Russiýanyň Dunaý portuna uran dron zarbalarynyň täze tolkuny Kiýewiň galla eksporty üçin möhüm bolan desgalaryna zyýan ýetirdi diýip, ukrain häkimiýetleri 12-nji oktýabrda, irden aýtdylar. NATO agzasy Rumyniýa bolsa, Ukraina bilen aradaky serhet ýakasynda pilotsyz uçaryň döreden ullakan çukuryny we dron galyndylaryny tapandygyny aýtdy.
Ukrainanyň Günorta Goranmak güýçleri we Odesanyň sebit häkimi Oleh Kiper howa goranyşynyň Russiýanyň Odesa we Mikolaýiw sebitlerine gönükdiren 33 sany “Şahid” dronynyň 28 sanysyny urup ýykandygyny, emma dürli ugurlardan uçurylan pilotsyz uçarlaryň käbiriniň çylşyrymly traýektoriýalary we ýer aýratynlyklaryny ulanyp, Ukrainanyň Dunaý derýasynyň boýundaky Izmaýil portunda ýerleşýän däne ammarlaryna zarba urandygyny aýtdy.
Ukraina, BMG-niň araçylygynda baglaşaylan we Gara deňiz portlaryndan ukrain galla önümleriniň howpsuz geçirilmegine ýol berýän şertnama iýul aýynda bozulaly bäri, Rumyniýanyň Gara deňizdäki Konstanta portuna azyk ibermek üçin Rumyniýa bilen serhetde ýerleşýän Dunaý portlaryny, Reni we Izmaýil portlaryny ulandy.
Kiper telegramda beren habarynda Izmaýildäki port infrastrukturasyna we ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetendigini, birnäçe ýangynyň turandygyny, ýöne çalt öçürilendigini aýtdy. Kiper 88 ýaşly bir aýalyň ýanyk ýaralaryny alandygyny we keselhanada gyssagly bejergi alýandygyny hem sözüne goşdy.
Prezident Wolodymyr Zelenski ukrain goşunlarynyň rus güýçleriniň Donetskiň gündogar sebitindäki senagat şäherine, Awdiýiwka garşy täzeden başlanan hüjümlerine garşy durýandygyny aýtdy. Uruşdan öň 31 müň çemesi ilaty bolan şäherde häzir takmynan 2000-e çenli adamyň ýaşaýandygy habar berilýär.
"Awdiýiwka. Biz ýerimizi bermän saklaýarys" diýip, Zelenski telegramda ýazdy. "Bu urşuň nähili gutarjakdygyny ukrain batyrlygy we jebisligi kesgitlär. Biziň ählimiz muny ýatda saklamaly" diýip, prezident aýtdy.
Baş ştab biraz öň ukrain goşunlarynyň soňky 24 sagadyň dowamynda Awdiýiwka sebitinde 10 sany rus hüjümini yzyna serpikdirendigini habar berdi.
Rumyniýanyň Goranmak ministrligi Buharestde pilotsyz uçaryň partlamagy netijesinde dörän ullakan çukuryň 12-nji oktýabrda, Dunaý bilen Ukraina serhediniň golaýynda tapylandygyny aýtdy.
Rumyn metbugaty bu çukuryň diametriniň 4 metr, çuňlugynyň 1,5 metr bolandygyny, onuň içinden porsy dron galyndylarynyň tapylandygyny habar berdi.
12-nji oktýabr wakasyndan öň, şu ýyl Rumyniýanyň ukrain serhedine ýakyn ýerlerinde üç pilotsyz uçaryň galyndylary tapyldy.
Rus goşunlary öten agşam günortadaky Herson sebitine hüjüm edip, 70 ýaşly bir adamy öldürdi diýip, sebit häkimi Oleksandr Prokudin telegramda habar berdi.
Şu aralykda, Russiýanyň günortasyndaky Belgorod sebitiniň gubernatorynyň aýtmagyna görä, urlup ýykylan we galyndylary ýaşaýyş jaýynyň üstüne gaçan dron üç adamyň ölümine sebäp boldy.
“Belgorodyň eteginde, pilotsyz howa ulagynyň ýykylmagy netijesinde, iki sany ýaşaýyş jaýy ýumruldy, dörän partlama birnäçe ýaşaýyş jaýyna we awtoulaga zyýan ýetirdi, ýöne iň möhümi üç adam öldi, olaryň biri kiçijik çaga" diýip, Wýaçeslaw Gladkow 12-nji oktýabr güni irden aýtdy.
Gladkow ýene iki adamyň keselhana ýerleşdirilendigini, olaryň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.
Ol gürrüňi edilýän pilotsyz uçar hüjüminde Ukrainany gönüden-göni günäkärlemedi we bu maglumatlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
Raýat we energiýa infrastrukturasy Moskwanyň pilotsyz uçarlarynyň hüjümine we howa zarbalaryna yzygiderli sezewar bolýan Ukraina soňky aýlarda Russiýanyň serhetýaka sebitlerine edýän dron hüjümlerini güýçlendirdi.
Çehiýanyň Goranmak ministrligi "gelýän aýlarda" Ukraina pyýada söweş ulaglaryny, tanklary we beýleki agyr ýaraglary berjekdigini aýtdy.
"Çehiýanyň hususy kompaniýalarynyň önümçiliginden we ammarlaryndan alnan enjamlar Daniýanyň hökümetiniň hasabyna ukrain ýaragly güýçlerine eltilip berler" diýip, ministrligiň beýannamasynda aýdylýar.
11-nji oktýabrda, Zelenski sowuk gyş möwsüminiň öňüsyrasynda uruş sebäpli weýran bolan ýurda has köp goldaw soramak üçin NATO-nyň Belgiýadaky baş edarasyna baranda, ABŞ Ukraina ýene-de 200 million dollarlyk täze harby kömek bukjasyny berjekdigini yglan etdi.
Forum