Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski öňümizdäki hepdelerde Ýewropa Bileleşigi bilen hem-de Ukrainanyň ýakyn goňşulary bilen has köp özara hereketleriň we aragatnaşygyň boljakdygyny aýdýar.
“Biz eýýäm öňümizdäki hepdeler üçin Ukrainanyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledik. Biz, hem frontdaky pozisiýalarymyzy berkitjek bukjalar babatynda, hem hyzmatdaşlar bilen syýasy özara hereketler babatynda, hem-de Ukrainanyň maliýe durnuklylygynyň zerurlyklary babatynda wezipeleri aýdyň görýäris” diýip, Zelenski 21-nji ýanwarda öňki Twitter, häzirki X ulgamynda paýlaşan wideo ýüzlenmesinde aýtdy.
“Biz has köp özara hereketleri, täze aragatnaşyklary, we täze, möhüm gepleşikleri taýýarlaýarys” diýip, Zelenski aýtdy.
Şeýle-de, ol 21-nji ýanwarda frontda 60 çemesi uruşlaryň bolandygyny aýdyp, olardan Awdiýewkanyň golaýynda bolan uruşlary iň agyr uruşlar hökmünde suratlandyrdy, ýöne Bahmut, Maryinka we Kupýansk sebitleriniň golaýynda bolan çaknyşyklary hem agzady.
Bir günde, adamkärçiliksiz ruslar dokuz sebitde ýüzden gowrak şäherleri, şäherçeleri we obalary top okuna tutdular: Çerhnihiw we Sumy sebitlerinden, Mykolaýiw we Kirowhrad sebitlerine çenli diýip, Zelenski Ukrainanyň demirgazyk-gündogar we günorta sebitlerini göz öňünde tutup aýtdy.
“Rus zarbalary, hususan-da, Donetsk sebitinde örän rehimsiz boldy. Gynansak-da, ol ýerde şikeslenen, heläk bolan bolan adamlar bar. Maşgalasyny we dostlaryny ýitiren adamlara gynanç bildirýärin” diýip, Zelenski aýtdy.
Ol Russiýanyň bu hili hereketler üçin jogapkärçilige çekiljekdigine ynam bildirdi.
“Russiýa agressiýalardan iň köp agressoryň özüniň zyýan çekýändigini hemişelik duýmaly we ýatda saklamaly” diýip, Zelenski aýtdy. Ol isle harby ýardamlar we sanksiýalar bilen, isle kanuny we syýasy serişdeler bilen, “ähli ýollar bilen, Russiýany jogapkärçilik çekmäge golaý getirýän” hemmelere minnetdarlyk bildirip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Zelenski Russiýa tarapyndan basylyp alnan Donetsk şäheriniň etegindäki bir bazar meýdançasyna edilen hüjümi agzamady, rus dikmesi ol ýerde 27 adamyň heläk bolandygyny we 25 adamyň şikeslenendigini aýtdy. Donetsk sebitiniň Russiýa tarapyndan bellenen häkimi Denis Puşilin ukrain güýçleriniň bu hüjümi amala aşyrmak üçin artilleriýadan peýdalanandygyny aýtdy.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştaby, biraz öň, rus güýçleriniň ukrain goşunlarynyň pozisiýalaryna we ilatly sebitlere dört sany raketa we 69 sany howa zarbasyny, hem-de zalp bilen ot açýan raketa toplumyndan 50 sany hüjümi amala aşyrandygyny aýtdy.
Baş ştaba görä, ukrain goşuny ýedi ugur, esasan Lyman we Awdiýewka ugurlary boýunça rus hüjümlerini yza serpikdirdi.
Baş ştab özüniň gündelik hasabatynda rus harbylarynyň awiasiýadan we uzakdan dolandyrylýan dronlardan peýdalanýandygyny hem-de sowutly ulaglaryň goldawy bilen hüjüm operasiýalaryny amala aşyrýandygyny aýtdy.
Bu aralykda, Russiýa gaz terminalynda dörän ýangyn boýunça Ukrainany aýyplaýar.
Kreml 21-nji ýanwarda Russiýanyň Ust-Luga Baltika deňiz portundaky bir suwuklandyrylan tebigy gaz terminalynda dörän ýangyn boýunça Ukrainany aýyplady.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Estoniýa serhediniň golaýynda ýerleşýän terminalda käbir işleriň togtadylmagyna getiren ýangyn barada žurnalistleriň özüne beren soragyna “Ukraina raýat infrastrukturasyna, adamlara hüjüm edýär” diýip, jogap berdi.
“Nowatak” rus energiýa kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan terminalda, bu sebitde dronuň görlendigi baradaky habarlaryň yz ýany, ýangyn döredi.
Ýangyna iki partlama sebäp boldy, diýip, Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “RIA Nowosti” habarlar agentligi ýerli resmileri sitirledi.
Agentlik ýangynyň Sankt-Peterburgyň takmynan 110 kilometr günbatarynda ýerleşýän terminalyň 100 kub metrlik ýangyç saklawhanasynda bolandygyny aýtdy.
Leningradyň sebit häkimi Aleksandr Drozdenko Telegramda ýangynyň netijesinde adam pidalarynyň bolmandygyny we ýerli ýangyn söndüriji gulluklarynyň hem-de Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň ýangyny söndürmäge gatnaşandygyny aýtdy.
Ukrainanyň Goranmak ministrligi, adatça, Russiýanyň öz territoriýasynda Kivewiň amala aşyrandygyny aýdýan hüjümlerini teswirlemeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum