Ukraina Russiýa garşy dowam etdirýän garşylyklaýyn hüjüm tagallalarynyň çäginde ençeme ýeňşi gazanandygyny aýdýar. Bu aralykda, prezident Wolodymyr Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen öňümizdäki hepde geçmeli gepleşiklere taýýarlanýar.
14-nji sentýabr güni giçlik ençeme habar serişdesi, şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk resmilere salgylanyp, öňümizdäki hepde BMG-niň Baş Assambleýasynyň ABŞ-däki geçjek sammitiniň çäklerinde Baýdeniň Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen gepleşikleri geçirjekdigi barada maglumat berdi.
Bularyň ikisiniň-de BMG-niň 78-nji sessiýasynda çykyş etmegi göz öňünde tutulan.
Zelenskiniň ABŞ-nyň we dünýä liderleriniň öňünde etjek ýüzbe-ýüz çykyşynda, Russiýanyň agressiýasyna garşy durmak tagallalary üçin has kämil ýaraglar we ok-däriler bilen üpjün etmek goldawy ugrunda alada etjekdigine garaşylýar.
The Washington Post neşiriniň ýazmagyna görä, Zelenskiniň sapary “Kongresiň Ukraina üçin goşmaça 24 milliard dollar hemaýaty bölüp bermegini gazanmak üçin” bilelikdäki itergi tagallalarynyň bir bölegi bolup durýar.
Bu sammitiň öň ýany, şu hepde rus prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň gündogarynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşdy. Günbatar resmileriniň pikirine görä, Moskwa munuň bilen özüniň Ukrainadaky alyp barýan basybalyjylykly hüjümi üçin ýaraglary, kämil tehnologiýalary söwdalaşmagy maksat edinýär. Käbir maglumalarda Putiniň we Kimiň Demirgazyk Koreýada ýene bir gezek duşuşmagyna garaşylýandygy aýdylýar.
Baýden-Zelenski maslahaty iýulda NATO-nyň Litwada geçen sammitiniň çäklerinde bolan gepleşiklerinden bäri ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar.
CNN, öz çeşmelerine salgylanyp, Zelenskiniň ABŞ-nyň kanunçykaryjylary we liderleri bilen hem aýry-aýrylykda gepleşikleri geçirjekdigini habar berdi.
Zelenski ABŞ-da soňky sapar dekabrda bolupdy. Bu Zelenskiniň 2022-nji ýylyň fewralynda Ukraina garşy başladylan doly gerimli çozuşdan bäri daşary ýurda amala aşyran ilkinji sapary bolupdy.
Habarlarda bellenilşi ýaly, Birleşen Ştatlar we beýleki ýaranlar Ukrainadan iýunda başladylan möhüm garşylyklaýyn hüjüm boýunça öňegidişlikleri isleýärler.
Zelenski 14-nji sentýabrda giçlik eden çykyşynda, mundan bir gün ozal Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň okupirlenen Krymda Russiýanyň howa hüjüminden goranyş ulgamyny “weýran edendigini” aýdyp, muny “üstünlük” diýip häsiýetlendirdi.
Ukrainanyň aňtaw gullugyndaky bir çeşmäniň Reuters gullugyna aýtmagyna görä, howa hüjüminden goranyş ulgamy Ýewpatoriýanyň golaýynda ýok edilipdir. Çeşme munuň Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň we harby-deňiz güýçleriniň bilelikde gurnan dron we raketa hüjüminiň netijesinde amal edilendigini belledi.
Satellit suratlary Ýewpatoriýanyň golaýynda Russiýanyň howa hüjüminden goranyş S-400 kysymly ulgamynyň ýerleşýän sebitinde uly zyýanyň ýüze çykandygyny görkezýär.
Bu wakadan bir gün öň, Ukraina Krymda Russiýanyň iki sany gämisine uly zyýan ýetirdi.
15-nji sentýabrda irden Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Baş harby ştaby öz güýçleriniň Andriýiwkanyň golaýyndaky Donetsk obasyny yzyna alandyklaryny mälim etdi. Bu sebit Bahmutdan 10 km günorta-günbatarda ýerleşýär. Beýanatda “duşmana adam güýji we serişde babatynda uly ýitginiň ýetirilendigi hem bellenilýär.
Mundan bir gün öň, Goranmak ministrligiň metbugat wekili Hanna Malýar Andriýiwka obasynyň azat edilendigini yglan etdi. Mundan soň, ol bu beýanatyny yzyna aldy, şeýle-de agyr çaknyşyklaryň dowam edýändigini we ýagdaýlaryň “örän agyr we gazaplydygyny” belledi.
Ukrainanyň harbylary golaýdaky Klişçiýiwka sebitinde hem “bölekleýin üstünlik” gazanylandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosy agyr çaknyşyklaryň barýan sebitlerinden taraplaryň hiç biriniň hem beýan edýän maglumatlaryny garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmeýär.
Forum