10-njy fewrala we ondan ozalky wagta degişli sputnik suratlary Russiýanyň köp sanly harby tehnikany, şol sanda, habar berilmegine görä, ballistik-raketa ulgamlaryny toplaýandygyny görkezýär. Bu çäreleriň bir bölegi Belarusda, ýurduň Ukraina bilen serhediniň golaýynda geçirilýär.
Täze suratlar Russiýanyň Ukrainanyň töwereginde harby tehnikalary ýygnaýandygyny görkezýär
1
10-njy fewralda Krymyň Simferopol şäheriniň demirgazygyndaky Oktýabrskoýe aerodromda täze enjamlaryň we goşunyň ýerleşdirilýändigini görse bolýar.
2
9-njy fewralda Krymyň demirgazyk-günbatar kenaryndaky Slawne şäherinde sowutly ulaglaryň ýerleşdirilmegi bilen bagly täze hereketler görünýär.
3
9-njy fewralda Krymyň Nowoozernoý şäherinde hem enjamlary we täze harby toplanmalary görse bolýar.
4
10-njy fewralda Belarusyň Homel şäheriniň golaýyndaky Zýabrowka howa meýdanynda goşunlaryň, ulaglaryň we dikuçarlaryň ýerleşdirilmegi bilen bagly täze ýagdaýlar kesgitlendi. Bu howa meýdany Belarusyň Ukraina bilen serhedinden 25 km uzaklykda ýerleşýär.