Ukrain güýçleri günorta-gündogar frontda üstünlik gazanyp, birnäçe hepde bäri dowam edýän we Kiýewiň günbatarly goldawçylarynyň käbirini alada goýýan garşylykly hüjüm wagtynda kiçijik bir obany rus goşunlaryndan azat edendiklerini aýtdylar.
Donetsk sebitiniň gyrak-bujagyndaky Urožaýne obasynyň ele geçirilmegi Kiýewiň 27-nji iýuldan bäri yzyna alan ilkinji oturymly ýeri bolup, bu ýeňiş ukrain goşunlarynyň rus güýçleriniň goranyş berkitmelerini böwüsmekde çekýän kynçylyklarynyň kiçi-girim däldigini yşarat edýär.
Rus harby serkerdesiniň we harby blogçylaryň aýdýan zatlary rus güýçleriniň bu etrapdan 16-njy awgustda çykarylandygyny tassyklaýan ýaly görünse-de, ukrain resmileriniň aýdanlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.
Ukrainanyň gündogar serkerdeliginiň metbugat secretary, polkownik Serhiý Çerewatiy ukrain goşunynyň Urožaýneniň demirgazygynda, Liman we Kupýansk töwereginde "güýçli goranyş" gurandygyny aýtdy we rus goşunlarynyň güýçlerini gaýtadan jemlemäge mejbur bolandygyny öňe sürdi.
NATO tarapyndan tälim berlen we enjamlaşdyrylan brigadalar tarapyndan güýçlendirilen Kiýew iýun aýynda, 1000 kilometre golaý front liniýasynyň ugrundaky üç ýa-da dört ýere hüjüm edip, rus güýçlerine garşy köpden bäri garaşylýan garşylyklaýyn hüjümine başlady. Emma bu hüjüm synanyşygy, Russiýanyň örän giň minalanan ýerleri we berk goranyş berkitmeleri sebäpli, köpleriň garaşyşyndan has haýal boldy.
Ukrainanyň günbatarly tarapdarlary ukrain güýçleriniň 2022-nji ýylyň fewral aýyndaky çozuşdan soňky ilkinji hepdelerde Kiýewi goramakda ýa-da 2022-nji ýylyň aýagynda Harkowda we Hersonda gazanan üstünliklerini gaýtalap, rus goşunlaryna has çalt gaýtawul bermeklerine umyt baglapdylar.
Emma bu beýle bolmady we düýpli söweş üstünlikleri bolmasa, Ukraina ABŞ-nyň ýa-da beýleki günbatar ýaranlarynyň Russiýa bilen gepleşikleri açmak babatynda güýçlenýän basyşlary bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.
Russiýa Ukrainanyň bäşden bir bölegine golaý ýerine, şol sanda Kryma, Luhansk sebitiniň köp bölegine, Donetsk, Zaporižia we Herson sebitleriniň uly böleklerine gözegçilik edýär.
Prezident Wolodymyr Zelenski 16-njy awgustda harby serkerdeler bilen bolan duşuşygynda Ukrainanyň bu konfliktde iki tarap üçin hem möhüm bolan howa dronlarynyň önümçiligini güýçlendirýändigini aýtdy.
Şeýle-de, ol Kiýewiň günbatar goldawçylarynyň bu enjamlar bilen üpjün etmek tagallalaryny güýçlendirmelidigini aýtdy.
"Pilotsyz uçlar" front liniýalaryndaky “gözler" we gorag... Pilotsyz uçarlar kepillik, dronlar ulanylan ýagdaýynda adamlar öz janlaryny töwekgellige salman hem bilýär" diýip, prezident aýtdy.
"Her söweş brigadasynda söweşijiler ilki bilen pilotsyz uçarlar, elektron söweş enjamlary we harby howa goragy barada soraýarlar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň 17-nji awgustda beren maglumatyna görä, rus güýçleri Donetsk şäheriniň golaýynda Ukrainanyň dört sany “Stryker” sowutly awtoulagyny weýran etdi.
Russiýa ABŞ-nyň üpjün edýän ulaglaryna zarba urandygyny ilkinji gezek öňe sürdi.
Forum