Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus toplary ýene asuda adamlary öldürýär, Ukraina täze dron tolkunynyň öňüni alýar


Ukraina tankçysy
Ukraina tankçysy

Ukrainanyň howa goragynyň rus pilotsyz uçarlarynyň ýene bir tolkunyna garşy durmagy bilen, rus goşunlary 22-nji noýabr güni irden Ukrainanyň Dnipropetrowsk sebitindäki Nikopol şäherini topa tutup, adam pidalaryna we zyýana sebäp boldy diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak telegramda aýtdy.

"Basybalyjylar Nikopol sebitini öten agşamdan bäri dört gezek agyr artilleriýa okuna tutdular diýip, Lysak ýazdy we azyndan iki sany parahat ýaşaýjynyň ýaralanandygyny hem sözüne goşdy.

"Şäher merkezinde 61 we 37 ýaşly iki adam ýaralandy, sekiz sany hususy jaýa, awtoulaga we gaz geçirijä zyýan ýetdi" diýip, Lysak atylan toplaryň elektrik liniýalaryny hem üzendigini, netijede 1200-den gowrak maşgalanyň toksuz galandygyny habar berdi.

Rus artilleriýasy we pilotsyz uçarlary Nikopoly gaýta-gaýta nyşana alyp, parahat ilatyň arasynda adam pidalaryna sebäp boldy, infrastruktura zyýan ýetirdi. Geçen hepde bir pilotsyz uçaryň uran zarbasy bir adamyň ölümine sebäp boldy.

Şu aralykda, Ukrainanyň howa goragy 22-nji noýabr güni irden beýanat edip, Russiýanyň öten agşam birnäçe sebitde pilotsyz uçar hüjümini gurnandygyny, emma Eýranda öndürilen 14 dronyň ählisiniň urlup ýykylandygyny aýtdy.

Beýanatda pilotsyz uçarlaryň Dnipropetrowsk, Zaporižýa, Kiýew, Žittomyr, Winnitsiýa we Hmelnytskiý sebitlerinde urlup gaçyrylandygy aýdylýar.

Şeýle-de, rus goşunlarynyň atan ganatly raketasynyň gönükdirilen nyşanasyna ýetmän, Zaporižýa sebitinde ýere gaçandygy we infrastruktura zyýan ýetirendigi aýdylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi ýurduň howa goragy bölümleriniň basylyp alnan Krymyň asmanynda üç sany ukrain pilotsyz uçaryny, şeýle-de Ukrainanyň dört sany deňiz dronyny ýok edendigini aýtdy.

"Ukrainanyň üç sany uçarmansyz uçary Krym respublikasynyň çäginde howa goragy tarapyndan ýok edildi" diýip, ministrlik aýtdy.

Şeýle-de ministrlik dört sany deňiz dronynyň Kryma tarap barýan wagtynda, Gara deňziň günbatar böleginde ýok edilendigini öňe sürdi. Emma bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaý tassyklanylyp bilinmedi.

Ukrain güýçleriniň söweş meýdanyndan beren habaryna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda öň hatarda 48 sany ýakyn aralyk söweşi boldy.

Ukrain goşunynyň baş ştaby rus goşunlarynyň Donetsk sebitiniň Liman, Bahmut, Awdiýiwka ugurlarynda edýän hüjümleriniň yzyna serpikdirilýändigini aýtdy.

Baş ştabyň maglumatyna görä, şu ýylyň başynda, ruslaryň eline geçmezden öň agyr we dowamly söweşlere şaýat bolan Bahmutda ukrain güýçleri hüjüm operasiýalaryny amala aşyrýar.

Germaniýa 21-nji noýabrda Ukraina ýene-de 1,3 milliard ýewro (1,42 milliard dollar) kömek berjekdigini aýtdy. Bu kömek dört sany kuwwatly IRIS-T howa goragy ulgamyny we artilleriýa ok-därilerini hem öz içine alar.

Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius bu kömegi Kiýewe eden sapary wagtynda yglan etdi.

Germaniýa Kiýewe goranyş kömegini bermekde ABŞ-dan soň ikinji orunda durýar we mundan öň Ukrainany üç sany häzirki zaman IRIS-T ulgamy bilen üpjün etdi. Olaryň iň soňkusy ýurda geçen aý getirildi.

Forum

XS
SM
MD
LG