Demirgazyk-gündogar Harkow şäherindäki ukrain resmileri 2-nji noýabrdan 3-ne geçilen gije rus pilotsyz uçarlarynyň azyndan 10 sanysynyň şäherde we onuň töwereginde parahat ilatyň ýerleşýän nokatlaryny nyşana alandygyny aýtdylar. Ukrain harbylary soňky 24 sagadyň dowamynda 50-den gowrak çaknyşyklaryň bolandygyny hem belläp, rus güýçleriniň Awdiýiwka şäherini gabamak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýändigini aýtdylar.
Russiýanyň ukrain infrastruktura desgalaryna garşy howa hüjümleriniň iň soňky tolkuny, gyş paslynyň golaýlamagy bilen howanyň temperaturasy peselýän mahaly, Ukrainanyň elektrik toruna zeper ýetirip biljek zarbalaryň güýçlenmegi bilen bagly aladalaryň artýan mahalyna gabat gelýär.
Gijäniň ýaryndan gysga wagt geçensoň, “azyndan 10 rus pilotsyz uçary" tarapyndan Harkowa amala aşyrylan howa hüjümleri uly ýangynyň döremegine sebäp boldy, ýöne polisiýa deslapky habarlara salgylanyp, ölenler barada maglumat ýokdugyny aýtdy.
Harkow şäheriniň häkimi Ihor Terekow ýangyn söndüriji gullugyň işgärleriniň ýangyna garşy göreşýändiklerini aýtdy, ýöne jikme-jik maglumat bermedi.
Prezident Wolodymyr Zelenskiýniň geňeşçisi Andriý Ýermak, Ukrainanyň harby güýçleriniň öten gije, ýagny 2-nji noýabrdan 3-ne geçilen gije Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlaryň 24 sanysyny we dolandyrylýan raketany urup ýykandygyny aýtdy.
Ukrainanyň Baş ştaby 3-nji noýabrda irden ýaýradan maglumatynda “duşman howa goldawy bilen Awdiýiwkany gabamaga synanyşmagyny dowam etdirýär, emma ukrain esgerleri ýerlerinde durýarlar we garşydaşyna uly ýitgi çekdirýärler” diýdi.
Ýakynda ýaýradylan hasabatlarda Moskwanyň söweş guramalaşdyryjylarynyň Awdiýiwka sebitine goşun we beýleki resurslary köpçülikleýin iberýändigi habar berildi.
2-nji noýabrda giçlik Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň Zaporižýa ýadro desgasynyň golaýynda dokuz sany ukrain pilotsyz uçaryny urup ýykandygyny öňe sürdi. Ukrainanyň bu desgasy, indi 21 aý bäri dowam edýän giň gerimli söweşiň ilkinji hepdelerinde Russiýa tarapyndan basylyp alnypdy.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy iň agyr söweş meýdanlaryndaky çaknyşyklar baradaky öňe sürmeleri garaşsyz tassykladyp bilmedi.
Şu hepde “The Economist” neşirinde çap edilen interwýusynda Ukrainanyň ýokary derejeli serkerdesi general Waleriý Zalužniý ukrain bilen basybalyjy rus goşunlarynyň arasyndaky söweşiň häzirki ýagdaýyny Birinji Jahan urşundaky çaknyşygy häsiýetlendirýän “petige” meňzetdi.
General bu petigi böwüsmek üçin uly tehnologiki böküşiň gerek boljakdygy aýdyp, bu ýerde beýle böwsüşiň boljaga meňzemeýändigi baradaky netijä gelipdi.
"Bu ýerdäki ýönekeý hakykat şunda, biz duşmanyň edýän ähli zadyny görýäris we olar biziň edýän ähli işimizi görýärler. Bu petigi ýeňip geçmek üçin bize täze bir zat gerek" diýip, ol aýtdy.
Bu aralykda Birleşen Ştatlaryň iki resmisi Baýden administrasiýasynyň 3-nji noýabrda Ukraina üçin 425 million dollarlyk harby kömek bukjasyny yglan etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
“Roýter” habar gullugy we resmileriň biri tarapyndan görlen resminama görä, Ukraina üçin meýilleşdirilýän kömek bukjasynda rus pilotsyz uçarlaryny urup ýykmak üçin niýetlenen we bahasy takmynan 300 million dollara barabar bolan lazer bilen dolandyrylýan ok-däri serişdeleri bar.
Mundan başga-da, ABŞ-nyň Maliýe departamenti Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň zerurlyklary üçin, üçünji ýurtlar arkaly, tehnologiýa we serişdeler bilen üpjün eden 130 gurama we şahsa garşy sanksiýalary girizdi. Gadagançylyga düşenleriň arasynda Türkiýäniň, Hytaýyň we Birleşen Arap Emirlikleriň dagy raýatlary bar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum