Russiýada oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny “Yamalo-Nenets” awtonom okrugyndaky koloniýada aradan çykdy diýip, Jezalaryň berjaý edilişi boýunça federal gullugyň beýanatynda aýdylýar. Ol bu ýerde türme tussaglygyny geçirýärdi.
16-njy fewralda çap edilen beýanat garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.
"2024-nji ýylyň 16-njy fewralynda, 3-nji belgili jeza beriş koloniýasynda bendi Alekseý Nawalny gezelençden soň, özüni nähoş duýdy we tas dessine huşuny ýitirdi. Koloniýadaky saglyk personally dessine geldi we Tiz kömek gullugy çagyryldy" diýip, beýanatda aýdylýar, muny garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bolmaýar.
"Ähli zerur reanimasiýa çäreleri görüldi, olar oňaýly netije bermedi. Tiz kömek ulagynda gelen lukmanlar bendiniň ölümini tassykladylar. Ölümiň sebäpleri anyklanýar" diýip, beýanatda bellenilýär.
Russiýanyň döwlet gözegçiligindäki habar beriş serişdeleri hem 47 ýaşly Nawalnynyň ölendigini habar berdiler.
Döwletiň eýeçiligindäki TASS habar gullugynyň, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, prezident Wladimir Putine Nawalnynyň ölümi baradaky habar ýetirilipdir. Emma ölümiň mümkin sebäpleri barada resmi maglumat berilmedi.
Nawalnynyň topary onuň ölümini tassyklap entek çykyş etmedi.
Nawalnynyň metbugat wekili Kyra Ýarmyş X sosial torunda "bizde muňa tassyklama ýok" diýip, ýazgy galdyrdy.
Ol Nawalnynyň aklawçylarynyň türmä ugrandygyny hem sözüne goşdy.
Geçen aý Nawalnynyň, syýasy matlap bilen toslanandygyna ynanylýan aýyplamalar bilen türmä basylanyna üç ýyl bolupdy. Ol 2020-nji ýylda Nowiçok agenti bilen zäherlenenden soňra, tas ölüpdi. Nawalny muny Putiniň bähbitleri üçin, Russiýanyň howpsuzlyk agentleriniň amal edendigini aýdypdy.
Nawalny daşary ýurtda bejergi alan döwri, şertli ýagdaýdaky tussaglyk höküminiň şertlerini bozmakda aýyplanyp, 2.5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
2022-nji ýylyň martynda ol kezzaplykda aýyplanyp, ýene dokuz ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Nawalny we onuň goldawçylary bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdyp, olary gaýta-gaýta ret etdiler.
Munuň yzy bilen, Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondy we onuň regional edaralary "ekstremistiki" gurama hökmünde ykrar edildi we olaryň işi gadan edildi. Munuň netijesinde, Nawalna garşy ýene ekstremizm aýyplamalary ýöňkeldi.
Şol ýylyň awgustynda, Nawalnynyň türme möhleti 19 ýyla çenli uzaldyldy we ol has berk düzgünli koloniýa ugradyldy.
Geçen aý Nawalny "Polýar börüsi" hem diýlip tanalýan, Russiýanyň Arktik sebitindäki "ýörite režimli" türmesine ýollanypdy.
Forum