyň sag kenaryna goşun üýşürýändigini aýdýar, iki tarap hem günorta Ukrainanyň Herson şäherinde möhüm söweşe taýýarlanýan ýaly bolup görünýär.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby 28-nji oktýabrda Moskwanyň, Herson sebitinde dowam edýän garşylyklaýyn hüjümlerde ýitiren esgerleriniň üstüni dolmak üçin, ýaňy-ýakynda mobilizlenen 1000 esgeri ol ýere iberendigini aýdýar.

“Rus basybalyjy güýçleriniň serkerdeligi şahsy düzümiň arasynda galagoplygyň öňüni almak üçin harby gullukçylaryň hakyky ýitgilerini ähli ýollar bilen ýaşyrmaga çalyşýar... Wagtlaýyn basylyp alnan Herson sebitiniň sag kenary 1000 adama çenli bolan mobilizlenen harby gullukçylar bilen güýçlendirildi” diýip, Baş ştab beýanat berdi.

Ol Herson şäherinde raýatlaryň Dnepr derýasynyň sag kenaryndan çep kenaryna göçürilmeginiň dowam etdirilendigini aýtdy.

Ukraina rus güýçleriniň urşuň ilkinji günlerinde ele geçiren Herson sebitini we onuň atdaş dolandyryş merkezini yzyna almak üçin garşylyklaýyn hüjümleri dowam etdirýär.

Ukrain güýçleri Hersonyň günbatardan daşyny gabaýar we Russiýanyň Dnepr derýasynyň sag kenaryndaky galasyna hüjüm edýär.

Ýöne, kyn ýer we howa şertleri ukrain goşunynyň Hersondaky esasy öňe gidişligini bökdeýär diýip, resmiler aýdýar.

Russiýanyň geçen aý ele geçirendigini yglan eden bölekleýin basylyp alnan dört sebitiň biri bolan Herson Russiýanyň 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa eden Krym ýarymadasyna we Ukrainany ortadan ikä bölýän Dnepr derýasynyň agzyna barýan ýeke täk guryýer geçelgesine gözegçilik edýär.

Hersonda Russiýanyň wezipä bellän resmileri 27-nji oktýabrda 70 müňden gowrak adamyň, şol sanda Moskwanyň dikmesi bolan regional administrasiýanyň agzalarynyň şäheri terk edendiklerini aýtdy.

Ukrain goşuny 28-nji oktýabrda öz güýçleriniň soňky 24 sagadyň dowamynda 44 rus esgerini öldürendigini hem-de bir ok-däri ammaryny we enjamly angary weýran edendiklerini aýtdy.

Bu aýdylanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.

Ýöne rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn ýarany bolan çeçen lideri Ramzan Kadyrow şu hepde Hersonda bolan ukrain artilleriýa hüjüminde özüniň 23 esgeriniň öldürilendigini we 58 esgeriň ýaralanandygyny aýtdy. Bu teswirler adaty däl, sebäbi moskwaçy güýçler söweş meýdanyndaky ýitgilerini seýrek boýun alýarlar.

Gündogardaky Donetsk sebitinde rus topa tutmalary dört ýerli ýaşaýjyny öldürdi diýip, sebitiň harby administrasiýasynyň ýolbaşçysy Pawlo Kirilenko 28-nji oktýabrda aýtdy.

Russiýanyň Ukrainanyň energetika infrastrukturasyna edýän howa zarbalary, dron hüjümleri we topa tutmalary Kiýewde we beýleki ýerlerde toguň kesilmegine mejbur edýär diýip, resmiler aýdýarlar.

27-nji oktýabrda dron hüjümi paýtagtda bir energiýa desgasyna zarba urdy, ýangyna sebäp boldy diýip, Kiýew sebitiniň häkimi Oleksiý Kuleba aýtdy. Soňky hüjümler “örän agyr zyýan” ýetirdi diýip, ol aýtdy.

Ýöne Ukrainanyň prezidenti Wolodmyr Zelenski ukrainlaryň beýle taktikalara boýun egmejekdiklerini aýtdy.

“Topa tutmalar bizi döwmez – biziň üçin, öz topragymyzda duşmanyň gimnini eşitmek duşmanyň biziň asmanymyzdaky raketalaryndan has gorkunç” diýip, Zelenski 27-nji oktýabrda adatdaky wideo ýüzlenmesinde, garaňky meýdanda, urlup ýykylan dronyň galyndylarynyň ýanynda durup aýtdy.

Bu aralykda, Roýtersde we AP-de sitirlenýän ABŞ resmileri Ukrainanyň rus güýçlerine garşy alyp barýan garşylyklaýyn hüjümlerini güýçlendirmek maksady bilen Birleşen Ştatlaryň Ukraina ýene $275 million harby ýardam bukjasyny taýýarlaýandygyny aýtdylar.

Anonimlik şertinde gürleşen resmiler ABŞ-nyň 28-nji oktýabrda yglan edilmegine garaşylýan täze bukjasynda möhüm täze ýaraglaryň ýokdugyny aýtdylar.

Muňa derek, ABŞ ýardamy Ukrainada bar bolan ýarag ulgamlary üçin, şol sanda HIMARS hökmünde tanalýan Ýokary derejede ykjam raketa ulgamlary üçin ok-däri ätiýaçlyklarynyň üstüni doldurmagy maksat edinýär. Ukraina Russiýa garşy garşylyklaýyn hüjümlerde bu ulgamlardan üstünlikli peýdalanýar.

Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça metbugat sekretary Jon Kirbi CNN-e beren interwýusynda Ukraina üçin täze ýarag ýardamynyň “örän ýakyn wagtda” yglan ediljekdigini aýtmak bilen çäklenip, bukjanyň jikme-jikliklerini tassyklamakdan ýüz öwürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG