Ukrainanyň suw drony Russiýanyň Gara deňziň boýundaky Noworrossiýsk harby-deňiz bazasyna 450 kg partladyjy bilen hüjüm etdi. Munuň netijesinde, portda duran söweş gämisine uly zyýan ýetdi diýip, Ukrainanyň howpsuzlyk gullugyndaky bir çeşme Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna mälim etdi.
Mundan öň, Russiýanyň Goranmak ministrligi 4-nji awgustda Ukrainanyň suw dronlarynyň Noworossiýsk bazasyna garşy amala aşyran iki hüjümini yza tesdirendigini aýtdy. Şol bir wagtda, Krasnodaryň regional häkimi Weniamin Kondratýewiň RIA habarlar gullugyna aýtmagyna görä, hüjümleriň netijesinde ýitgiler ýüze çykmandyr.
Ýöne Ukrainanyň Howpsuzlyk Gullugynyň, ýagny SBU-nyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen paýlaşan bir wideosynda, drona berkidilen kameranyň edendigini öýdülýän ýazgysynda Olenegorskiý Gornýak gämisini synlasa bolýar. Wideo dronyň gämini uran bolmagy mümkindigi çaklanylýan pursadynda kesilýär. Çeşmeler gäminiň üstünde 100-e golaý adamyň bolandygyny aýtdylar.
“Bu ýörite operasiýa Harby-deňiz güýçleri bilen birlikde berjaý edildi” diýip, çeşmeleriň biri Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
“Munuň netijesinde, Olenegorskiý Gornýakda uly deşik emele geldi we ol häzir harby wezipeleri berjaý edip bilmeýär. Şonuň üçin, Russiýanyň ‘yza tesidirilen hüjümler’ baradaky beýanatlary galp” diýip, çeşme belledi.
Bu maglumaty garaşsyz ýagdaýda tassyklatmak başartmaýar.
Noworossiýskdäki nebit terminalynyň dolandyrjysy Kaspi Geçiriji Konsortsiumy port resmileriniň ähli gämi gatnawlaryny wagtlaýyn togtadandyklaryny aýtdy. Şol bir wagtda, enjamlara zeperiň ýetmändigi we nebit guýmak işleriniň dowam etdirilýändigi nygtalýar.
Goranmak ministrligi Krymyň üstünde 13 drony urandygyny hem aýtdy, emma ýitgiler barada maglumat bermedi.
Ýöne sosial media postlarynda Feodosýia portundaky nebit ammarynyň oda alandygy we soňundan partlamanyň bolandygy barada maglumatlar paýlaşylýar.
Noworossiýske we Kryma edilen dronly hüjümlerden soň, öýläne golaý Ukrainanyň ähli territoriýasynda howa hüjüminden goranyş signallary ýaňlandy.
Russiýa Türkiýäniň we BMG-niň araçylyk etmeginde gelnen däne ylalaşygyny uzaltmakdan ýüz öwüreninden soň, Gara Deňiz töwereklerinde hüjümler ýygjamlaşdy.
Şu hepdäniň dowamynda, Russiýa Ukrainanyň öz dänesini eksport etmek üçin ulanýan Izmaiýl portuna zarba urdy. Bu Rumyniýanyň Tulkea portundan bary-ýogy 15 km uzaklykda ýerleşýär.
Britaniýanyň aňtaw gullugynyň 4-nji awgustda beren maglumatynda, Russiýanyň NATO territoriýasyna golaý sebitlere aglaba Eýranda öndürilen dronlar bilen zarba urýandygyny belleýär. Moskwa bu Ýaranlyk bilen harby taýdan dikleşmek mümkinçiligini aradan aýyrmak üçin, özüniň ganatly raketalaryny bu sebitlere atmakdan saklanýar.
Bu aralykda, Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski gündogardaky söweş meýdanlarynda “juda gazaply” çaknyşyklaryň dowam edýändigini belledi.
Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştabynyň 4-nji awgustdaky maglumatlaryna görä, soňky geçen günüň dowamynda front çyzygy boýunça 40 söweş çaknyşygy hasaba alnlypdyr. Beýanatda Ukrain güýçleriniň günortada garşylyklaýyn hüjüm hereketlerini dowam etdirýändigi hem bellenilýär.
Forum