Aşgabadyň häkimiýetleri Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda arzan bahadan doňdurylan eti satuwa çykardy. Bu çäre, soňky aýlarda Türkmenistanda ýerli mallaryň etiniň yzygiderli gymmatlaýan mahaly amal edildi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň paýtagtdaky dükanlarynda we bazarlardaky söwda nokatlarynda doňdurylan çylka et satylyp başlandy. Onuň 1 kilogramy 35 manat bahalanýar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Dükan satyjylary alyjylara berýän maglumatlarynda etiň daşary ýurtlardan import edilendigini aýdýarlar, ýöne nirede öndürilendigi barada jikme-jik maglumat bermeýärler.
Şol bir wagtda, arzan et alyjylara çäkli möçberde, ýagny 2 kilogramdan sähel gowrak mukdarda satylýar. Şeýle-de, alyjylar onuň ýany bilen möhleti geçen ýa-da ýaramlylyk möhletiniň gutarmagyna az wagt galan harytlary satyn almaga mejbur edilýär.
"Ne görnüş, ne-de tagam bar"
“Döwlet emeldarlarynyň indi ençeme ýyl bäri amal edip gelýän bu tejribesini berjaý etmediklere, ýagny möhleti geçen önümleri satyn almadyklara arzan et satylmaýar. Ýaşaýjylar etiň ýany bilen 900 gramdan plastik paketlere gaplanan ýerli tüwini 10 manada satyn almaly bolýarlar. Has takygy, 2 kilogramdan gowrak eti we onuň ýany bilen 1 kilograma golaý tüwini 100 manada satýarlar” diýip, paýtagtly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Alyjylar etiň tagamynyň “oňuşmazça däldigini, onuň ýerli et ýaly däldigini, ýöne oňa sogandyr tagam berijileri garyp, gowrup, tagama getirip bolýandygyny” aýdýarlar.
Şol bir wagtda olar möhleti geçen ýary, ownuk tüwüde ne görnüş, ne-de tagam bardygyny belleýärler.
“Üstesine-de, bu tüwi köpden bäri çygly ýerde saklanana meňzeýär. Sebäbi onda heň ysy bar. Köp adam zir-zibile taşlanmaly, möhleti geçen zaýa tüwini ilata iýdirýärler diýip, söwda ministrliginiň resmilerine nägilelik bildirýär” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Muňa garamazdan, habarçymyz arzan etiň hyrydarynyň köpdügini aýdyp, ýaşaýjylaryň et söwdasynyň uzaga çekmejeginden aladalanýandygyny belleýär.
"Arzan et söwdasy ýene bes ediler"
“Hökümet indi ençeme ýyl bäri käbir azyk önümlerini, ýurtda bellenýän şanly baýramçylyklara gabatlap, arzan bahadan satuwa çykaryp gelýär. Baýramçylyklar geçensoň, etiň satuwy ýene bes ediler” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň paýtagtdaky Söwda müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 4-nji dekabrda ministrligiň resmi web sahypasynda görkezilen telefon belgilerine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Türkmenistan 12-nji dekabrda öz bitaraplygynyň 30 ýyllygyny we 31-nji dekabrda Täze ýyl baýramyny belleýär.
Ýurtda uludan bellenilýän baýramçylyklaryň we şanly seneleriň öňüsyrasynda, döwlet dükanlarynda we bazarlarda azyk harytlarynyň käbir görnüşleri arzan bahadan satuwa çykarylýar. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmeýär we baýramçylykdan sanlyja gün ýa-da hepde soň aradan aýrylýar.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar soňky gezek sentýabr aýynyň ahyrynda bellenýän Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda bolupdy. Şonda arzan bahadan satuwa çykarylan doňdurylan etiň söwdasy baýramçylykdan birnäçe gün soň, oktýabryň başynda bes edildi. Şeýle-de, habarçymyz baýramçylyk günlerinde birneme arzanladylan azyk önümleriniň bahasynyň hem gaýtadan gymmatlandygyny aýtdy.
Türkmenistanda soňky bäş aýyň dowamynda ýerli etiň bahasy 100%-e çenli gymmatlap, ýurduň aglaba böleginde 1 kilogram çylka sygyr etiniň bahasy 160 manada ýetdi.
Türkmen häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu gymmatlama barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Ýöne häkimiýetler ilata arzan bahadan doňdurylan eti çäkli möçberde wagtal-wagtal hödürleýärler. Käbir sebitlerde bolsa, ýerli häkimiýetler et dükanlaryndan etiň bahasyny arzanlatmagy talap edýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum