Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Krymdaky aňtaw operasiýasynda Russiýanyň gämilerine zeper ýetirendigini aýdýar


Ukrain güýçleri
Ukrain güýçleri

Ukrainanyň Goranmak ministrligi 10-njy noýabrda Russiýa tarapyndan okupirlenen Krym ýarymadasyna uran zarbasynda iki sany rus desant gämisine zeper ýetirendigini tassyklady.

“Hawa, bu maglumat dogry” diýip, aňtaw resmisi Andriý Ýusow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. Mundan öň, Ukrainanyň “Suspilne” we “Hromadske” neşirlerinde iki desant gämä zeper ýetendigi barada habar çykypdy.

Media maglumatlarynda zarbanyň Krymyň günbatar tarapyndaky Çornomorske sebitinde ýüze çykandygy, we onuň Russiýanyň ýokary tizliki iki desant gämisini nyşana alandygy bellenilýär.

Mundan öň, Russiýanyň Goranmak ministrligi okupirlenen Krymyň we Moskwanyň günortasyndaky Tule regionynyň üstünde Ukrainanyň üç dronuny “weýran edendigini” yglan edipdi.

Russiýanyň Belgorod regionynyň häkimi Wýaçeslaw Gladkow sebitiň üç etrabynyň Ukrainanyň serhedinden oka tutulandygyny aýtdy. Gladkow munuň netijesinde ýitgileriň we zeperiň ýüze çykmandygyny sözüne goşdy.

Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş gulluklary 10-njy noýabrda irden Russiýanyň ýurduň Dnipropetrowsk, Harkiw, Mykolaýiw, Poltawa we Kiýew regionlaryna hüjüm edendiklerini habar berdiler. Beýanatda Eýranda öndürilen bäş dronuň we bir ganatly raketanyň urlup düşürilendigi bellenilýär.

Adam ýitgileri ýa-da ýeten zyýan barada dessine maglumat elýeterli bolmady.

Günortadaky Herson regionynda soňky 24 sagadyň dowamynda Russiýanyň uran zarbalary netijesinde iki adam öldürildi we bäşisi hem ýaralandy diýip, regional häkim Oleksandr Prokudin 10-njy noýabrda aýtdy.

Uruş meýdany barada aýdylanda, Ukrainanyň güýçleri front çyzygynyň tutuş liniýasy boýunça 69 sany ýakyn aralyk çaknyşygyny geçirdiler diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriň Baş harby ştaby 10-njy noýabrda irden habar berdi. Ol Ukrainanyň güýçleriniň ýurduň günorta we günorta-gündogar sebitlerinde Russiýanyň onlarça “şowsuz” hüjümlerini yza tesdirendigini aýtdy.

9-njy noýabrda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýurtdaky harby ýagdaý düzgüniniň we umumy mobilizasiýanyň möhletini 90 gün uzaldýan kararlara gol goýdy. Şol gün, Russiýa Ukrainanyň raýat maksatly desgalaryna garşy iki sany raketany atdy.

8-nji noýabrda Werhownaýa Rada tarapyndan tassyklanan kararlara laýyklykda, harby düzgün we umumy mobilizasiýa ýagdaýy 2024-nji ýylyň 14-nji fewralyna çenli saklanyp galýar.

Ukrainada harby düzgün 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda, ýagny Russiýanyň doly gerimli basybalyjylykly uruş hereketlerine girişen gününde ornaşdyryldy.

Forum

XS
SM
MD
LG