Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Dnipropetrowsk, Herson sebitleriniň raýat infrastrukturasyny topa tutýar


Top hüjüminden soň
Top hüjüminden soň

Rus güýçleri Ukrainanyň günortasyndaky Dnipropetrowsk, Herson sebitleriniň raýat infrastrukturasyny nyşana alyp, zyýan ýetirdiler diýip, sebit resmileri 23-nji noýabrda, Ukrainanyň ýetip gelen gyşda energiýa desgalaryna edilýän hüjümleriň has güýçlenmek ähtimallygyna görülýän taýýarlygyň arasynda aýtdylar.

Dnipropetrowsk sebitinde öten agşam Krywiý Rih we Nikopol şäherlerine, şeýle-de bu şäherleriň töweregine hüjüm edildi diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak 23-nji noýabrda aýtdy. Ol bu ýerlerde pida bolanlaryň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

"Gije ýarymy töwereklerinde Kryworizka etrabynda partlama boldy. Duşmanyň atan raketasy infrastruktura nyşanasyna gönükdirildi. Ol hiç bir adamy ýaralaman, öldürmän geçdi. Agressor Nikopol sebitiniň etegindäki Çerwonohryhoriwka etrabyny agyr artilleriýa okuna tutdy. Adam pidasy bolmady” diýip, Lysak telegramda ýazdy.

Ruslaryň atan toplary Hersonda bir asuda adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, şäheriň harby administrasiýasynyň başlygy Roman Mroçko habar berdi.

"Rus goşunlary sagat 1 töwereginde wagtlaýyn basylyp alnan çep kenardan Hersonyň ýaşaýyş jaýlaryny topa tutdy. Duşman hüjümi netijesinde 45 ýaşly bir adam ýaralandy. Oňa lukmançylyk kömegi berildi" diýip, Mroçko telegramda ýazdy. Ol bu hüjümiň ýaralanan adamyň kwartirasyna hem zyýan ýetirendigini aýtdy.

Ukrain güýçleriniň bir ýyl ozal azat eden şäheri bolan Herson, çep kenara çekilmäge mejbur bolan rus güýçleri tarapyndan, Dniepr derýasynyň aňry ýüzünden yzygiderli top okuna tutulýar.

Rus goşunlarynyň şäher merkezine atan topy bir gün öň, 22-nji noýabrda 42 ýaşly bir adamyň ölümine sebäp boldy.

Gündogardaky Harkow we Donetsk sebitlerinde söweşýän ukrain güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda 74 sany ýakyn aralyk söweşine gatnaşdy diýip, ukrain goşunynyň baş ştabynyň 23-nji noýabrda çap eden gündelik hasabatynda aýdylýar.

Ukraina goşunlary Harkowda rus güýçleriniň Synkiwka, Petropawliwka we Iwaniwka töwereklerinde eden 12 hüjümini yzyna serpikdirdi.

Şeýle-de, ukrain goşunlary Donetsk sebitindäki Bahmut şäherine edýän hüjümlerini dowam etdirdiler. Bu şäher şu ýylyň başynda, birnäçe aýlap dowam eden ganly söweşlerden soň, rus goşunlaryna tabyn bolupdy.

Rus güýçleri Bahmut sebitindäki ukrain pozisiýalaryna garşy 42 sany kamikadze dronuny ugratdy, ýöne bu şowsuz boldy diýip, harbylar aýtdy.

Donetskdäki ýene bir gyzgyn nokatda, Awdiýiwkada hem rus goşunlary ukrain güýçleriniň goraýan senagat şäheriniň daşyny gabamak üçin edýän şowsuz synanyşyklaryny dowam etdirdiler.

Söweş meýdanynda bolup geçýän wakalar baradaky habarlary bada-bat garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.

Russiýanyň biraz öň Selydowa uran raketa zarbasy hem asuda adamlaryň ölümine sebäp boldy.

Raketa zarbasy bu ýerdäki hassahananyň iki binasyna we kömür känine zyýan ýetirdi diýip, häkimiýetler aýtdylar.

"Hassahananyň binasynyň harabalyklaryndan ýene bir jeset tapyldy .... Raketa hüjümi netijesinde jemi üç adam öldi" diýip, döwlet gyssagly kömek gullugy 22-nji noýabrda telegramda habar berdi.

Forum

XS
SM
MD
LG