Rus güýçleri Ukrainanyň gündogar Donetsk sebitinde gaýtadan hüjümlerini güýçlendirýär diýip, Ukrainanyň goşuny 26-njy awgustda aýtdy. Zaporižýa ýadro elektrik desgasy, aýdylmagyna görä, topa tutuşlyk zerarly desganyň golaýynda dörän ýangyn onuň öçürilmegine getirenden bir gün soň, ýurduň elektrik geçiriji ulgamyndan kesildi.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby ruslaryň öz hüjümlerini Bahmut we Awdiýewka ugurlaryna gönükdirendiklerini ýöne munuň “netije bermändigini” aýtdy.
Ukrainanyň “Enerhoatom” döwlet ýadro kompaniýasy 26-njy awgustda günorta Ukrainadaky Zaporižýa ýadro desgasynyň ýurduň elektrik geçiriji ulgamyndan kesilendigini aýtdy. Bir gün ozal, aýdylmagyna görä, topa tutuşlyk zerarly desganyň golaýynda dörän ýangynlar onuň öçürilmegine getirdi we ýadro betbagtçylygy babatda gorky döretdi.
Ýöne, “Enerhoatom” häzirki wagtda desganyň tehniki enjamlary ýa-da onuň howpsuzlyk ulgamlary bilen bagly hiç bir meseläniň ýokdugyny, desga üçin zerur bolan elektrik energiýasynyň wagtlaýyn Ukrainanyň elektrik ulgamynyň bir liniýasy arkaly üpjün edilýändigini aýtdy.
Kompaniýa desganyň işleýän iki reaktoryny elektrik geçiriji ulgama gaýtadan birikdirmek ugrunda işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
25-nji awgustda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ýewropanyň iň iri atom elektrik desgasynyň golaýyndaky sebitiň ruslar tarapyndan topa tutulmagy zerarly Zaporižýa desgasynyň elektrik üpjünçiliginiň birnäçe sagatlap kesilmeginden soňra, tas radiasiýa betbagtçylygynyň öňüniň alnandygyny aýtdy.
Rus hüjümleri kömür bilen işleýän golaýdaky bir elektrik bekediniň kül çukurlarynda ýangyn döredip, rus gözegçiligindäki desga 25-nji awgustda elektrik geçiriji ulgamdan kesildi diýip, Zelenski aýtdy, ýöne desganyň sowadyş ulgamlary we howpsuzlyk ulgamlary üçin zerur bolan elektrik energiýasy dizel generatorlary arkaly üpjün edildi.
Russiýa jogapkärçiligi ret etdi. Zaporižýä sebitine Moskwa tarapyndan oturdylan resmiler ýangyn we munuň yz ýany emele gelen elektrik bökdençligi bilen bagly Ukrainanyň ýaragly güýçlerini aýyplady.
Zelenski desgany urşuň ilkinji günlerinden bäri rus harbylarynyň gözegçiligi astynda işledýän ukrainaly tehniki işgärleri öwdi. Desgada sowetler döwründe işlenip düzülen aldy sany reaktor bar, ýöne urşuň arasynda olaryň diňe ikisi işleýär.
“Beketdäki biziň işgärlerimiz elektrik üpjünçiliginde dörän bökdençlige çäre görmedik bolanlarynda, biz eýýäm radiasiýa heläkçiliginiň netijeleriniň hötdesinden gelmäge mejbur bolardyk” diýip, Zelenski özüniň gijeki ýüzlenmesinde aýtdy.
“Russiýa Ukrainany we ähli ýewropalylary radiasiýa heläkçiligine bir ädim golaý ýagdaýa getirdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Desganyň elektrik geçiriji ulgamdan kesilmegi potensial howp abandyrýar, sebäbi, ätiýaç elektrik üpjünçilik ulgamlaryndaky bökdençlik sowadyjy suwuklygyň azalmagyna we reaktoryň ýadrosyndaky ýangyjyň eremegine getirip biler.
24-nji awgustda düşürilen we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň derňew bölümi bolan “Shemalar” gepleşigine gelip gowşan täze hemra suratlarynda desganyň territoriýasynyň üstünden ýuwaşlyk bilen süýşüp barýan tüsse bulutlaryny görmek bolýar.
Daşary ýurt resmileri bolmagy ahmal betbagtçylyk babatda duýduryş berýärler we rus hem-de ukrain güýçlerini Ýewropanyň iň iri ýadro stansiýasynyň howpsuzlygy ugrunda has köp iş etmäge çagyrmagy dowam etdirýärler.
Russiýa 24-nji fewralda Ukrainanyň üstünde çozandan iki hepde soňra desganyň gözegçiligini ele geçirdi we işçileri tussag alyp, olara tüpeň diräp, desgany işletdirýär. Bu desganyň ilkinji reaktory 1985-nji ýylda işe girizilipdi.
Günbatar liderleri ilkibaşda Russiýadan desgany Ukraina gaýtaryp bermegi talap etdiler, BMG-niň başlygy bolsa desganyň “harbysyzlaşdyrylmagyna” çagyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro gözegçisi, Halkara atom energiýasy agentligi elektrik stansiýasyny barlamak üçin missiýa ibermek niýetini mälim etdi.
Waşingtonda, Ak tamyň metbugat sekretary Karina Žan-Pierre 25-nji awgustda žurnalistlere “Russiýa desganyň töweregindäki zolagyň harbysyzlaşdyrylmagy babatda ylalaşmaly we ulgamyň howpsuzlygyny barlamak üçin Halkara atom energiýasy agentliginiň saparyna derhal rugsat bermäge razy bolmaly” diýdi.
Bu aralykda, Ukrainanyň Baş ştaby rus güýçleriniň Donetskde Slowýansk ugry boýunça şowsuz hüjüm operasiýalaryny amala aşyrandyklaryny we Ukrainanyň iň iri ikinji şäheri bolan Harkowa, şeýle-de Kramatorsk, Nowopawliwka, Zaporižýa sebitlerine hem-de Piwdenniý Buh sebitine artilleriýa, tank we raketa hüjümlerini dowam etdirendiklerini aýtdy.
Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu asuda ilata agyr zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak üçin Moskwanyň hüjüm depginini ýörite gowşadýandygyny öňe sürse-de, Russiýanyň gündogar we günorta Ukraina edýän hüjümleri, görnüşinden, köp sanly adam we harby tehnika ýitgileri zerarly haýallady.
Britaniýanyň Goranmak ministrligi özüniň 26-njy awgustdaky gündelik aňtaw brifinginde Şoýgunyň beýanatynyň tas anyk “bilgeşleýin ýalňyş maglumat” bolandygyny aýtdy.
Britan aňtawy Russiýanyň harby ukybynyň pese gaçmagy zerarly hem-de gazaply ukrain garşylygy sebäpli Russiýanyň hüjümleriniň säginendigini aýtdy.
Şeýle-de, britan aňtawy Şoýgunyň hem-de prezident Wladimir Putiniň ýeterlik derejede çalt ilerlenilmezligi sebäpli azyndan alty generaly işden boşadan bolmagynyň “gaty mümkindigini” aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum