Kiýew ukrain howa goranyş ulgamlarynyň ruslaryň nobatdaky dron hüjümlerini yza serpikdirendigini aýdýar

Bir ukrain esgeri gündogar Donetsk sebitindäki front çyzygynyň golaýynda elini oda çoýýar. 23-nji noýabr.

Rus güýçleri öten agşam Ukraina ýene pilotsyz uçarlar we gönükdirilýän raketalar bilen zarba urdy diýip, Kiýew 24-nji noýabrda irden aýtdy. Russiýa bolsa, özüniň basylyp alnan Krymda we günorta Wolgograd sebitinde Ukrainanyň 16 sany pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny aýtdy.

Russiýa bu hüjümde Eýranda öndürilen üç sany pilotsyz uçardan we iki sany “Kh-59” gönükdirilýän raketadan peýdalandy diýip, Ukrainanyň howa goranyşy aýtdy we ähli pilotsyz uçarlaryň urlup ýykylandygyny sözüne goşdy.

Ol nyşana alnan sebitler barada jikme-jik maglumat bermedi.

Günbatar Hmelnitskiý sebitiniň häkiminiň orunbasary Serhiý Týuryn howa goranyş ulgamlarynyň dronlara garşy ot açandygyny aýtdy.

Týuryn adam ýitgileri ýa-da ýetirilen zyýan barada bada-bat maglumatlaryň bolmandygyny aýtdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 24-nji noýabrda özüniň howa goranyş ulgamlarynyň Krym ýarymadasynyň hem-de Wolgograd sebitiniň üstünde öten agşam 16 sany ukrain pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny aýtdy.

Degişli maglumat Rus goşunlary Dnipropetrowsk, Herson sebitleriniň raýat infrastrukturasyny topa tutýar

“Tabşyrykdaky howa goranyş ulgamlary 16 sany uçarmansyz howa ulaglaryny, olaryň 13 sanysyny Krym ýarymadasynyň üstünde, üç sanysyny Wolgograd sebitiniň çäginde, ýok etdi” diýip, ministrlik jikme-jiklik bermän, özüniň Telegram kanalynda aýtdy.

Bu öňe sürme garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi. Ukraina teswir bermedi.

Bu aralykda, günorta Ukrainadaky aýrybaşga rus zarbalarynda azyndan dört parahat ýaşaýjy öldürildi.

Rus güýçleri 23-nji noýabrda günorta Ukrainanyň Herson sebitinde raýat we infrastruktura desgalaryny nyşana alanda azyndan dört parahat raýat öldürildi we bäş adam ýaralandy diýip, resmiler aýtdy. Ukraina öňümizdäki gyş paslynda energetika desgalaryna edilýän hüjümleriň ýokarlanmagyna taýýarlyk görýär.

Rus artilleriýasy Herson sebitinde Çornobaiwka zarba urup, üç adamy öldürdi we başga-da bäş adamy ýaralady diýip, içeri işler ministri Klymenko Telegramda aýtdy.

Klymenko hüjümlerde 60-dan gowrak ýaşaýyş binalaryna we täjirçilik desgalaryna hem zeper ýetendigini aýtdy.

Herson sebitinden 100 kilometr çemesi demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Beryslaw şäherinde rus pilotsyz uçary tigir sürüp barýan uly ýaşly bir adama zarba urdy diýip, sebit häkimi Oleksandr Prokudin Telegramda ýazdy.

“Rus goşuny Beryslaw şäheriniň uly ýaşly ýaşaýjysyny öldürdi. Irden 11:30 töwereklerinde, basyp alyjylar köçede welosiped sürüp barýan bir tigirçä hüjüm etmek üçin dron ulandy. Gynansak-da, 70 ýaşly erkek adam ölüm howply ýara aldy” diýip, Prokudin aýtdy.

Degişli maglumat Rus toplary ýene asuda adamlary öldürýär, Ukraina täze dron tolkunynyň öňüni alýar

Biraz öň, rus toplary Herson şäherinde 45 ýaşly asuda adamy ýaralady diýip, harby administrasiýanyň başlygy Roman Mroçko hasabat berdi.

Ukrain güýçleriniň bir ýyl ozal azat eden şäheri bolan Herson, çep kenara çekilmäge mejbur bolan rus güýçleri tarapyndan, Dniepr derýasynyň aňry ýüzünden yzygiderli top okuna tutulýar.

Beýleki bir günorta sebitde, Dnipropetrowskda öten agşam Krywiý Rih we Nikopol şäherlerine, şeýle-de bu şäherleriň töweregine hüjüm edildi diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak 23-nji noýabrda aýtdy. Ol bu ýerlerde pida bolanlaryň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Gündogardaky Harkow we Donetsk sebitlerinde söweşýän ukrain güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda 74 sany ýakyn aralyk söweşine gatnaşdy diýip, ukrain goşunynyň baş ştabynyň 23-nji noýabrda çap eden gündelik hasabatynda aýdylýar.

Söweş meýdanynda bolup geçýän wakalar baradaky habarlary bada-bat garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.