Kremliň Prawoslaw Roždestwo baýramçylygy sebäpli Ukrainadaky söweşde ok atyşygy wagtlaýyn bes etmek baradaky karary 6-njy ýanwarda güýje girdi, ýöne taraplaryň ony berjaý edip-etmejegi belli däl. Kiýew we käbir Günbatar hökümetleri, şol sanda ABŞ Russiýanyň ok atyşygy wagtlaýyn togtatmak kararyny birnäçe hepde bäri söweşde şowsuzlyga uçraýan rus goşunlarynyň pozisiýalaryny gowulandyrmak üçin pirim diýip atlandyrdylar.
Russiýanyň döwlet telewideniýesi ýaraşyk şertnamasynyň Moskwa wagty bilen öýlän başlanyp, Ukrainadaky "ähli duldegşir ugurlarda boýunça" berjaý edilip başlandygyny habar berdi.
Emma Kramatorskdaky ukrain resmileri atyşyk barada habar berdiler we Russiýanyň döwlet habar gullugy TASS ukrain güýçleriniň Donetski "günortan" oka tutandygyny habar berdi. “Ukrinform”, ot atyşlygyň togtadylmagynyň yglan edilmeginden bir sagat töweregi wagt geçensoň, tutuş ýurt boýunça howa duýduryşynyň berilendigini habar berdi.
Degişli maglumat Kiýew täze hüjümiň golaýlaýandygyny duýdurýar, Günbatar ýaranlary sowutly ulag berýärHabarlaryň hiç biri garaşsyz tassyklanmady.
6-njy ýanwarda irden Ukrainanyň ýaragly güýçleri rus goşunlary Bahmut we Lyman sebitlerinde hüjüm operasiýalaryny dowam etdirýärler diýip, habar berdiler. Bu ýagdaý Kremliň Prawoslaw Roždestwo baýramy sebäpli yglan eden we Kiýew tarapyndan dessine ret edilen, ok atyşygy 36 sagatlyk togtatmak baradaky beýanatyndan birnäçe sagat öň boldy.
Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň hasabatynda rus goşunlarynyň Bahmutyň we Lymanyň töweregindäki käbir sebitlerde "taktiki ýagdaýyny gowulaşdyrmaga synanyşýandyklary", ýöne üstünlik gazanyp bilmeýändigi aýdylýar.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin atyşygy wagtlaýyn bes etmegiň 6-njy ýanwarda irden başlanmagyny we 7-nji ýanwarda ýary gijä çenli dowam etmegini isledi, emma ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý we birnäçe günbatar resmisi Russiýanyň bu pursady söweş meýdanyndaky pozisiýalaryny gowulandyrmak üçin ulanjak bolýandygyny çak edip, çagyryşy ret etdi.
"Kremliň urşy täze güýç bilen dowam etdirmek üçin nähili peýdalanýandygyny dünýäde hemmeler bilýär" - diýip, Zelenskiý 5-nji ýanwarda giçlik wideo beýanatynda aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden ot atyşygy wagtlaýyn bes etmek bilen Putiniň "kislorod tapmaga synanyşýandygyny" aýtdy. Germaniýanyň daşary işler ministri Annalena Baerbokyň Orsýetiň ok atyşygy bes etmek baradaky kararyny tankyt edip, Twitterde çap eden maglumatynda ot atyşlygyň bes edilmeginiň Orsýetiň okkupasiýasyndan gündelik gorky astynda ýaşaýan adamlara ne erkinlik, ne-de howpsuzlyk getirýändigini aýtdy.
Putiniň ok atyşlygy bes etmek baradaky çagyryşy Germaniýa bilen Waşingtonyň Kiýew üçin "Bredli" we "Marder" guryýer söweş ulaglaryny, şeýle hem “Patriot” howa gorag sistemasyny goşmaça harby kömek hökmünde ugratjakdygyny wada beren güni boldy. Baýden muny konfliktdäki "möhüm nokat" diýip atlandyrdy.
Şol bir wagtyň özünde, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, Fransiýada öndürilen "AMX-10 RC" kysymly ýeňil tanklarynyň Ukraina iberilendigini habar berdi.
Kiýew Günbatar hökümetlerinden agyr sowutly ulaglary soraýar.
5-nji ýanwarda ABŞ-nyň resmileri Waşingtonyň onlarça "Bredli" awtoulagyny öz içine alýan täze kömek bukjasynyň 3 milliard dollara barabar boljakdygyny aýtdylar.
Kiýewe wada berlen bu kömek bukjasy Russiýanyň 10 aýdan gowrak mundan ozal Ukrainada başlan söweşiniň dowamyndaky iň ulusydyr.
Degişli maglumat Russiýa hüjümlerini güreldýär, Kiýew rus güýçlerine uly zarba urandygyny aýdýarGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.