Ukraina: Russiýa soňky 24 sagadyň dowamynda Hersona 100 gezek ganly artilleriýa zarbalaryny urdy

Herson Dnepr derýasynyň aňyrsyndan yzygiderli rus hüjümleri tarapyndan nyşana alynýar.

Russiýa Hersony top okuna tutmagy ýygjamlaşdyryp, soňky 24 sagadyň dowamynda günorta ukrain sebitine 100 gezek zarba urdy we asuda raýatlary öldürdi, giň ýaýran zyýan çekmelere getirdi diýip, bir sebit resmisi 13-nji oktýabrda aýtdy. Harbylar Moskwanyň gündogar Donetsk şäheriniň günortasyndaky Awdiýiwka şäherçesini ele geçirmek synanyşyklaryny dowam etdirýändigini aýtdy.

Hersonyň häkimi Oleksandr Prokudin rus güýçleriniň 49 gezek top okuna tutulan sebit paýtagty Herson şäherine zarba urmak üçin artilleriýadan, minomýotlardan, “Grad” raketalaryndan, tanklardan we dronlardan peýdalanandygyny aýtdy.

“Iki adam öldürildi we alty adam ýaralandy, olaryň biri çaga” diýip, Prokudin aýtdy we zarbalarda Hersonyň Beryslaw etrabynda bilim edaralarynyň, öýleriň, köp gatly ýaşaýyş jaý bloklarynyň, bir saglyk edarasynyň hem-de bir senagat platformasynyň ýykylandygyny aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi.

Bir ýyl mundan ozal ukrain goşunlary tarapyndan bölekleýin azat edilen Herson Dnepr derýasynyň aňyrsyndan yzygiderli rus hüjümleri tarapyndan nyşana alynýar.

Rus güýçleri sebitde öňe gidişlik gazanmak tagallalarynyň çäklerinde Awdiýiwka yzygiderli hüjümlerini ýygjamlaşdyrýarlar, ol ýerde ukrain güýçleri soňky 24 sagatda 20 hüjümi yza serpikdirdiler diýip, Baş ştab 13-nji oktýabrda aýtdy.

Degişli maglumat Rus dronlary Dunaý portlarynyň desgalaryna zyýan ýetirdi, ýarag galyndylary Rumyniýa gaçdy

Ukrain güýçleri Melitopolyň günorta ugry boýunça hem-de Donetskiň Bahmut sebitinde ýokarlanýan öňe gidişligi dowam etdirip, 64 sany ýakyn söweş çaknyşygyna girdi diýip, harbylar aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenski Telegram habarynda Awdiýiwkanyň goragçylaryny öwdi.

“Men öz dözümliligi üçin her bir esgere, her bir bölüme minnetdar” diýip, Zelenski ýazdy.

Soňky söweşler rus dron zarbalarynyň tolkunlarynyň Kiýewiň galla eksporty üçin möhüm bolan Dunaýdaky port gurnamalaryny urup, zyýana we ýaralanmalara getirmeginden hem-de Rumyniýanyň Ukraina serhedine golaý çäginde ýene-de dron galyndylaryny tapyp, Russiýa hüjümleri bes etmegi duýdurmagyndan bir gün soň boldy.

Ukraina, BMG-niň araçylygynda baglaşaylan we Gara deňiz portlaryndan ukrain galla önümleriniň howpsuz geçirilmegine ýol berýän şertnama iýul aýynda bozulaly bäri, Rumyniýanyň Gara deňizdäki Konstanta portuna azyk ibermek üçin Rumyniýa bilen serhetde ýerleşýän Dunaý portlaryny, Reni we Izmaýil portlaryny ulandy.

Rumyniýanyň Goranmak ministrligi Buharestde pilotsyz uçaryň partlamagy netijesinde dörän ullakan çukuryň 12-nji oktýabrda, Dunaý bilen Ukraina serhediniň golaýynda tapylandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Zelenski Buharest saparynda Iohannis bilen howpsuzlyk gepleşiklerini geçirýär

Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminita Odobesku Izmaýildaky dron zarbalarynyň “agyr netijeleriniň” bolandygyny aýtdy.

“Rumyniýada täsiriň täze subutnamalary tapyldy. Biz Russiýany uruş jenaýatlaryny bes etmäge çagyrýarys” diýip, ol öň Twitter hökmünde bilinýän X sosial ulgamynda aýtdy.

Bu aralykda, Ukraina Russiýanyň geçen hepdede azyk dükanyna eden raketa zabasynda öldürilen 59 adamyň ählisiniň şahsyýetini anyklady.

Ukrainanyň içeri işler ministri Ihor Klymenko 12-nji oktýabrda geçen hepdede Harkow sebitinde bir azyk dükanyna we kafe edilen hem-de rus raketa hüjümi bolandygy güman edilýän zarbada öldürilen 59 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy diýip, Telegramda ýazdy.

5-nji oktýabrda raketa zarbasy Hroza obasyndaky ýeri urdy we şol wagt adamlar ýas çäresine gatnaşýardy.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy 11-nji oktýabrda Harkow sebitiniň iki öňki ýaşaýjysynyň, doganlar Dmytro we Wolodymyr Mamonyň hüjümiň utgaşdyrylmagynda Russiýa ýardam bermekde güman edilýändiklerini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.