Ukraina 26-njy oktýabrda Russiýanyň raketa we dron hüjümleriniň öňüni almak üçin ýurduň howa goranyş ulgamynyň güýçlendirilmegi baradaky çagyryşyny ýene bir gezek gaýtalady.
"Rus raketa terroryna" gaýtawul bermek üçin ýeterlik mukdardaky howa goranyş ulgamynyň gyssagly ýagdaýda iberilmegi zerur diýip, prezident edarasynyň başlygy Andriý Ýermak 26-njy oktýabrda Kiýewde Birleşen Ştatlaryň, Angliýanyň we Fransiýanyň milli howpsuzlyk geňeşçileri bilen geçirilen gepleşiklerden soň aýtdy.
25-nji oktýabrda ABŞ-nyň howa we goranyş korporasiýasynyň, "Reýton Tehnologiýalarynyň" başlygy CNBC telewideniýesine beren interwýusynda Waşingtonyň eýýäm orta aralyga ýetýän iki sany uçara garşy ulgamy, NASAMS raketa ulgamlaryny Ukraina gowşurandygyny aýtdy.
“Biz birnäçe hepde öň ABŞ hökümetine iki ulgam iberdik. Häzirki wagtda olar Ukrainada ýerleşdirilýär” diýip, Greg Geis aýtdy.
Ýaragly güýçleriniň Hersonda, strategiki günorta sebitde söweşe taýýarlanmagy bilen, Russiýa Ukrainanyň çar künjegindäki nyşanalara zarba urmagyny dowam etdirýär, parahat ilata zyýan ýetirýär we öldürýär diýip, ukrain resmileri we harbylar aýdýar.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 26-njy oktýabr güni irden bir gün öň urlan rus zarbalarynda 40-dan gowrak ilatly nokadyň nyşana alnandygyny aýtdy.
Baş ştabyň irden beren hasabatynda bellenmegine görä, Russiýa ukrain desgalaryna hem howadan, hem raketalar, top oklary bilen zarba urdy.
Merkezi Dnipro şäherinde rus bombalamalary netijesinde azyndan iki adam, şol sanda bir göwreli aýal öldürildi diýip, sebit häkimi Walentin Rezniçenlo aýtdy.
Rus güýçleri günortadaky Herson şäherinde özleriniň "iň agyr söweşlerine" taýýarlanýar diýip, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň geňeşçisi Oleksiy Arestowiç aýtdy.
Ukrainanyň eden garşylykly hüjümleri sekiz aý mundan ozal, Ukraina çozuşyň ilkinji günlerinden bäri paýtagty ruslaryň gözegçiliginde bolan Herson sebitindäki rus güýçlerini yza çekilmäge mejbur etdi.
"Herson babatynda ähli zat düşnükli. Ruslar bu ýerdäki toparlarynyň üstüni ýetirýärler, olary güýçlendirýärler" diýip, Arestowiç 25-nji oktýabrda çap edilen onlaýn wideosynda aýtdy.
Rus güýçleriniň garym baryny gazyp, şäheri goramaga taýýarlanýan wagtynda, Russiýa tarapyndan bellenen häkimiýetler Dnieper derýasynyň gündogar kenaryndaky ýaşaýjylary ewakuasiýa edýär diýip, ol aýtdy.
"Bu hiç kimiň yza çekilmäge taýýarlanmaýandygyny aňladýar. Muňa derek, Herson üstünde iň agyr söweşler bolar".
Zelenski 25-nji oktýabrda Herson şäherini yzyna almak wadasyny gaýtalady. Bu şäheriň ýitirilmegi Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin üçin uly ýitgi bolar öýdülýär.
Russiýa tarapyndan bölekleýin basylyp alnan we geçen aý Putiniň ele geçirilendigini jar eden dört ukrain sebitiniň arasynda Herson strategiki taýdan iň möhümi hasaplanylýar.
Bu sebit 2014-nji ýylda Russiýanyň bikanun anneksiýa eden Krym sebtine we Ukrainany ikä bölýän Dnieper derýasynyň gutarýan ýerine barýan ýeke-täk gury ýer ýoluna gözegçilik etmek mümkinçiligini berýär.
Şu aralykda, 25-nji oktýabrda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň Ukrainada taktiki ýadro ýaragyny ulanmagynyň "adatdan daşary çynlakaý ýalňyşlyk" boljakdygyny duýdurdy.
Dynç güni Moskwa Ukrainanyň öz çäginde “hapa bomba” diýilýän zady ulanmaga taýýarlanýandygyny öňe sürdi. Bu beýanat ABŞ we Ukrainany goldaýan beýleki ýurtlar tarapyndan derrew ret edildi.
Kiýew we onuň ýaranlary Russiýanyň bu beýanaty “keseki baýdak” astynda hüjüm etmek, “hapa bomba” diýilýän zady ulanjakdygyny öňe sürüp, Ukraina hüjüm etmek günäsini ýükläp, Moskwa tarapyndan adaty ýadro ýaraglarynyň ulanylmagyny delillendirmek üçin ulanyp biljekdigini çaklaýarlar.
"Meniň aýtjak bolýan zadym, taktiki ýadro ýaragyny ulanmak Russiýa üçin diýseň çynlakaý ýalňyşlyk bolar" diýip, Baýden žurnalistlere aýtdy. "Men entek munuň galp baýdak operasiýasydygyna kepil geçip bilmerin. Biz bilemizok. Ýöne bu çynlakaý ýalňyşlyk bolar" diýip, Baýden aýtdy.
Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu 23-nji oktýabrda NATO-nyň birnäçe ýurdundaky, şol sanda angliýaly, fransiýaly we amerikaly kärdeşleri bilen gürleşende öz aýdan zady barada hiç hili subutnama getirmedi. Kärdeşleri onuň aýdanlaryny ret etdiler.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 25-nji oktýabrda žurnalistlere "biziň gürrüňini edýän howpumyzyň çynlakaýdygy nazara alnanda”, Waşingtonyň Russiýanyň duýduryşyna üns bermekden ýüz öwürmegi “ýerliksiz" diýdi.
Hapa bomba adaty bir uruş ýaragyny ulanmak bilen, bir sebitde radioaktiw, biologiki ýa-da himiki materiallary ýaýradýan partlama döredip bilýär.
Moskwa Ukraina garşy bildiren aýyplamalaryny 25-nji oktýabrda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine ýetirdi we ýurduň BMG-däki ilçisi Dmitriý Polýanski Russiýanyň "kanagatlanandygyny, sebäbi özleriniň habardarlygy ýokarlandyrandygyny" aýtdy.
Halkara atom energiýasy agentligi (HAEA) 25-nji oktýabrda, Kiýewiň Moskwanyň beýanatlaryndan soň barlag geçirmek barada eden haýyşyna jogap hökmünde, ýakyn günlerde Ukrainanyň iki sebitine inspektor ibermäge taýýardygyny aýtdy.
Forum