Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň harbylary agyr söweşleriň arasynda “üstünlik” gazanýandyklaryny aýdýarlar


Kiýew ukrain goragçylarynyň Bahmut şäherinde Russiýanyň güýçlerine basyş görkezýändigini aýtdy.
Kiýew ukrain goragçylarynyň Bahmut şäherinde Russiýanyň güýçlerine basyş görkezýändigini aýtdy.

Ukrainanyň harbylary ýurduň gündogaryndaky Donetsk regionyndaky söweşlerde käbir “üstünlük” gazanýandyklaryny aýdýarlar. Şol bir wagtda, çaknyşyklaryň Ukrainanyň günortasyndaky Zaporižýa atom stansiýasynda heläkçilige getirip biljekdigi baradaky howatyrlar saklanýar.

Agyr çaknyşyklar baradaky habarlaryň arasynda, Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Brýusselde iki günlük sammit geçirip, onuň dowamynda Bileleşigiň 27 agzasy “näçe wagtlyk zerurlyklyk bolsa, Ukrainany şonça-da ygtybarly harby hemaýat” bilen üpjün etjekdiklerini wada berdiler.

30-njy iýunda irden Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby Russiýanyň “esasy ünsüni” Lyman, Bahmut we Mariýinka sebitlerine gönükdirmegi dowam etdirýändigini, şeýle-de bu ýerlerde “agyr söweşleriň dowam edýändigini” mälim etdi.

Kiýew “güýçli çaknyşyklaryň” alnyp barylýandygyny, şol bir wagtda ukrain goragçylarynyň Bahmut şäherinde Russiýanyň güýçlerine basyş görkezmegini dowam etdirýändigini aýtdy.

Beýanatda Ukrainanyň güýçleriniň “üstünlük gazanýandygy we hasam kuwwatlanýandygy”, şeýle-de “russiýalylaryň ozalky basyp alan pozisiýalaryna basyş görkezýändigi” aýdylýar. Şol bir wagtda, Russiýanyň garşylyk hereketleriniň dowam etdirilýändigi hem nygtalýar.

Azatlyk Radiosy agyr çaknyşyklaryň alnyp barylýan sebitlerinde bolýan ýagdaýlar boýunça öňe sürülýän maglumatlary tassykladyp bilmeýär.

Russiýa öten agşamyň dowamynda Ukrainanyň ençeme sebitine dronlar we raketalar bilen zarba urdy.

Ýewropanyň iň iri ýadro desgasynyň golaýyndaky Zaporižýa şäheriniň sekretary Anatoli Kurtew we harbylar hüjümde parahat ilatyň arasyndan hiç kimiň şikeslenmändigini, şeýle-de sebite agyr zyýanyň ýetmändigini aýtdylar.

“Bu gijäni hem howsalada geçirdik. Ýöne şu gün irden Zaporižýadaky ýagdaýlar kadaly” diýip, Kurtew Telegram kanalynda aýtdy.

Zaporižýa regionunyň häkiminiň 29-njy iýunda beren maglumatyna görä, resmiler ýadro desgasynyň golaýynda çalt jogap türgenleşik çärelerini geçirýärler. Munuň “adatdan daşary” ýagdaýlar dörän halatynda, tagallalary utgaşdyrmak üçin edilýändigi bellenilýär.

Kiýew golaýda Russiýany bu desgada “terorristik hüjümi” guramalaşdyrmak synanyşygynda aýyplady. Russiýa geçen ýylyň fewralynda başladan esassyz hüjüminiň başky günlerinden bäri, bu desgany öz gözegçiliginde saklaýar.

Russiýanyň BMG-däki ilçisi Wasiliý Nebenzýanyň 29-njy iýundaky sözlerine görä, ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine we BMG-niň baş sekretary Antonio Guterrese hat ýollap, onda “Biz ýadro desgasyny partlatmagy göz öňünde tutmaýarys, biziň muny etmäge niýetimiz ýok” diýip, ynandyrypdyr.

Bu aralykda, Halkara walýuta fondy (IMF) Ukrainanyň býujetini goldar ýaly, dessine berilmegi göz öňünde tutulýan 900 million dollara golaý maliýe serişdesini gözden geçirmegi tamamlandygyny aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG