Russiýanyň Ukrainadaky giň gerimli çozuşy iki ýyl ozal başlanaly bäri, Russiýa tarapyndan bikanun alnyp gidilip, bu ýurtda saklanylýan 20 müň çemesi ukrainaly çagadan diňe 517 çaga yzyna gaýtarylyp getirildi diýip, Ukrainanyň adam hukuklary boýunça komissary Dmitro Lubinets aýtdy.
Ukrain häkimiýetleri tarapyndan çap edilen resmi sanlara görä, geçen ýylyň ahyryna çenli 19 müň 546 çaga Ukrainadan Russiýa alnyp gidildi. Bu sanlar diňe resmi taýdan bellige alnan sanlar bolup, hakyky sanlaryň resmi sanlardan ep-esli köp bolandygyna ynanylýar.
14-nji ýanwarda Dawosda geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda çykyş eden Lubinets 2 müň 828 sany uly adamyň, şol sanda 150 asuda raýatyň hem ýurda getirilendigini aýtdy.
“Biziň wezipämiz hemme adamlary yzyna gaýtaryp getirmekden ybaratdyr” diýip, Lubinets aýtdy we halkara jemgyýetçiligini “bu ugurdaky tagallalary derhal güýçlendirmäge” çagyrdy.
Halkara jenaýat kazyýeti geçen ýylyň martynda ukrain çagalarynyň Ukrainadan Russiýa bikanun deportasiýa edilmegi, şol bir wagtda, adamlaryň Ukrainadan Russiýa bikanun äkidilmegi bilen bagly uruş jenaýatlary aýyplamalary boýunça rus prezidenti Wladimir Putini hem-de Moskwanyň çagalaryň hukuklary boýunça komissary Maria Lwowa-Belowy tussag etmek barada order çykardy.
Halkara jenaýat kazyýeti Putiniň hem-de Lwowa-Belowanyň “bu hereketleri beýlekiler bilen we/ýa-da beýlekileriň üsti bilen bilelikde gönümel ýerine ýetirmekde” aýyplanýandyklaryny aýtdy.
Halkara jenaýat kazyýeti Putiniň “bu hereketleri ýerine ýetiren hem-de ýokary jogapkärli wezipäniň talaplaryna laýyklykda özüniň garamagynda we gözegçiliginde bolan tabynlygyndaky harbylara we raýatlara dürs gözegçiligi gowşadandygyny, ýa-da olaryň bu hereketleri ýerine ýetirmeklerine rugsat berendigini” aýtdy.
Halkara jenaýat kazyýetiniň karary Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşiginiň aglaba ýurtlary tarapyndan goldanyldy, ýöne bilelikdäki ÝB karary Wengriýa tarapyndan petiklendi.
Kreml zorlukly deportasiýa aýyplamalaryny ret edýär. Rus häkimiýetleri özleriniň çagalary uruşlardan “halas edendiklerini” hem-de ene-atalary we hossarlary tarapyndan idelýän çagalary yzyna gaýtaryp bermäge taýýardyklaryny aýtdy.
Bu aralykda, BMG şu ýyl Ukraina üçin 4,2 milliard dollar möçberinde ynsanperwer ýardam soraýar.
Russiýanyň Ukrainadaky esassyz çozuşy ikinji ýyl dönümine golaýlap barýan mahaly, Birleşen Milletler Guramasy uruşdan ejir çekýän ukrainalylar üçin, şeýle-de daşary ýurtlara bosgunlyga çykan adamlar üçin donorlardan 4,2 milliard dollar möçberinde ynsanperwer ýardam soraýar.
Ýurduň içinde 14,6 milliondan gowrak ukrainaly, ýa-da tutuş ilatyň takmynan 40 göterimi şu ýyl ynsanperwer ýardama mätäç diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak boýunça edarasy (OCHA) 15-nji ýanwarda Ženewada aýtdy.
Bulardan başga-da, uruş 6,3 million çemesi ukrainalyny daşary ýurtlardan bosgunlyk gözlemäge iterdi, we Ýewropada geçen ýylyň ahyryna çenli 5,9 million bosgun bellige alyndy” diýip, BMG-niň ynsanperwerlik edarasy özüniň ynsanperwer zerurlyklar boýunça 2024-nji ýyl üçin hödürlän meýilnamasynda aýtdy.
“Ýüzlerçe müň çaga urşuň front çyzygyndaky sebitlerde ýaşaýar, olar trawmalary başdan geçirýärler, gorkýarlar we esasy zerurlyklardan mahrum edilýärler. Şu faktyň özi hem bizi elimizde baryny gaýgyrman, Ukraina has köp ynsanperwer ýardam bermäge itermeli” diýip, BMG-niň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak boýunça edarasynyň başlygy Martin Griffiths (Martin Griffiths) aýtdy.
Ukraina şu ýylyň başyndan bäri Russiýanyň agyr howa zarbalaryna sezewar edilýär, bu bolsa Ukrainanyň asuda raýatlary üçin adaty bolmadyk sowuk howa şertleriniň getirýän kynçylyklarynyň üstüne urgy bolýar.
“Front çyzygyndaky şäherçelerde we obalarda adamlaryň esasy serişdeleri gutaryp, olar aman galmak üçin, ýardamlara garaşly bolup durýar” diýip, BMG edarasy aýtdy.
“Donetsk we Harkow sebitlerinde maşgalalar suw, tok we gaz geçirijisi bolmadyk zyýan çeken jaýlarda pena gözleýär. Üznüksiz bombalamalar adamlary öz günlerini ýerzeminlerde geçirmäge mejbur edýär” diýip, ol aýdy.
BMG-niň ynsanperwerlik agentligi umumy ýardamlaryň 75 göteriminiň, ýa-da 3,1 milliard dollar möçberindäki ýardamlaryň Ukrainanyň içindäki 8,5 million çemesi adama goldaw bermek üçin bölünip beriljekdigini aýtdy. Ýardamlaryň galan bölegi, 1,1 milliard dollar möçberindäki ýardamlar bolsa bosgunlaryň hem-de olary kabul eden ýurtlardaky beýemçi jemgyýetleriň zerurlyklaryna gönükdiriler.
“Olaryň görgüleri indi habarlaryň sözbaşylaryna çykmaýan hem bolsa, Ukrainadan bolan millionlarça bosgun heniz hem gyssagly goldawa mätäç” diýip, BMG-niň bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandi aýtdy. “Bosgunlary kabul eden ýurtlar goraglylygyň möhletini uzaltmagy we olary jemgyýetiň içine almagy dowam etdirýärler, ýöne ençeme ejiz bosgunlar heniz hem ýardama mätäçdir” diýip, ol belledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum