10-njy fewrala we ondan ozalky wagta degişli sputnik suratlary Russiýanyň köp sanly harby tehnikany, şol sanda, habar berilmegine görä, ballistik-raketa ulgamlaryny toplaýandygyny görkezýär. Bu çäreleriň bir bölegi Belarusda, ýurduň Ukraina bilen serhediniň golaýynda geçirilýär.
Täze suratlar Russiýanyň Ukrainanyň töwereginde harby tehnikalary ýygnaýandygyny görkezýär
17
1-nji fewralda sputnik arkaly düşürilen suratda Krymyň Nowoozernoýedäki harby bazada toplanan ulaglary görse bolýar.
18
1-nji fewralda Krymyň Ýewpatoriýa sebitindäki harby çadyrlar we sowutly ulaglar.
19
Sputnigiň köne suratynda 19-njy ýanwarda Russiýanyň Ýelnýa şäherinde gar bilen örtülen rus harby ulaglaryny görse bolýar. Ýelnýa Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Smolensk sebitinde, Belarus bilen serhetden 120 km we Ukrainadan 260 km uzaklykda ýerleşýär.
20
19-njy ýanwarda Klimowoda sowutly ulaglar we ýük ulaglary. "Klimowa" harby ammary Ukraina serhedinden bary-ýogy 35 km uzaklykda ýerleşýär.