Rus goşuny Ukraina edýän hüjümlerini dowam etdirip, soňky 24 sagadyň dowamynda hem esasan raýat desgalaryny nyşana aldy diýip, ukrain goşuny 3-nji ýanwarda, rus harbylary Kiýewiň 10 aý mundan öň başlanan urşuň dowamynda uran iň ganly zarbasynda çeken ýitgilerini boýun alanyndan bir gün soň beren gündelik habarynda aýtdy.
Şeýle-de, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby özüniň gündelik hasabatynda ukrain güýçleriniň Herson sebitiniň Çulakiwka şäherinde rus harby güýçlerini nyşana alandygyny aýtdy. Goşunyň beren habaryna görä, 31-nji dekabrda Ukrainanyň harby hereketi netijesinde 500 töweregi rus harby işgäri öldürildi ýa-da ýaralandy.
Ukrain goşunynyň aýdanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin bolmady. Moskwa Ukrainanyň harby hereketi diýilýän barada aç-açan düşündiriş bermedi.
Şol bir wagtda, Russiýanyň Goranmak ministrligi 2-nji ýanwarda gündogar Donetsk sebitindäki rus esgerleriniň ýerleşýän desgasyna urlan ukrain zarbasynda 63 sany rus esgeriniň öldürilendigini boýun aldy.
Ukraina 31-nji dekabrda Makiýewkada ölenleriň sanynyň ýüzlerçe bolandygyny aýtdy, emma Russiýa tarapdar resmiler muny ulaltma diýip atlandyrdylar.
Uruş döwründe berýän maglumatlary esasan ygtybarly bolan rus harby blogçylary bu hüjümde desga ýakyn ýerde saklanýan ok-därileriň ýarylandygyny we köp sanly adamyň ölendigini aýtdylar.
Ukrain harbylarynyň 3-nji ýanwardaky hasabatyna görä, rus goşuny soňky 24 sagatda alty raketa atdy, 52 howa zarbasyny urdy, tapgyrlaýyn raketa atyş ulgamlaryndan bolsa 77 raketa atdy. Atylan alty raketanyň ählisi, howadan urlan zarbalaryň 30 sanysy raýat desgalaryna gönükdirildi.
Ukrain güýçleri rus güýçleri tarapyndan uçurylan 27 drony, Eýranda öndürilen “Şahid” pilotsyz uçarlaryny urup gaçyrdy diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň habarynda aýdylýar.
Rus goşunlary Donetsk sebitiniň Družkiwkada ýerleşýän buz hokkeý meýdançasyna hem raketa hüjümini etdiler.
"Donbas" hokkeý kluby, Ukrainanyň iň ýokary hokkeý ligasynyň öňki çempiony şol ýerde oýnaýardy.
Sosial mediada paýlaşylan wideo “Altair Arena” meňzenýän ýeriň ot-ýalna gaplanyşyny görkezdi.
Ukrain prezidentiniň kömekçisi Kirilo Timoşenko Telegramda Russiýanyň Družkiwka eden raketa hüjüminde iki adamyň ýaralanandygyny, bu ýeriň golaýyndaky Ýakowliwka obasyna hem rus raketasynyň gelip düşendigini aýtdy.
Russiýa soňky günlerde paýtagt Kiýewde we beýleki şäherlerde raýat nyşanalaryna garşy urýan howa zarbalaryny has-da güýçlendirene meňzeýär.
Russiýa Ukrainany "ysgyndan gaçyrmak" üçin Eýranyň pilotsyz uçarlary bilen surnukdyryjy hüjüm kampaniýasyny alyp barmagy planlaşdyrýar diýip, prezident Wolodymyr Zelenski 2-nji ýanwarda eden ýüzlenmesinde aýtdy.
"Bizde Russiýanyň “Şahid” pilotsyz uçarlaryny ulanyp, uzaga çekýän hüjüm kampaniýasyny alyp barmakçy bolýandygy barada maglumat bar" diýip, Zelenski gijeki wideo çykyşynda aýtdy. “Görnüşinden, olar bizi ysgyndan gaçyrmaga bil baglaýarlar. Biziň adamlarymyzy ysgyndan gaçyrjak bolýarlar, biziň howa goragy ulgamymyzy, biziň energiýamyzy halys etjek bolýarlar” diýip, ol aýtdy.
Forum