Russiýanyň fewral aýynda Ukrainadaky urşy has-da güýçlendirmäge taýýarlanýandygyny görkezýän alamatlar bar diýip, Ukrainanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Oleksi Danilow 4-nji ýanwarda, prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň has köp goşun getirip, täze uly hüjümi planlaşdyrýandygyny aýdanyndan bir gün soň aýtdy.
"Olaryň fewral aýynda ýene bir synanyşyk edip biljekdigini aýtmaga esas berýän köp alamat bar" diýip, Danilow Ukrainanyň milli telewideniýesinde berlen çykyşynda aýtdy.
Wladimir Putiniň prezident adminstrasiýasynyň başlygynyň orunbasary Dmitriý Kozagyň işjeňliginiň ýokarlanmagy hem şol alamatlaryň biri bolup durýar diýip, Danilow onuň Ukrainany parahatçylyk şertnamalaryna gol çekmäge mejbur etmek üçin Ýewropada duşuşyk geçirýändigini aýtdy.
Danilow Ukrainanyň “muňa boýun bolmajakdygyny” aýtdy.
Kiýew indi birnäçe hepde bäri Putiniň ýene bir köpçülikleýin mobilizleme geçirmägi we serhetleri ýapmagy planlaşdyrýandygyny aýdyp gelýär.
"Biz Russiýanyň häzirki hojaýynlarynyň, uruş depginini üýtgetmek we iň bolmanda ýeňlişi gijikdirmek üçin bar zady, ellerinde galan ähli serişdäni we toplap bilen ähli adamlaryny ýygnap, söweşe görnükdirjeklerine şbühelenmeýäris” diýip, Zelenskiý 3-nji ýanwarda eden gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.
"Biz ruslary bu ssenariýasyny bozmaly bolarys .... Täzeden hüjüm etmegiň islendik synanyşygy puja çykarylmaly” diýip, ol aýtdy.
Bu sözler Moskwanyň täzelikde täze harby gulluga çagyrylanlaryň onlarçasyny öldüren ukrain zarbasy sebäpli berk içerki tankyda sezewar bolan wagtyna gabat geldi.
Moskwa 31-nji dekabrda Donetsk sebitine urlan zarbada 89 esgeriň öldürilendigini boýun aldy.
Ukrain harbylary we Kremle tarapdar harby blogçylar Makiýiwka şäherine edilen artilleriýa hüjüminde 400 töweregi esgeriň ölendigini ýa-da ýaralanandygyny habar berdiler.
Russiýanyň bölekleýin basyp alan ýerlerinde, gündogar Ukrainanyň Donetsk sebitinde barýan söweşleriň möwjemegi bilen, Kiýewiň günbatar ýaranlary ukrain goşunyny has kämilleşdirilen sowutly söweş ulaglary bilen üpjün etmek çärelerini görýär.
Ukrain goşunynyň 5-nji ýanwardaky metbugat ýygnagynda aýdylmagyna görä, esasan Bahmut şäheriniň töwereginde we Donetsk sebitiniň beýleki ýerlerinde bolan söweşlerde 800-den gowrak rus esgeri öldürildi ýa-da ýaralandy.
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy ukrain goşunynyň öňe süren sanlaryny özbaşdak ýagdaýda barlap bilmedi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 4-nji ýanwarda, Ukrainada barýan aldym-berdimli söweşleriň arasynda Waşingtonyň Bradli söweş ulaglaryny Ukraina ibermegi göz öňünde tutýandygyny tassyk etdi.
M2 Bredli 1981-nji ýyldan bäri ABŞ goşunynyň ulanýan esasy pyýada goşun ulagy bolup, onuň müňlerçesiniň elýeterlidigi aýdylýar.
Waşingtonyň ýakyn günlerde Ukraina beriljek täze kömek bukjasyny aýan etmegine garaşylýar.
Baýden bu täzeligi Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň biraz öň Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron bilen eden telefon söhbetdeşliginiň yz ýanyndan aýtdy. Telefon söhbetdeşliginde Fransiýanyň Ukrainany AMX-10 RC ýeňil sowutly ulaglar bilen üpjün etjekdigi aýan edildi.
"Roýters" habar gullugynyň näbelli fransuz resmisine salgylanyp ýazmagyna görä, "bu, ukrain goşunyny goldamak üçin, Günbatarda öndürilen sowutly ulaglaryň Kiýewe ilkinji gezek berlişi bolar". Bu kömek baradaky detallar açylmaýar.
Mundan öň Awstraliýa Ukrainany gury minalaryna garşy ulanylýan sowutlanan 90 Bushmaster ulagy bilen üpjün etdi.
Kiýew günbatar hökümetleriniň agyr sowutly ulaglar, hususan-da ABŞ-da öndürilen Abrams we Germaniýada öndürilen Leopard söweş tanklary bilen üpjün etmegini sorap gelýär.
"Ukrainanyň şu wagta çenli Günbatar tanklary bilen üpjün edilmezliginiň hiç hili esasly sebäbi ýok" diýip, Zelenski twitterde aýtdy.
NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 5-nji ýanwarda, Norwegiýada geçirilen konferensiýada Günbatary Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainadaky aýgytlylygyna kembaha garamazlyga çagyrdy.
"Olar ýitgilere we görlen görgülere çydam etmek babatynda uly ilgeziklik görkezdiler" diýip, Stoltenberg aýtdy. "Bizde prezident Putiniň Ukrainadaky planlaryny we maksatlaryny üýtgedendigi barada hiç hili maglumat ýok" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar Russiýanyň çeken düýpli ýitgisiniň Moskwanyň ýylyň birinji çärýeginde ikinji bölekleýin mobilizasiýany yglan etmek ähtimallygyny aňladýandygyny aýtdy.
Russiýanyň häzirki tagallalary Limany, Soledary, Bahmuty, Awdiýwkany we Maryinkany ele almaklyga gönükdirilen diýip, Malýar aýtdy.
Öz goşunlaryny ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Russiýa "ýakyn wagtda goşmaça hüjüm bölümlerini döretmegini dowam etdirer" we esasy tagallalaryny ilatly ýerleri ele geçirmäge gönükdirer diýip, ol telegramda ýerleşdiren ýazgysynda aýtdy.
Goranmak ministrliginiň baş aňtaw müdirliginiň maglumatyna görä, Kremliň planlary "üýtgewsiz bolmagynda galýar”, olar “biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryny gepleşik geçirmäge güýç bilen mejbur etmekçi bolýarlar” diýip, Malýar sözüniň üstüni ýetirdi.
Forum