Ukrainanyň Goranmak ministrligi rus güýçleriniň gündogardaky duz-magdan şäherini, Soledary ele geçirmek üçin edýän dowamly hüjümlerinde "ägirt uly ýitgi" çäkýändigini aýdyp, bu synanyşygy “dälilik” hökmünde häsiýetlendirdi we ýerli jemgyýetiň ykbalynyň ‘gyldan asylana’ meňzeýändigini belledi.
Rus goşunlarynyň prawoslawlaryň dini baýramçylygyna gabat birtaraply yglan edilen ýaraşyk wagtynda, Donetsk sebitinde we onuň çäginde ýerleşýän 200 kilometr çemesi aralyga uzaýan ulanylmaýan ýerasty ötüklerde, Soledary ele geçirmek üçin gaýtadan toparlanandygy aýdylýar.
Ukrainanyň baş ştaby 11-nji ýanwar güni irden Russiýanyň bir gün ozal 490 töweregi esgerini ýitirendigini öňe sürdi. Bu aýdylýanlar Russiýa tarapynda ölenleriň sanynyň takmynan 113,000 esgere ýetirendigini aňladýar.
Uruşýan taraplaryň ikisi hem öz goşunlarynyň çeken ýitgileri baradaky maglumatlary gizlin saklaýar we Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy agyr uruş şertlerinde iki tarapyň söweş meýdanyndaky wakalar barada berýän maglumatlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmeýär.
Soledardaky hüjümleriň öňüni çekýändir öýdülýän hakyna tutulan söweşijileriň, wagnerçileriň başlygy Ýewgeniý Rogožin 10-njy ýanwarda öz esgerleriniň şäheriň ähli ýerini diýen ýaly alandyklaryny aýtdy. Ýöne ol şäher merkezindäki "gazanda" henizem gazaply söweşleriň barýandygyny belledi.
Ukrain resmileri öz goşunlarynyň Soledarda şindi hem söweşýändiklerini birnäçe gezek nygtap aýtdylar.
Soledary we onuň duz känlerini ele geçirmek, eger-de başartsa, Russiýa üçin simwoliki, harby we söwda ähmiýetli ýeňiş bolup, Moskwanyň birnäçe aýyň içinde gazanan iň uly üstünligi bolar.
Kiýew Soledar ugrundaky söweşiň rus goşunlaryna, şol sanda hakyna tutulan wagnerçi söweşijilere uly ýitgi çekdirýändigini nygtamaga çalyşýar.
"Masohistleriň ýurdy" diýip, Ukrainanyň Goranmak ministrligi rus hüjümçilerini nazarda tutup, twitterde “Hatda şeýle ägirt uly ýitgi çekeninden soň hem, [R]ussiýa Soledary, Ýewropadaky iň uly duz käniniň ýerleşýän şäherini ele geçirmäge synanyşýar" diýip ýazdy.
Ukrainanyň baş ştaby 11-nji ýanwar güni irden öz goşunlarynyň gündogardaky üç sebitde rus goşunlarynyň edýän hüjümlerini yzyna serpikdirendigini aýtdy.
"Ukrainanyň Goranmak güýçleriniň bölümleri geçen bir gije-gündiziň dowamynda basybalyjylaryň Harkiw sebitindäki Hrianikiwka, Luhanskdaky Stelmahiwka, Donetskdäki Spirne, Rozdoliwka, Wesele, Bahmut, Klişiýiwka, Maýorsk, Wodýan, Newelşke, Krasno Mariýnka we Preçistiwka etraplaryndaky hüjümlerini yzyna serpikdirdi" diýip, beýanatda aýdylýar.
Şeýle-de beýanatda, Russiýanyň dekabr aýynyň aýagynda we ýanwar aýynyň başynda ýurduň raýat desgalaryna gönüdirilen köpçülikleýin bomba hüjümleriniň ýygjamlygy azalan hem bolsa, ukrainalylara uzak aralykdan urulmagy mümkin howa zarbalaryndan seresap bolmak maslahaty berilýär.
Kiýewiň goranmak serkerdesi, general-leýtenant Oleksiý Pawlyuk 10-njy ýanwarda ukrain goşunynyň şäheriň demirgazygyndaky goranyş pozisiýalaryny güýçlendirendigini we golaýdaky belarus serhedinden edilmegi mümkin hüjüme garşy taýýarlyk görýändigini aýtdy.
Gündogar Donetsk sebitinde barýan gazaply söweşleriň fonunda, Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbok 10-njy ýanwarda Ukrainanyň gündogaryndaky Harkow şäherine duýdansyz sapar edip, has köp ýarag ibermek wadasyny berdi. Ýatlatsak, Berlin mundan bir hepde çemesi öň Ukrainanyň soraýan pyýada goşun ulaglaryny iberjekdigini aýdypdy.
Baerbok gideninden soň rus topuna tutulan Harkowy terk etmezinden ozal Berliniň Kiýewe beýrän goldawny mundan beýläk hem dowam etdirjekdigini aýtdy.
“Basybalyjylar ýene zarba urýarlar” diýip, Harkowyň häkimi Oleh Sinehubow telegramda aýtdy we ýaşaýjylara gaçybatalgalarda galmalydygyny duýdurdy.
Ukrainalylar "biziň raýdaşlygymyza we goldawymyza bil baglap biljekdigini bilmelidir" diýip, Baerbok aýtdy.
Ol Germaniýanyň “Ukrainany Russiýanyň basybalyjylygynyň terrory astynda ejir çekýän raýatlaryny azat etmek üçin zerurbolan ýaraglar bilen üpjün etjekdigini” nygtady.
Forum