Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain harbylary: Dnepr derýasynyň gündogar kenarynda “birnäçe plasdarm” esaslandyryldy


Ukrain harbylary Hersonyň golaýyndaky Dnepr derýasynda. Oktýabr
Ukrain harbylary Hersonyň golaýyndaky Dnepr derýasynda. Oktýabr

Ukrainanyň harbylary günortada Russiýanyň okupirlän Herson regionynda geçirilen “şowly operasiýalaryň birnäçesinden” soň, Dnepr derýasynyň gündogar kenary boýunça “birnäçe plasdarmy” esaslandyrandygyny aýdýar.

Ukrainanyň harby-deňiz güýçleriniň 17-nji noýabrda Facebook sahypasynda ýerleşdiren maglumatyna görä, operasiýalar Dnepriň gündogar kenarlarynda dowam etdirilýär, şeýle-de Russiýanyň güýçleri “adam we serişde” babatynda köp ýitgileri çekdiler.

Şu hepdäniň başynda Russiýanyň Herson regionyndaky resmileri, şeýle-de döwletiň eýeçiligindäki rus habar serişdeleri Ukrainanyň güýçleriniň derýany geçendigini boýun aldylar.

Russiýanyň TASS we Ria Nowosti habar gulluklary, Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanyp, Dnepryň kenarlarynda barýan agyr çaknyşyklaryň arasynda, rus serkerdeleriniň şahsy düzüme “täzeden toparlanmak” barada buýruk berendigini ýazdylar.

Emma bu habarlaryň 13-nji noýabrda çap edilmeginden birnäçe minut soňra, hiç hili düşündiriş berilmezden, olar öçürildi. Russiýanyň Goranmak ministrligi bu maglumatlary “öjükdirme” diýip häsiýetlendirdi.

15-nji noýabrda Hersondaky rus resmileri Ukrainanyň güýçleriniň Dnepryň gündogar kenaryna ýerleşendigini ilkinji gezek boýun alypdylar. Maglumatda ukrain güýçleriniň Krynky obasyna barýan demir-ýol köprüsiniň golaýynda jemlenendigi hem takyklaşdyryldy.

Hersonyň regional paýtagty geçen ýyl Ukrainanyň goragçylary tarapyndan azat edilipdi.

Dnepr derýasyna Ukrainanyň ençeme aý bäri alyp barýan garşylyklaýyn hüjüm tagallalarynyň çäginde, Russiýanyň gözegçiligindäki ýurduň günorta sebitlerini azat etmek boýunça ykjam gala hökmünde garalýardy.

Ukrainanyň iýunda ýurduň günorta-gündogar we gündogar sebitlerinde başladan garşylyklaýyn hüjüm çäreleri häzirki güne çenli garaşylan netijeleri bermedi. Bu ýagdaý Ukrainanyň käbir Günbatar ýaranlarynda aladalaryň döremegine sebäp boldy.

Ukrainanyň güýçleriniň derýanyň üsti bilen esgerleri we agyr harby serişdeleri geçirendigi, şeýle-de plasdarmlary oranaşdyrandygy baradaky habarlar, Kiýewiň günortadaky front boýunça böwüsmä we Krym ýarymadasynyň ugry boýunça hüjüm liniýasynyň açylmagyna taýýarlyk görýän bolmagy baradaky çaklamalary artdyrdy.

Ukrainanyň Gara deňizdäki Krym ýarymadasy 2014-nji ýyldan bäri Russiýa tarapyndan kontrol edilýär. Moskwa bu sebiti bikanun anneksiýa edipdi.

Ukrainanyň prezidentiniň edarasynyň başlygy Andriý Ýermagyň şu hepdäniň başynda beren maglumatyna görä, ukrain güýçleri Kryma uzaýan aralygyň 70%-ni geçipdirler we Kiýew ýarymadany “harbysyzlandyrmagy” göz öňünde tutýar.

Forum

XS
SM
MD
LG