Prezident Wolodymyr Zelenski 10-njy oktýabrda Rumyniýa geldi. Ol Buharestde rumyn kärdeşi Klaus Iohannis we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşyp, Russiýanyň geçen ýylyň fewral aýynda başlan çozuşyndan bäri edýän ilkinji saparynda howpsuzlyk meseleleri barada gepleşikler geçirýär.
Zelenski Kotroçeni köşgünde Iohannis we beýleki rumyn resmileri tarapyndan garşy alyndy.
Iýul aýynda BMG-niň araçylyk etmeginde baglaşylan we Gara deňiz portlaryndan ukrain gallasynyň howpsuz geçmegine şert döreden şertnama bozulaly bäri, Ukraina özüniň Dunaý boýundaky Reni we Izmaýil portlaryny, NATO agzasy bolan Rumyniýa bilen serhedindäki desgalaryny bu ýurduň Gara deňizdäki Konstanta portuna azyk ibermek üçin peýdalandy.
Russiýa Renä we Izmaýile birnäçe dron hüjümini gurnap, port desgalaryna we däne enjamlaryna zyýan ýetirdi, rus pilotsyz uçarlarynyň bölekleri bolsa, Rumyniýanyň çägine gaçyp, zyýan ýa-da şikes ýetirmese-de, serhetýaka sebitlerinde ýaşaýanlaryň arasynda uly alada döretdi.
"Ukraina Puminiýanyň biziň döwletimizi güýçlendirýän goldawy, şeýle-de onuň biziň ýurtlarymyzyň dünýä howpsuzlygy, hususan-da azyk howpsuzlygy babatynda donor, hemaýatkär bolmagyna mümkinçilik berýän gurujy raýdaşlygy üçin minnetdar" diýip, Zelenski X-de ýazdy.
"Rumyniýa bize iň kyn günümizde kömek eden we berýän goldawlary wagtyň geçmegi bilen has güýçlenýän dost bolup durýar. Men bu saparyň biziň halklarymyzyň ikisi üçin-de peýdaly boljakdygyna ynanýaryn" diýip, Zelenski aýtdy.
Rumyniýa ABŞ-da öndürilen F-16 söweş uçarlaryny ulanjak ukrain uçarmanlaryny synagdan geçirmek üçin guruljak merkeziň mümkin bolan ýeri hökmünde saýlanyp alyndy.
Ukrainanyň howa goragy öten agşam Russiýanyň uçuran pilotsyz uçarlarynyň 26 sanysyny urup gaçyrdy diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 10-njy oktýabrda çap eden gündelik hasabatynda aýtdy.
"Russiýa Federasiýasy Ukraina garşy ýene bir howa hüjümini gurnady, bu gezek “Şahed-136/131” kysymly dronlaryň 36 sanysy ulanyldy. Howa goragy güýçleri 26 sany pilotsyz uçary ýok etdi” diýip, habarda aýdylýar.
Rus pilotsyz uçarlary Odesa, Mikolaýiw we Dnipropetrowsk sebitlerini nyşana aldy. Odesa şäherinde bolan partlama barada tassyklanmadyk habarlar gelip gowuşdy.
Odesa sebitiniň häkimi Oleh Kiper anyklaşdyrylmadyk "logistika infrastrukturasyna" zarba urlandygyny aýtdy.
Söweş meýdanyndan gelen habarlara görä, ukrain goşuny demirgazyk-gündogar Harkow sebitinde, Luhansk sebitiniň we Donetskiň gündogar sebitlerinde bäş sany rus hüjümini yzyna serpikdirendigini aýtdy.
Baş ştab ukrain güýçleriniň Donetskiň Bahmut sebitinde we Zaporižýa sebitiniň Melitopol ugrunda alyp barýan hüjüm operasiýalaryny dowam etdirýändigini aýtdy.
Ukrain goşunlary, garşylykly hüjüm başlanaly bäri, birnäçe aýa çeken ganly söweşlerden soň, şu ýylyň başynda rus goşunlarynyň eline geçen Bahmut sebitindäki hüjüm operasiýalaryny dowam etdirýärler.
Ukrain goşunlary gündogarda ruslaryň basyp alan ýerlerini 2014-nji ýylda Moskwa tarapyndan bikanun anneksiýa edilen Krym ýarym adasy bilen birikdirýän gury ýer baglanyşygyny kesmek üçin Melitopol şäherine çykmaga synanyşýarlar.
Söweş meýdanyndan berlen habarlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.
Forum