2-nji oktýabrda Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň aglabasy Kiýewde maslahat geçirýärler. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrel we Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba bu maslahaty “taryhy” diýip häsiýetlendirdiler. Bu aralykda, Russiýa Ukrainanyň günortasynda ilatly nokatlary heläkçilikli artilleriýa toplaryna tutmagyny dowam etdirýär.
“Biz Ýewropa Bileleşigine dalaşgär döwlet we ÝB-niň geljekki agzasy Ukrainada ÝB-niň daşary işler ministrleriniň taryhy maslahatyny geçirýäris” diýip, Borrel X, ozal Twitter atlandyrylan sosial ulgam hasabynda ýazgy galdyrdy.
“Biz Ukrainanyň halkyna öz raýdaşlygymyzy we goldawymyzy äşgär etmek üçin bu ýere geldik” diýip, ol sözüne goşdy.
Kuleba hem bu duşuşygy gowy garşylady. Ol munuň bileleşigiň “geljekki serhet araçäkleriniň” çäginde geçýändigini hem belledi.
“Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrlerini Ukrainada geçýän taryhy sammitde garşylamaga örän şat. Bu taryhda ilkinji gezek, ÝB-niň häzirki çäkleriniň daşynda geçýär. Emma şol bir wagtda, bu onuň geljekki çäklerinde amal edilýär. Men ÝB-niň Ukraina babatyndaky sarsmaz hemaýaty üçin Ýewropa Bileleşigine, hususan-da Josep Borrelle minnetdar” diýip, Kuleba X sosial ulgamynda ýazgy galdyrdy we özüniň Borrell bilen Kiýewde elleşip duran suratyny ýerleşdirdi.
Ýöne Borrelliň Ukrainanyň agzalyk meselesi baradaky ýyly sözlerine garamazdan, Wengriýanyň we Polşanyň daşary işler ministrleri maslahata gelmediler. ÝB-niň bu iki agza döwleti, baş diplomatlaryna derek, has pes derejeli wekillerini ýolladylar.
Bu aralykda, Kuleba Kiýewiň Slowakiýada geçirilen saýlawlarda täze premýer-ministr hökmünde Russiýa tarapdar Robert Fikonyň saýlanmagyna hormat goýýandygyny aýtdy. Fiko saýlawlarda ýeňiş gazanan halatynda, Ukraina berilýän harby hemaýaty dessine bes etjekdigini söz beripdi.
“Biz slowak halkynyň eden saýlawyny sylaýarys” diýip, Kuleba aýtdy. “Emma saýlaw netijeleriniň Slowakiýanyň pozisiýasyna nähili täsir ýetirjekdigini aýdardan entek gaty ir” diýip, Kuleba belledi.
Kiýewe ÝB-niň düzümine girmek üçin dalaşgärlik statusy geçen ýylyň iýunynda, ýagny Russiýanyň esassyz çozuşyndan ençeme aý soňra berildi. Emma Kiýewiň 27 agzalyk bileleşigiň düzümine girip bilmegi üçin, gepleşikleriň ýene-de birnäçe ýyla çekjekdigine garaşylýar.
Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban rus prezidenti Wladimir Putin bilen ýakyn gatnaşyklary saklap gelýär, şeýle-de ol Kiýewe ýarag berilmegine we onuň ÝB-niň düzümine kabul edilmegine garşy çykýar.
Polşanyň Ukraina bilen adatça gowy gatnaşyklary bolan bolsa-da, soňky döwür Ukrainanyň däne eksportunyň üstündäki dawa sebäpli, olar dartgynlaşdy.
Kiýewdäki maslahat Russiýanyň öten agşamyň dowamynda Hersona garşy atan soňky artilleriýa zarbalarynyň birnäçe sagat soňuna gabat gelýär. Hüjümde azyndan bir adam öldi, başga-da birnäçesi ýaralandy, şeýle-de Prawoslaw ybadathana zeper ýetdi.
“Şu gün daňdan sagat 5-lerde, duşman Hersonyň merkezine zarba urdy. Hüjümiň bolan ýerinde ot döredi. Ol ýangyn söndürijiler tarapyndan dessine öçürildi” diýip, Prokudin Telegram kanalynda ýazgy galdyrdy. “Russiýanyň agressiýasy sebäpli bir adam öldi, başga-da altysy, şol sanda iki çaga ýaralandy” diýip, ol goşmaça maglumat berdi.
Russiýanyň zarbasy netijesinde şäherdäki Keramatly Ruh Katedralyna we Herson ýeparhiýasynyň administrasiýa binasyna zeper ýetdi diýip, Ukrainanyň Prawoslaw kilisesi 2-nji oktýabrda habar berdi.
Herson regionynyň azat edilen sebitleri, şol sanda Herson şäheriniň özi-de ençeme aý bäri, Dnepr derýasynyň çep kenaryndan, Russiýanyň güýçleri tarapyndan tas her gün diýen ýaly oka tutulýar.
1-nji oktýabrda Russiýanyň zarbalary sebäpli Hersonyň 30 km demirgazyk-gündogaryndaky Týahynka şäherinde 40 ýaşlaryndaky bir adam heläk boldy.
Öten agşamyň dowamynda, Russiýa günortadaky Dnipropetrowsk sebitine hem Eýranda öndürilen ýedi dron bilen hüjüm etdi. Bu barada ukrain harbylarynyň metbugat wekili Natalýia Humenýuk mälim etdi, we dronlaryň dördüsiniň howa hüjüminden goranyş ulgamlary arkaly urlup düşürilendigini sözüne goşdy.
Söweş meýdany barada aýdylanda, Ukrainanyň güýçleri gündogardaky Donetsk regionynyň Bahmut sebitinde we günortadaky Melitopol şäheriniň ugry boýunça hüjüm hereketlerini dowam etdirdiler. Bu barada habar berýän Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň maglumatyna görä, soňky 24 sagadyň dowamynda 38 söweş çaknyşygy bolupdyr.
Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 1-nji oktýabrda hökümet ‘shutdown’-ynyň, ýagny onuň durup galmagynyň öňüni almak maksady bilen karara gol goýanda, onda Ukraina üçin hemaýat aradan aýrylan bolsa-da, onuň dowam etdiriljekdigini we Kongresiň kömek boýunça aýratyn taslamany kabul etjekdigine umytlydygyny aýtdy.
Baýden Ak Tamdan eden çykyşynda Kiýewiň ABŞ-nyň goldawyna bil baglap biljekdigini belledi.
Şeýle-de Baýden Kongrese ýüzlendip, hemaýat bukjasy babatynda boldugyndan tiz ylalaşyga gelmäge çagyrdy.
Forum