Ukraina Soledardaky gazaply söweşleriň arasynda, Donetsk liniýasynyň 'saklanýandygyny' aýdýar

“Maxar Technologies” tarapyndan 11-nji ýanwarda ýaýradylan satellit suratlarynda birnäçe hepde bäri dowam edýän güýçli söweşlerde Soledaryň weýran bolandygyny görse bolýar.

Russiýanyň Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk sebitinde ýerleşýän Soledar şäherine edýän hüjümleri, ruslaryň şäheriň basylyp alnandygy barada ozalky öňe sürmelerine garamazdan, tutuş gijäniň dowamynda dowam etdi.

Rus güýçleri strategiki Bahmut şäheriniň demirgazyk-gündogar çetinde ýerleşýän şähere ot açmak üçin artilleriýa oklaryny, raketalary we uçarlary ulandylar. Eger Soledar basylyp alynsa, onda bu şäheri ele salmak hem aňsatlaşýar.

“Maxar Technologies” tarapyndan 11-nji ýanwarda ýaýradylan satellit suratlarynda birnäçe hepde bäri dowam edýän güýçli söweşlerde Soledaryň weýran bolandygyny görse bolýar.

Degişli maglumat Kiýew ruslaryň Soledar üçin 'baş goýýandygyny', ýene 500 duşmanyň öldürilendigini aýdýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý gündelik wideo ýüzlenmesinde Soledaryň “basybalyjylar tarapyndan bütinleý weýran edilendigine garamazdan”, “Donetsk liniýasynyň saklanýandygyny” aýtdy.

Ukrainanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň ýaýradan aýrybaşga beýanatynda söweşiň dowam edýändigi mälim edildi.

Beýanatda ähli Donetsk sebitini öz gözegçiligine geçirmek üçin rus goşunynyň golaýdaky Bahmut şäherine hüjüm etmäge we Soledara üpjünçilik ýollaryny kesmäge synanyşýandygy hem aýdylýar.

Mundan ozal, Russiýanyň “Wagner” toparynyň başlygy, Kreml bilen ilteşikli işewür Ýewgeniý Prigožin 10-njy ýanwar güni giçlik öz güýçleriniň şäheri ele geçirendigini aýtdy.

"Soledaryň terrotoriýasynyň ukrain goşunynyň bölümlerinden doly azat edilendigini we arassalanandygyny tassyklamak isleýärin .... Boýun egmek islemedik ukrain bölümleri ýok edildi" diýip, ol 11-nji ýanwarda ýaýradan beýantynda belledi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bu öňe sürmeleriň hiç birini özbaşdak barlap bilmedi.

Gijäniň dowamynda rus goşuny günortadaky Zaporižžýa şäherine hem hüjüm etdi diýip, ýerli ukrain resmileri habar berdiler.

Ýerli wagt bilen gije sagat 3-den sähel geçensoň edilen hüjümde käbir infrastruktura zeper ýetdi, ýöne adam pidasy bolmady diýip, şäher geňeşiniň resmisi Anatoliý Kurtew aýtdy.

Degişli maglumat Ukraina Gündogarda rus hüjümlerini yzyna serpikdirýändigini aýdýar

Oktýabr aýyndan bäri Russiýa Ukrainanyň hemme ýerinde elektrik ulgamyny we beýleki raýat infrastrukturasyny nyşana alýan howa zarbalaryny amala aşyrýar. Bu zarbalar elektrik, suw we ýyladyş ulgamynyň üpjünçiliginde bökdençlikleri döredýär.

11-nji ýanwarda Moskwa Kremliň "ýörite harby operasiýa" diýip atlandyrýan Ukrainadaky söweşine Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimowy baş serkerdebaşy belläp, harby gurluşynyň üýtgedilip gurulýandygyny mälim etdi.

Gerasimow general Sergeý Surowikiniň ýerine wizipä bellendi. söweşiň baş serkedebaşysy wezipesine bary-ýogy üç aý öň bellenen Surowikin Gerasimowyň orunbasary wezipesine bellendi.

ABŞ-da ýerleşýän "Urşy öwrenýän institutyň" 11-nji ýanwarda ýaýradan maglumatynda Russiýanyň "ok-däri ýetmezçiliginden ejir çekýändigi" we munuň "rus güýçleriniň hüjüm operasiýalaryny dowam etdirmegine päsgel berýändigi" öňe sürüldi.

Moskwada, Russiýanyň mejlisiniň aşaky palatasy bolan Döwlet Dumasynyň bir deputaty, kanun çykaryjylaryň rus esgerleriniň sanyny 30 göterim artdyrmak maksady bilen harby gulluk üçin ýokary ýaş çägini 30 ýaşa çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Dumanyň Goranmak komitetiniň başlygy Andreý Kartapolow, häzir 18 ýaş bolan aşaky ýaş çäginiň "geçiş döwründen" soň, bir ýyldan üç ýyla çenli aralykda 21 ýaşa çenli ýokarlandyryljakdygyny aýtdy.

Degişli maglumat Ruslar gazaply 'taktiki' hüjüm edýär, esasy üns 'iň gyzgyn nokada' öwrülen Soledarda

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.