Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Gündogarda rus hüjümlerini yzyna serpikdirýändigini aýdýar


Bahmut görnüşi
Bahmut görnüşi

Ukrain güýçleri Bahmuta we Donbas sebitiniň gündogaryndaky beýleki şäherlere edilýän yzygiderli hüjümleri yzyna serpikdirýärler diýip, ukrain güýçleri 9-njy ýanwarda aýtdy.

Donetsk sebitiniň ukrain gözegçiligindäki çäginde soňky bir günüň dowamynda iki sany parahat adam öldürildi, ýene iki adam ýaralandy diýip, Donetsk sebitiniň harby administrasiýasynyň başlygy Pawel Kirilenko aýtdy. Ol pidalaryň Russiýanyň Bahmut we Soledar şäherlerine atan oklaryndan wepat bolandygyny hem sözüne goşdy.

Rus goşunlary bu şäherlere birnäçe aý bäri hüjüm edýär. Soňky günlerde basyş has-da güýçlendi. Uruş habarlaryny berýän we Russiýanyň Goranmak ministrligine, “Wagner HWK” toparyna ýakyn durýan rus telegram kanallary Soledarda "goranyşyň böwsülendigi” we rus goşunlarynyň Bahmut sebitinde öňe süýşmegi başarandygy barada habar berdi.

Ukrain çeşmeleri rus ilerlemesi barada gürrüň edilmeýändigini aýdýarlar, ýönebu iki şäheriň eteginde agyr söweşleriň bolýandygyny boýun alýarlar.

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar bir gün öň Soledarda "häzir ýagdaý gaty kyn" diýdi. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski serkerdeligiň Bahmut we Soledar frontlarynyň golaýyna goşmaça bölümleriň geçirilmegini üpjün edendigini belläp, munuň "frontdaky iň ganly ýerleriň biridigini" aýtdy.

“DHR” diýilýäniň ştaby birinji gün Donetsk sebitindäki Bahmutskoýe obasynyň alnandygyny habar berdi, ol oba Soledaryň gapdalynda ýerleşýär.

Bu obanyň “Wagner” hususy harby kompaniýasynyň hakyna tutulan söweşijileri tarapyndan ele salnandygyny rus telegram kanallary hem habar berdi, emma ukrain tarapy bu habara entek düşündiriş bermedi.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby birinji gün ukrain raýatlaryna Russiýanyň infrastruktura desgalaryna toplumlaýyn raketa hüjümini edip biljekdigini duýdurdy. Mundan öň bu hili zarba soňky gezek Täze ýylyň öňüsyrasynda uruldy. Adatça, bu hili toplumlaýyn zarbalar 10 gün aralyk bilen gaýtalanýar.

Häzir Ukrainanyň köp böleginde energiýa üpjünçiligi kesilip, wagtal-wagtal amala aşyrylýar, öýlerdäki yşyk günde birnäçe sagat öçürilýär.

Ukraina öz güýçleriniň hakyna tutma “Wagner” toparynyň ýolbaşçylygyndaky rus güýçleriniň gündogar Bahmut we Soledar şäherlerine edýän hüjümlerini yzyna serpikdirmegini dowam etdirýändigini aýdýar.

Prezident Wolodymyr Zelenski öten agşam eden ýüzlenmesinde Soledarda "ýagdaýyň gaty kyndygyny" boýun aldy, ýöne ol ukrain güýçleriniň aldym-berdimli söweşleriň arasynda öz möhüm orunlaryny saklap galýandygyny aýtdy.

"Duşman Soledar şäherine ýene dürli tarapdan urup girmek üçin şowsuz synanyşyk etdi we “Wagner” toparynyň iň professional söweşijilerini öňe sürdi” diýip, Goranmak ministrligi 9-njy ýanwarda Telegramda ýerleşdiren habarynda aýtdy.

Bu aýdylýanlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Bahmut we Soledar gündogar Ukrainanyň Donetsk sebitinde, Putiniň anneksiýa edilendigini aýdýan ýerlerinde ýerleşýär. Donetskini we oňa goňşulykda ýerleşýän Luhansk sebitini, bilelikde Donbas diýlip atlandyrylýan çägi ele geçirmek Putin üçin urşuň häzirki pursatynda baş maksat bolup durýar diýip, synçylar aýdýarlar.

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşy indi 11-nji aýynyň içinde we Kiýew Moskwanyň ýakyn wagtda ýene bir uly hüjüme taýynlanýandygyny öňe sürdi.

Ukraina Russiýanyň çozuşyny togtamagyň we, Günbataryň harby kömegini netijeli ulanyp, ozal basylyp alnan käbir ýerleri yzyna almagyň hötdesinden geldi.

Birleşen Ştatlar we NATO ýaranlary geçen hepde Ukraina beriljek täze harby kömekleri yglan etdiler, emma Kiýew entek özüne has köp kömegiň zerurdygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG